Gahrymançylygyň belent nusgasy

7 Maý 2024
306

Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Ýeňiş baýramynyň adamzadyň parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedigini buýsanç bilen bellediler. Uruş 1418 günläp dowam etdi. Aradan onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz hem-de gazaply urşuň ajy hasratlary dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda hem agyr ýatlamalary goýdy. Ýowuz urşuň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşan, şirin janyny gaýgyrman söweşen köpmilletli esgerleriň arasynda biziň watandaşlarymyz hem Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşdular. Olaryň görkezen edermenligi gahrymançylygyň belent nusgasyna öwrüldi. Gowgaly uruş ýyllarynda tylda galan ildeşlerimiz durmuşa, Watana çäksiz söýgi, ynam duýgulary bilen tutanýerli, gaýratly zähmet çekip, bol galla we pagta ýygnap, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyrdylar.

Oguljan NAWRUZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.