Ýaş zehinler öňe sary

7 Maý 2024
543

Welaýatymyzdaky çagalar sungat mekdeplerinde hasabat konsertleri dowam edýär. Çärjew etrap çagalar sungat mekdebiniň ýaş zehinleri hem ýylyň jemleýji hasabat konserti bilen çykyş etdiler. Konserte ata-eneler bilen birlikde höwes bildiren tomaşaçylaryň köpçüligi hem çagyryldy.

Hasabat konserti bilen çykyş eden ýaşlar sungat äleminde özleriniň mynasyp orunlaryny tapmak üçin höwesleriniň çäksizdigini, zehin taýdan mümkinçilikleriniň giňdigini görkezdiler. Hasabat konserti uly ýaşlylaryň hor toparynyň ýerine ýetiren «Şöhrat saňa, Türkmenistan!» aýdymy bilen başlandy. Tomaşaçylar Watana buýsanjyňy joşdurýan aýdymy we sazy ýakymly täsirlere berlip diňlediler.

Jennet BERDIMYRADOWA,
Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.