"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Saglyk — baş baýlyk

Ynsan saglygy barada alada etmek, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde ýetilen sepgitler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ulgamda durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleriniň netijesinde hil babatda halkara kadalaryna laýyk gelýän ösüşleriň ak ýoluna düşen milli saglygy goraýyş ulgamynyň berk binýady döredildi. Bu bolsa halkymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmaga, dürli keselleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeler, ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary döredildi. Öňdebaryjy tejribeleri, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, bu ulgamlar dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän iri merkezine öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp gitmek sport bilen utgaşykly ýola goýlandyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkyň saglygyny gowulandyrmak babatda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk öýleriniň ylmyň soňky gazanan täze serişdeleri bilen enjamlaşdyrylyp gurulmagy we ulanylmaga berilmegi türkmen halkynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Saglyk serpaýy

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Indi ýylyň-ýylyna Diýarymyzyň ähli sebitlerinde iň kämil, ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk, saglygy dikeldiş merkezleri, saglyk öýleri bina edilip, olarda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da saglygy goraýyş ulgamynda uly işler durmuşa geçirilip, ýokary netijeler gazanyldy. Diňe şu ýylyň dowamynda öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan saglyk maksatly döwrebap desgalaryň birnäçesiniň, şol sanda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Saglygy goraýyş müdirliginiň we onuň düzüminde 350 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň, saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasyň ulanmaga berilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilýär. Ýurdumyza dürli ýyllarda berlen güwänamalaryň birnäçesi hem muny doly tassyklaýar. Golaýda saglygy goraýyş ulgamyna täze güwänamalaryň be

Buýsançly kalplaryň ganaty

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlas-aladasyndan, çuňňur paýhasyndan kemala gelen Arkadag şäheri geçmişi yzarlaýan, geljegi nazarlaýan milliligiň kämil nusgasynda gurlandyr. Täze şäheriň çäginde peýda bolan desgalaryň hatarynda Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy we Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy baradaky hoş habar ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda zähmet çekýän lukmanlary we ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlaryny hem-de talyp ýaşlaryny tüýs ýürekden begendirdi.

Sagdyn iýmitleniň, sapaly ýaşaň!

Pasyllaryň aýratynlyklaryna görä kadaly iýmitlenmek saglygyňy gorap saklamaklygyň esasy şertleriniň biridir. Gyş paslynda sowuk endamy gyzdyrmak üçin köp kuwwatyň, energiýanyň sarp edilmegi netijesinde, şeýle-de, ulanylýan gök önümlerde we miwelerde mikroelementleriň, witaminleriň ýeterlik derejede bolmazlygy bedeni tapdan düşürip, immun, nerw ulgamlaryny, beýni dokumalaryny gowşadyp bilýär. Bu bolsa adamyň üsgürmegine, burnunyň dykylmagyna, ýygy-ýygydan sowuklamagyna getirýär. Bu döwürde allergiýanyň ýüze çykmak, ötüşen keselleriň gozgamak mümkinçiligi hem artýar. Gyşda adamlar ýokumly tagamlary kabul etmäge has köp isleg bildirýärler. Ýokumly tagamlara bolsa et we et önümleri, balyk, däneliler, çörek, mesge we bu önümlerden taýýarlanan dürli milli tagamlarymyz, ýagny noýbaly unaş, mäşli palaw we beýlekiler degişlidir. Sarymsagyň we burçuň bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän biologiki işjeň maddalara baýdygy sebäpli, gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmegi gyş paslynda saglygyňy gorap saklamagyň esasy usullarynyň biri hökmünde görkezmek bolar.

Sag başym – soltan başym

Sagdynlyk hakdaky pähimler

Žan-Žak Russo.

Adaty beýi

Adaty beýi agajy melleklerde, ýöriteleşen hojalyklarda, daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ösümligiň ýapraklary, gülleri, miweleri we tohumy çig mal bolup hyzmat edýär. Ýapraklaryny we güllerini ösümlik gülleýän döwründe (maý aýynda), miwelerini we tohumlaryny doly ýetişende (sentýabr aýynda) ýygnamaly. Olary açyk howada guratmaly. Bu ösümligiň dermanlyk häsiýetleri Abu Ali ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly nusgawy işinde-de beýan edilýär. Akyldar ony uçukda, beze kesellerinde, ýanyklarda, üsgülewikde peýdalanmagy maslahat berýär. Muhammet Gaýmaz Türkmen «Pygamber tebipçiligi» atly nusgawy eserinde hem beýiniň dermanlyk häsiýetlerini giňişleýin beýan edýär.

Gyş pasly: sagdyn bolmagyň kadalary

● Bedeniňiziň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen itburun, çopantelpek, buýan köki, käkilik oty, keýik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. ● Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Ir säher bilen we agşamara arassa howada gezelenç etmeli.

