Saglyk — baş baýlyk

22 Dekabr 2023
832

Milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda bu möhüm ulgamyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Giň gerimli işleriň çäklerinde keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek babatda öňdebaryjy tejribeler giňden ulanylyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, elýeterliligi we hili yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasy esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, ylmy-kliniki merkezler, saglyk öýleri gurulýar. Aziýanyň we Ýewropanyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça-da giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda binýady goýlan döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir.

Jennet HAJYÝEWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri.