"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Mum heýkelleriniň muzeýi

1884-nji ýylda Londonyň Marilebon-roud etrabynda hanym Mariýa Týusso tarapyndan mum heýkelleriniň muzeýi açylyp, häzirki wagta çenli onuň dünýäniň köp ýurtlarynda 20-den gowrak şahamçasy işleýär. Bu bolsa, elbetde, muzeýiň halklar arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Mariýa Týussonyň ejesi mumdan şekil ýasamak bilen meşgullanýan Filip Kýortisiň öýünde işleýän eken. Ol Mariýanyň höwesini hem-de gyzyklanmasyny görüp, gyza halypalyk edýär. Zehinli gyzyň ýasan ilkinji mum şekili fransuz ýazyjysy we filosofy Wolteriň keşbi bolýar. Mum şekilleriniň ilkinji sergisi 1835-nji ýylda gurnalýar we uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýyllar geçdigisaýy hanym Týussonyň ýasan heýkelleriniň sany barha artyp, heýkeltaraşda döreden eserlerini muzeýde sergilemek pikiri döreýär. Bu muzeý soňy bilen Angliýanyň iň meşhur ýerleriniň birine öwrülýär. Maglumatlara görä, muzeýe ýylda 2,5 milliona golaý adam gelýär. Muzeý döräli bäri bolsa oňa 500 million adam syýahata gelipdir.

Watansöýüjiligiň, edermenligiň ebedilik nusgasy

Ondan bäri köp ýagynlar ýagdy, köp günler, aýlar, ýyllar geçdi. Wagtyň ýanynda gün, aý, ýyl näme? Ondan bäri är ömri geçdi. Ýagan ýagynlar zeminiň ýüzündäki köp yzlary ýuwup aýran hem bolsa, wagt öz özgertmelerini girizenem bolsa, döwürler üýtgäp, täze nesiller kemala gelenem bolsa, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň agyr synagly, örän köp adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren ýyllary hem-de şol uruşda gazanylan Ýeňiş güni diňe bir ýurduň, bir halkyň däl, eýsem, dünýä taryhynda, adamzat hakydasynda baky orun aldy. Ynha, indi biz 79 ýyl bäri dünýäniň ynsanperwer, parahatçylygy söýýän we onuň gadyryny bilýän, dost-doganlyga sarpa goýýan adamlary bilen birlikde 9-njy maýy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününi şol uruşda söweş meýdanynda wepat bolanlary hatyralamak, frontdan ýeňiş bilen dolanyp gelenleri, uruş ýyllarynda tylda tutanýerli zähmet çekip, ýeňşiň gazanylmagyna goşant goşanlary hem-de bu günki nesiller üçin edermenligiň, gahrymançylygyň, ýanbermezligiň nusgalyk göreldesine öwrülenleri hormatlamak bilen garşylaýarys.

Bi­ler bol­sa­ňyz!

Nyşanlar barada düşünje Soňky ýyllarda dünýäde tehnologik enjamlary, tehnikalary öndüriji öňdebaryjy kompaniýalaryň, şereketleriň sany barha köpeldi. Olaryň öndürýän önümleriniň ýerine ýetirýän hyzmatlary birmeňzeş bolsa-da, daşky görnüşleri, onda alamatlandyrylýan nyşanlar önümleriň, harytlaryň haýsy şerekete degişlidigini bilmäge ýardam edýär.

Eziz Watan — köňülleriň buýsanjy

Ata-baba ýörelgelerinden gözbaş alýan mukaddesligimiz uly söýginiň başlangyjy bolan Watan söýgüsidir. Bu keramatly söz her bir ynsanyň kalbyny ganatlandyrýar. Çünki Watany söýmekde, oňa bolan päk duýgyň bilen ýaşaýan ömrüň özünde soňlanmajak güýç-kuwwat bar. Bu barlyk ýüreklerimiziň şatlygy, ykballaryň manysy. Watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly goramak, onuň beýik ösüşine öz goşandyňy goşmak uly bagtdyr. Watan sözi mukaddes, şonuň ýaly-da, onuň manysy örän giň. Watan söýgüsi uly söýginiň başlangyjydyr. Aslynda, adamyň bütin ýaşaýşy Watan bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz Watan mukaddesligine bolan ygrarlylygy bize miras galdyrypdyrlar. Bu miras biziň her birimiz üçin mukaddesligiň beýik mekdebidir. «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz» diýen atalar sözi watansöýüjilik duýgusyna bolan çäksiz uly hormatyň subutnamasydyr. Watana bolan söýgi mukaddes ojagyňdan başlanýar. Bu ojakda saňa berlen ata-ene söýgüsi hem şu mukaddeslikler bilen utgaşýar. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda şeýle belleýär: «Halkymyz ýaş nesillerini toprak, ene, öý-ojak, saçak... ýaly mukaddeslikleri hakyndaky düşünjeler bilen kemala getirýär. Topraga, ene-ata, öý-ojagyna wepaly perzent Watanyna hem wepalydyr diýen ynam bilen ýaşaýar». Hut şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, öý-ojak, ata-ene söýgüsi, Watan mukaddesligi uly bitewüligi düzýär. Ynsan şu bit

Watançylygyň we borja wepalylygyň belent nusgasy

Merdana halkymyz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Urşuň ilkinji aýlarynda ýurdumyzyň harby wekilliklerine urşa meýletin gitmäge isleg bildiren adamlaryň 25 müňden gowragyndan arza gelip gowşupdyr. 1418 gün dowam eden Beýik Watançylyk urşunyň ýüreklere salan yzasyny çekmedik türkmen öýi, maşgalasy ýokdur. Arzyly Ýeňiş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde ildeşlerimiziň müňlerçesi wepat boldy. Olar öz belent milli ruhy, ýanbermez erki, mertligi we gaýduwsyzlygy bilen mähriban Watanymyzy goradylar, geljekki nesilleriň bagty üçin ölmez-ýitmezlige eýe boldular. Nesilleriň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna beýik hormaty hökmünde söweş meýdanlarynda şehit bolan ildeşlerimiziň ady «Hatyra» kitabyna, öz dogduk mekanyna sag-aman dolanyp gelenleriň ady bolsa «Şöhrat» kitabyna girizildi. Söweş meýdanlarynda görkezen mertligi üçin türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi Gahryman boldy. Olaryň ilkinjisi 1941-nji ýylyň noýabrynda Gahrymanlyk derejesi berlen Gurban Durdydyr. Annagylyç Ataýew, Aýdogdy Tahyrow, Berdimyrat Döwletjanow, Oraz Annaýew, Tagan Baýramdurdyýew, Pena Rejebow we beýlekiler gazaply söweşde gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler.

Ruhy hazyna

— Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. — Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr.

Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Adamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyzyň binýatlyk ýörelgelerinden ugur alyp, belentde parlaýan ýaşyl tugumyzyň saýasynda eziz Watanymyzy dünýäniň gülläp ösýän kuwwatly döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy we şeýle mukaddes işler depginini gowşatman dowam etdirilýär. Konstitusiýa döwletiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýanydyr, şeýle hem ol döwletiň tutuş hereket edýän kanunçylygynyň esasgoýujy binýadydyr. Konstitusiýa sözi «constitutio» diýen latyn sözünden emele gelip, «gurmaklyk, dikeltmeklik, döretmeklik» diýen manylary aňladýar. 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi şeýle hem şol ýylyň 18-nji maýynda milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadynyň pugtalandyrylmagy gazanyldy.

Asuda durmuşyň gadyry

Beýik Ýeňşiň gadyr-gymmaty halkymyz üçin belentdir hem beýikdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş — köpsanly halklaryň bilelikdäki ýeňşidir. Nägehan uruşda türkmen ýigitleri hem gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Watanyň asudalygy, il-günüň rahatlygy, ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy ugrunda göreşen gahrymanlar halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýarlar. Bu günki gün asuda asmany, parahat Zemini hemra edinen eziz Diýarymyzda olaryň mertebesi belent tutulýar, atlary taryh gatlaryna siňen gerçekler ebedileşdirilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 9-njy maýynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýramy uludan bellenip geçilýär. Aradan ençeme ýyllar geçse-de, Watan üçin göreşen gahrymanlar adamlaryň hakydasynda baky ýaşaýar. Watançylyk ruhuna ýugrulan uruş ýyllarynyň wakalaryny ýatlamak kyn. Şeýle-de bolsa, ony ýatlamak, ýaş nesilleriň kalbynda Watanyň gadyryny bilmek, Watan mukaddesligini sarpalamak ýaly ýagşy häsiýetleri kämilleşdirmek möhüm bolup durýar.

Keşdeçilik — milli sungat

Zenanlarymyz çagalarynyň milli lybaslaryny bezäp-bejerip geýdirmek bilen, dürli reňkli sapaklardan keşde nagyşlarynyň ençemesini döredipdirler. 1860-1861-nji ýyllarda türkmenleriň arasynda ýesirlikde bolan fransuz Genri de Glubef de Blokwil: «Türkmen zenanlarynyň eşikleriniň ählisinde gyzyl, sary we dok gyzyl reňkler eriş-argaç bolup geçýär» diýip belleýär. Tebigatyň gözel hem täsin zatlary zenanlaryň synçy nazaryndan sypmandyr. «Goçak», «tärim», «labyr», «alaja», «dagdan», «tegbent», «çigildem», «gülýaýdy», «erikgül», «almagül», «guşdyrnak», «aksuw», «tolkun» ýaly nagyşlar tebigatyň gözelliklerini, ýaşaýyş-durmuş pursatlaryny alamatlandyrypdyr. Bu nagyşlaryň her biri özünde türkmene mahsus häsiýetleri halkymyzyň durmuşyna, ruhy dünýäsine degişli maglumatlary jemleýär. Türkmen tahýasynda ene topragyň ýylysy, zenan kalbynyň mähiri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary bar. Zenanlaryň tahýalara ýerleşdiren keşde nagyşlarynyň aglabasyny Türkmenistanyň çäklerinde Jeýtun, Änew, Daşlydepe, Garadepe, Göksüýri ýaly ýadygärliklerde ýüze çykarylan, gadymy döwürlere degişli arheologiýa tapyndylarynda hem görmek bolýar. Bu bolsa türkmen tahýalarynyň we keşde nagyşlarynyň gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýüreklerde baky ýaşar gerçekler

Akdepe etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrap medeniýet merkezinde Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Ýüreklerde baky ýaşar gerçekler» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk  urşuna gatnaşan esgerleriň we tylda zähmet çekenleriň, söweşe gatnaşan esgerleriň ýan- ýoldaşlarynyň kynçylykly günlerde görkezen edermenligi hakynda täsirli gürrüň etdiler. Hormatly ýaşulular, eneler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli gahrymanlarymyzyň görelde mekdebi bolup durýandygyny belläp geçdiler. Baýramçylyk çäresi etrabyň medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.  Dabara gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ynsanperwerlik ýörelgesi

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň döredilen güni mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleriniň, işewür agzalarynyň, meýletinçileriniň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda guralan söhbetdeşlikde TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň hünärmeni Durdy Arazow, jemgyýetiň meýletinçileri, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Annabeg Aşyrowa, Maral Mollakowa, Daýanç Artykow dagy abraýly, ynsanperwer halkara guramanyň taryhy, onuň agzasy bolup durýan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň, şol sanda onuň welaýat bölüminiň alyp barýan işleri, oňa hyzmatdaşlaryň, meýletinçileriň goşýan goşantlary barada gürrüň berdiler. TGÝMJ-niň 1995-nji ýylda halkara derejesinde ykrar edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde 2012-nji ýylda Türkmenistanyň «Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti hakynda» Kanunynyň kabul edilmegi bilen bu guramanyň amala aşyrýan çäreleriniň gerimi has-da giňedi. Ynsanperwerlige, sahawata ýugrulan şeýle işleriň ýurdumyzda rowaçlanýan «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelge bilen sazlaşyp, haýyrly işlere badalga berýändigi guwanç bilen bellenildi.

Haly gurnaklarynyň bäsleşigi

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşigiň Şabat etrabynyň «Gaýrat» geňeşligindäki oba medeniýet öýünde etrap tapgyry geçirildi.

Ýürekli sütün

Ynsan ýaradylyş taýdan kämillige we gözellige teşne. Şonuň üçinem kämil, täsin zatlardyr göz gamaşdyryjy owadan şekilleriň bizde döredýän täsiri juda üýtgeşik. Köplenç, biz şeýle kämil hem gözel närseleri uzaklardan agtarýarys. Ýöne welin, bize täsinlik gözläp, uzaklara gidip oturmaga hajat ýok. Ýaradylanlaryň içinde iň kämil barlyk bolan ynsanyň, ýagny biziň öz içimizde hem haýran galarlyk täsinlikler iňňän köp. Şeýle bolsa, özüň bilen tanyşmaga taýýarmyň?!

Hormatly okyjylar!

Size 2024-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini ýatladýarys. «Türkmen dünýäsi» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylyp bilersiňiz.

Gahrymançylygyň belent nusgasy

Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada çykyş edenler Ýeňiş baýramynyň adamzadyň parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedigini buýsanç bilen bellediler. Uruş 1418 günläp dowam etdi. Aradan onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz hem-de gazaply urşuň ajy hasratlary dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda hem agyr ýatlamalary goýdy. Ýowuz urşuň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşan, şirin janyny gaýgyrman söweşen köpmilletli esgerleriň arasynda biziň watandaşlarymyz hem Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşdular. Olaryň görkezen edermenligi gahrymançylygyň belent nusgasyna öwrüldi. Gowgaly uruş ýyllarynda tylda galan ildeşlerimiz durmuşa, Watana çäksiz söýgi, ynam duýgulary bilen tutanýerli, gaýratly zähmet çekip, bol galla we pagta ýygnap, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyrdylar.

Usuly okuw maslahatlary geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen etraplardaky, Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçy düzüminiň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileriniň hem-de orta mekdepleriň ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okadýan mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Ýertitreme mahalynda we ýertitremeden soňra dessin hereket etmegi öwretmek» diýen mowzukda usuly okuw maslahatlary geçirildi. Maslahatlaryň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýertitreme wagtynda we ýertitremeden soň okuwçylara howpsuz hereket etmegi öwretmegiň zerurdygy barada giňişleýin düşündirildi. Şertli «Ýertitreme» hadysasy boýunça duýduryş berlenden soň mekdep okuwçylary ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde ýertitremede özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça alan bilimlerini amaly ýagdaýda ýerine ýetirdiler.

Ýaş zehinler öňe sary

Welaýatymyzdaky çagalar sungat mekdeplerinde hasabat konsertleri dowam edýär. Çärjew etrap çagalar sungat mekdebiniň ýaş zehinleri hem ýylyň jemleýji hasabat konserti bilen çykyş etdiler. Konserte ata-eneler bilen birlikde höwes bildiren tomaşaçylaryň köpçüligi hem çagyryldy. Hasabat konserti bilen çykyş eden ýaşlar sungat äleminde özleriniň mynasyp orunlaryny tapmak üçin höwesleriniň çäksizdigini, zehin taýdan mümkinçilikleriniň giňdigini görkezdiler. Hasabat konserti uly ýaşlylaryň hor toparynyň ýerine ýetiren «Şöhrat saňa, Türkmenistan!» aýdymy bilen başlandy. Tomaşaçylar Watana buýsanjyňy joşdurýan aýdymy we sazy ýakymly täsirlere berlip diňlediler.

Weteranlara sowgatlar gowşuryldy

Welaýat medeniýet merkezinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa uruş weteranlary, tyl zähmetkeşleri we olaryň perzentleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyplar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglaryna giň orun berildi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, şol gowgaly günleri başdan geçiren gerçeklerimiziň görkezen gahrymançylygy ýaş nesle nusgalyk mekdep hökmünde kalplarda ebedilik ýaşar. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň hoşniýetlilige, dostluga we parahatçylyksöýüjilige ýugrulan daşary syýasatynyň ähmiýetine we uruş weteranlary we tyl zähmetkeşleri üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklere aýratyn üns çekildi.

Ynsan goraglylygy ugrunda

Hojambaz etrabyndaky iri edara-kärhanalarda adatdan daşary ýagdaýlarda howpsuzlygy üpjün etmek, howply hadysalaryň öňüni almak boýunça okuw türgenleşigi geçirildi. Degişli düzümleriň hünärmenleri bilen bilelikde guralan bu okuw türgenleşiginiň dowamynda tebigy betbagtçylyklaryň hem-de tehnogen hadysalaryň zyýanly täsirlerini aradan aýyrmak, adatdan daşary ýagdaýlarda ilata özüňi alyp barmaklygyň we ilkinji lukmançylyk kömegini bermekligiň düzgünlerini öwretmek boýunça gözükdiriji çäreler guraldy. Milli jemgyýetiň welaýat bölüminiň işgärleri hem-de höwesjeň meýletinçileri tälim-türgenleşik meýdanynda özleriniň iş başarnyklaryny görkezmek bilen, ýurdumyzda ynsan saglygynyň goraglylygynyň has wajypdygyny äşgär etdiler.

Türkmenistan jemi içerki önümiň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda jemi içerki önümiň ilatyň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu barada «Global Finance» žurnaly tarapyndan taýýarlanylan sanawda mälim edilýär. Dünýäniň 190 döwletiniň maliýe-ykdysady ýagdaýyna esaslanyp düzülen sanawda bellenilişine görä, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ilatyň adam başyna düşýän mukdary 19,7 müň amerikan dollaryna deň bolup, ýurt bu ugurda Merkezi Aziýada ikinji orny eýeleýär. Birinji orundaky Gazagystanda bu görkeziji 34,5 müň amerikan dollaryna deň bolsa, JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary Özbegistanda 10,9 müň amerikan dollaryna, Gyrgyzystanda 6,8 müň amerikan dollaryna hem-de Täjigistanda 5,8 müň amerikan dollaryna barabardyr.