Saglyk — baş baýlyk

Milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda bu möhüm ulgamyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Giň gerimli işleriň çäklerinde keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek babatda öňdebaryjy tejribeler giňden ulanylyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, elýeterliligi we hili yzygiderli ýokarlandyrylýar. Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasy esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, ylmy-kliniki merkezler, saglyk öýleri gurulýar. Aziýanyň we Ýewropanyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça-da giň gerimli işler du

Gyzyl burç

Gyzyl burçuň watany Günorta Amerika hasaplanylýar. Peru döwletiniň çägindäki gadymy harabalyklarda 6 müň ýyl mundan öňki gyzyl burçuň tohumlary tapylypdyr. Onuň Ýewropadyr beýleki yklymlara ýaýramagy Hristofor Kolumbyň syýahatlary bilen baglanyşykly. Gyzyl burçuň çili, paprika ýaly görnüşleri bar. «Çili» sözi astek dilinde «gyzyl» diýmegi aňladýar. Ir döwürlerde indeý halklary gyzyl burçy agyry aýryjy, göreji ýiteldiji dermanlyk serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Gyzyl burçuň peýdasy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda giňden bellenilip geçilýär. Unaşa gyzyl burç atyp içmek halkymyza ir wagtlardan bäri mahsusdyr. Onuň üsgülewükde, gyzgyny düşürmekde, işdäni açmakda täsiri diýseň uludyr. Şonuň üçinem köp halklarda hojalykda hemişe gyzyl burçuň bolmagy öýde sowuklamanyň dermanyny saklamak ýaly adaty ýagdaý hasaplanypdyr.

Möwsümleýin döreýän kesellerden goranyň!

Mukaddes Diýarymyza  her pasyl aýratyn ajaýyplyklary bilen gelýär. Gyş paslynyň tämiz howasy hem kalplara ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Bu pasylda her bir öýe egsilmez şatlyk getirýän Täze ýyl baýramçylygy bellenilýän günlerde gezelenje çykmak hemmelere hoş ýakýar. Ýöne gyş paslynda möwsümleýin keselleriň ýokuşmak ähtimallygyndan ugur alyp, ildeşlerimize lukman maslahatlarymyzy ýetirýäris. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.

Saglygyň baş şerti

Hereketsiz, oturymly ýaşaýyş düzgüni we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Onda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoporozyna, ýürek-damar, kelle-beýni keselleriniň, süýjüli diabetiň we howply, täze döremeleriň käbir görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Sagdyn iýmitlenmegiň hem öz düzgünleri bar. Esasy düzgünleriň biri-de kabul edilýän iýmitiň dürli görnüşli bolmagydyr. Sagdyn iýmit boýunça her bir adam ýönekeýje düzgünleri berjaý etmäge çalyşmalydyr. Iýeniňizde howlukman, gowy çeýnäp, işdä bilen iýmek, dürli-dürli iýmitler bilen iýmitlenmek saglyk üçin peýdalydyr. Şeýle hem aşa ýagly iýmitlerden gaça durmaly, ýagsyz eti, balygy, towugy gaýnadyp ýa-da buglap iýmeli, ýumurtgany hem aşa köp iýmeli däldir. Nahar iýlenden soň, arassa howada, ylaýta-da, agşamlyk gezelenç etmeli. Çaýy bolsa nahardan ýarym sagat geçenden soň içmeli. Krahmala baý bolan iýmitler, ösümlik we mal ýaglary hem bedene kuwwat berýär. Bedeniň ösmegi we kemala gelmegi üçin möhüm iýmitler beloga baý bolýar. Witaminlere baý bolan iýmitlere bagyr, balyk we ýumurtga degişlidir. Bu agzalan iýmitlerde bedeniň dogry ösmegi üçin kalsiý, demir, ýod, mis ýaly minerallar hem bar. Eger-de witaminler we mi

Güneşe baý topragyň dermanlyk ösümlikleri

Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek köptaraplaýyn häsiýete eýedir. Dynç alyş-şypahana ulgamyny kämilleşdirmek, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygyň, ruhubelentligiň çeşmesi bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň özenini düzýär Ata-babalarymyzdan dermanlyk ösümlikler bilen kesel bejermegiň köpasyrlyk tejribesi bize gelip ýetipdir. «Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Türkmen tebigaty bolsa dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Ülkämizde peýdaly ösümlikler, diýseň, kändir. Başga ýerler bilen deňeşdirilende türkmen tebigatynda hiç zat bilen çalşyp bolmajak köp sanly dermanlyk ösümlikler ösýär» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda güneşe baý sahawatly topragymyzda bitýän ösümlikleriň ynsan saglygyna edýän dermanlyk we bejerijilik häsiýetleri, aýratynlyklary hem-de olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleýin maglumat berilmek bilen, ol fitoterapiýany ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk tejribesiniň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan ylmy-ensiklopedik eser dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde näderejede gymmatlydygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Eser lukmançylygyň dürli ugurla

Saglyk — baş baýlyk

•Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. •Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Hünäri — halkara derejesinde

Galkynyşly döwrümizde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ozal görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler gazanyldy. Bu ulgamda ýetilen beýik sepgitlerde welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ýaş lukmanlarynyň hem mynasyp goşandy bar. Welaýat köpugurly hassahanasynyň trawmatologiýa-ortopediýa bölüminiň müdiri Ahmet Döwletow hem şeýle ýaşlaryň biri. Ol özüne ynanylan wezipäni birkemsiz ýerine ýetirmek, bölüme guramaçylykly ýolbaşçylyk etmek bilen çäklenmän, yzygiderli iş tejribesini baýlaşdyrmagyň hem aladasynda. Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärdeşleriniň birnäçesi bilen bilelikde daşary döwletlerde geçirilen tejribelik okuwlaryna hem gatnaşdy. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl welaýatymyzyň saglygy goraýyş işgärleri Gruziýada we Russiýanyň Tatarystan Respublikasynda, Germaniýanyň Meppen şäheriniň Ludmilştift, Mýunhen şäheriniň Augenklinik Herzog Carl Teodor klinikalarynda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.

Lukman maslahat berýär

Gyş paslynyň dowamynda howanyň sowamagy, ýagyn-ýagmyrlylygy, çyglylygy we üýtgemegi möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleri dörediji wiruslaryň köpelmegine şert döredýär. Şunda sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň görkezýän göreldesi, olaryň öz çagalaryna keselleriň öňüni almaga hemaýatly maslahatlary, şol sanda şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini dogry we doly berjaý etmekligini gazanmak uly ähmiýete eýe bolup durýar. Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseli — bu dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keseli bolup, wirusly gelip çykyşlydyr we beden synalaryny düýpli gowşadýar, immuniteti pese düşürýär. Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselinde öz-özüňi bejermeklige ýol bermeli däldir. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner. Derman serişdelerini özbaşdak, esasan-da, antibakterial derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman kabul etmeli däl, sebäbi kesel dörediji wiruslara antibakterial serişdeler täsir etmeýär, olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň peselmegine getirer.

Keremli topragyň melhemi

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatdaky bitirilýän beýik işler ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda tutuş Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap anyklaýyş we sagaldyş merkezleri, halkara ölçeglere laýyk gelýän hassahanalardyr şypahanalar, ýerli çig mallardan derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri öndürýän kärhanalar gurulýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şu ýyl ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Elbetde, munuň özi mähriban halkymyzyň saglygy babatdaky baş aladadan gözbaş alýar. Ynha, şu ýyl hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda, ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip Gahryman Arkadagymyz özüniň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XV tomuny halkymyza sowgat etdi. Bu bolsa biz — lukmanlaryň başyny göge ýetirdi, bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Kitapda dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada doly we düýpli maglumatl

Milli lukmançylyk ulgamy kämilligiň ýolunda

Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän güneşli Diýarymyzda halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak, döwrebap bejermek, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny dünýä derejesine ýetirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda, ýagny 14-15-nji dekabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralyp, XI Türkmen-german lukmançylyk forumy geçirildi. Şeýle forumy geçirmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibine laýyklykda indi birnäçe ýyllaryň dowamynda asylly däbe öwrüldi.

Ýiti respirator keselinden goranmagyň usullary

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerinden goranmak we olaryň öňüni almak üçin her bir adam özüni pasla görä taýýarlamaly. Ýiti respirator keselleri näsag adamdan sagdyn adama asgyranda, üsgürende, gürleşende howa damja ýollary bilen geçýär. Eger-de adamyň keselden goraýjylyk immun ulgamy ýokary bolsa, bedeniň özi wirusa garşy göreşip bilýär. Ol ulgam gowşak bolanda wirus ýokuşan gününden başlap, birnäçe wagt geçenden soňra, keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlaýar. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi, burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kähalatlarda keseli özbaşdak bejermek bilen meşgullanyp, dürli antibakterial dermanlary içmek keseliň beterleşmegine, bedeniň immun ulgamynyň peselmegine, witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirýär. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykandan lukman bilen maslahatlaşyp, wirusa garşy derman serişdelerini içmeli. Bu bolsa bedene ikinji bakteriýalaryň ýokuşmazlygynyň, ýagny gaýraüzülmeleriň öňüni almaga kömek edýär. Wirusyň zyýanly täsirini aýyrmak üçin bedeni derlediji derman otlaryndan hem-de dürli miwelerden taýýarlanan melhemleri, şireleri içmek maslahat berilýär. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin witamin В, D toparyna we C witamine baý bolan iýmitleri iýmeli. Gyş aýlary Gün