Eziz Watan — köňülleriň buýsanjy

7 Maý 2024
583

Ata-baba ýörelgelerinden gözbaş alýan mukaddesligimiz uly söýginiň başlangyjy bolan Watan söýgüsidir. Bu keramatly söz her bir ynsanyň kalbyny ganatlandyrýar. Çünki Watany söýmekde, oňa bolan päk duýgyň bilen ýaşaýan ömrüň özünde soňlanmajak güýç-kuwwat bar. Bu barlyk ýüreklerimiziň şatlygy, ykballaryň manysy. Watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly goramak, onuň beýik ösüşine öz goşandyňy goşmak uly bagtdyr. Watan sözi mukaddes, şonuň ýaly-da, onuň manysy örän giň. Watan söýgüsi uly söýginiň başlangyjydyr. Aslynda, adamyň bütin ýaşaýşy Watan bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz Watan mukaddesligine bolan ygrarlylygy bize miras galdyrypdyrlar. Bu miras biziň her birimiz üçin mukaddesligiň beýik mekdebidir. «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz» diýen atalar sözi watansöýüjilik duýgusyna bolan çäksiz uly hormatyň subutnamasydyr.

Watana bolan söýgi mukaddes ojagyňdan başlanýar. Bu ojakda saňa berlen ata-ene söýgüsi hem şu mukaddeslikler bilen utgaşýar. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda şeýle belleýär: «Halkymyz ýaş nesillerini toprak, ene, öý-ojak, saçak... ýaly mukaddeslikleri hakyndaky düşünjeler bilen kemala getirýär. Topraga, ene-ata, öý-ojagyna wepaly perzent Watanyna hem wepalydyr diýen ynam bilen ýaşaýar». Hut şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, öý-ojak, ata-ene söýgüsi, Watan mukaddesligi uly bitewüligi düzýär. Ynsan şu bitewülikler bilen ömrüne many gatýar. Watany söýmegiň gözbaşy ata-ene hormatyndan, olaryň mertebesini beýgeltmekden başlanýar. Çünki ene ojagyndan, ata öýünden kemally nesil Watan söýgüsine uýup ýaşaýar.

Agamyrat AKYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.