Keremli topragyň melhemi

20 Dekabr 2023
753

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatdaky bitirilýän beýik işler ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda tutuş Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap anyklaýyş we sagaldyş merkezleri, halkara ölçeglere laýyk gelýän hassahanalardyr şypahanalar, ýerli çig mallardan derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri öndürýän kärhanalar gurulýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şu ýyl ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Elbetde, munuň özi mähriban halkymyzyň saglygy babatdaky baş aladadan gözbaş alýar.

Ynha, şu ýyl hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda, ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip Gahryman Arkadagymyz özüniň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XV tomuny halkymyza sowgat etdi. Bu bolsa biz — lukmanlaryň başyny göge ýetirdi, bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Kitapda dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada doly we düýpli maglumatlar okyjylara ýetirilýär. Olaryň bitýän ýerleri, gurluşy, himiki düzümi, ýygnalyşy, saklanyşy, lukmançylyk tejribesinde ulanylyşy barada reňkli suratlar bilen giňişleýin berilýär. Bu bolsa ösümlikler bilen has-da ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär. Berkarar Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Oguljeren GURBANGELDIÝEWA,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri.