Gyzyl burç

21 Dekabr 2023
706

Gyzyl burçuň watany Günorta Amerika hasaplanylýar. Peru döwletiniň çägindäki gadymy harabalyklarda 6 müň ýyl mundan öňki gyzyl burçuň tohumlary tapylypdyr. Onuň Ýewropadyr beýleki yklymlara ýaýramagy Hristofor Kolumbyň syýahatlary bilen baglanyşykly. Gyzyl burçuň çili, paprika ýaly görnüşleri bar. «Çili» sözi astek dilinde «gyzyl» diýmegi aňladýar. Ir döwürlerde indeý halklary gyzyl burçy agyry aýryjy, göreji ýiteldiji dermanlyk serişde hökmünde peýdalanypdyrlar.

Gyzyl burçuň peýdasy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda giňden bellenilip geçilýär. Unaşa gyzyl burç atyp içmek halkymyza ir wagtlardan bäri mahsusdyr. Onuň üsgülewükde, gyzgyny düşürmekde, işdäni açmakda täsiri diýseň uludyr. Şonuň üçinem köp halklarda hojalykda hemişe gyzyl burçuň bolmagy öýde sowuklamanyň dermanyny saklamak ýaly adaty ýagdaý hasaplanypdyr.

Mahym MÄTGYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň başlygy.