Sagdyn iýmitleniň, sapaly ýaşaň!

23 Dekabr 2023
651

Pasyllaryň aýratynlyklaryna görä kadaly iýmitlenmek saglygyňy gorap saklamaklygyň esasy şertleriniň biridir. Gyş paslynda sowuk endamy gyzdyrmak üçin köp kuwwatyň, energiýanyň sarp edilmegi netijesinde, şeýle-de, ulanylýan gök önümlerde we miwelerde mikroelementleriň, witaminleriň ýeterlik derejede bolmazlygy bedeni tapdan düşürip, immun, nerw ulgamlaryny, beýni dokumalaryny gowşadyp bilýär. Bu bolsa adamyň üsgürmegine, burnunyň dykylmagyna, ýygy-ýygydan sowuklamagyna getirýär. Bu döwürde allergiýanyň ýüze çykmak, ötüşen keselleriň gozgamak mümkinçiligi hem artýar.

Gyşda adamlar ýokumly tagamlary kabul etmäge has köp isleg bildirýärler. Ýokumly tagamlara bolsa et we et önümleri, balyk, däneliler, çörek, mesge we bu önümlerden taýýarlanan dürli milli tagamlarymyz, ýagny noýbaly unaş, mäşli palaw we beýlekiler degişlidir. Sarymsagyň we burçuň bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän biologiki işjeň maddalara baýdygy sebäpli, gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmegi gyş paslynda saglygyňy gorap saklamagyň esasy usullarynyň biri hökmünde görkezmek bolar.

Şirinjemal ÝOLLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mikrobiologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.