Möwsümleýin döreýän kesellerden goranyň!

21 Dekabr 2023
557

Mukaddes Diýarymyza  her pasyl aýratyn ajaýyplyklary bilen gelýär. Gyş paslynyň tämiz howasy hem kalplara ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Bu pasylda her bir öýe egsilmez şatlyk getirýän Täze ýyl baýramçylygy bellenilýän günlerde gezelenje çykmak hemmelere hoş ýakýar. Ýöne gyş paslynda möwsümleýin keselleriň ýokuşmak ähtimallygyndan ugur alyp, ildeşlerimize lukman maslahatlarymyzy ýetirýäris.

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.

Merjen BATYROWA,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany.