"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Belent hormatyň nyşany

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de hal­ky­myz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­hat, asu­da hem aba­dan dur­muş ha­kyn­da­ky ar­zuw­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çi­r­ýär. Ýur­du­my­zyň er­kin­li­gi, asu­da­ly­gy ug­run­da dö­şü­ni ge­rip sö­we­şen uruş we­te­ran­la­ry­nyň, ola­ryň ýan­ýol­daş­la­ry­nyň we tyl­da zäh­met çe­ken­le­riň sar­pa­sy­ he­mi­şe be­lent tutulýar. Ola­ryň tyl­da gör­ke­zen gah­ry­man­çy­ly­gy we eder­men­li­gi Ýe­ňiş ga­zan­maga uly goşant boldy. Hä­zirki wagtda olar Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň go­ra­gyn­da dur­ýan ýaş­lar üçin nus­ga hem-de ter­bi­ýe mek­de­bi bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­nyň we­te­ra­ny 101 ýa­şa­dy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Aş­ga­bat­da 90 ýaş­dan ge­çen 17 sa­ny ýa­şaý­jy bar. 1941 — 1945-nji ýyl­lar­da­ky Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­nyň we­te­ra­ny, Aş­ga­ba­dyň ýa­şaý­jy­sy Wa­len­ti­na Ýa­kow­lew­na Žer­de­wa şu ýyl 101 ýa­şy­ny dol­dur­ýar.

Türk­men film­le­ri hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­ly­nyň baý­rak­la­ry­na eýe bol­dy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 2024-nji ýy­lyň 2-3-nji ma­ýyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Iz­mir şä­he­rin­de «Tu­ran» at­ly hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di, dö­re­di­ji­lik çä­re­si­ni gu­raý­jy­lar hök­mün­de Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) we Tür­ki­ýä­niň Me­de­ni­ýet we Sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi çy­kyş et­di­ler.

Gözel tebigaty goralyň!

Tebigatda özüňi dogry alyp barmagyň düzgünlerini pugta berjaý etmek her bir adam üçin adaty endige öwrülmelidir. Howpsuzlyk kadalaryny ýerine ýetirmek ählimiziň borjumyzdyr. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şulary ýatladýar: Tokaýda, seýilgählerde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriji gürrüňdeşlikler geçirilmeli. Berkidilen çäklerde düzgünleri beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmalydyr. Ösüp gelýän baglaryň aralaryndaky guran haşal otlary arassalap, hatar hem zolak aralarynda sürüm işleri geçirilmelidir. Ýangyn howpsuzlyk zolagy döredilmelidir. Uly agaçlaryň şahalarynyň howa arkaly geçirilen elektrik geçirijiler bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpy döremez ýaly, olaryň şahalary kesilip aýrylmalydyr. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsse çykarýan abzallary uçgun söndüriş enjamy bilen üpjün edilip, tehniki ýagdaýynyň guratlygy hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.

Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir

Balkan welaýatynda akyldar şahyrymyza bagyşlanan ýaşlaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi Şu gün — 10-njy maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat üstünlikli geçirildi.

Beýik Ýeňiş — doganlyk halklaryň synmaz ruhy jebisligi

Ýeňiş baýramy biziň hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr. Çünki Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir. 8-nji maýda döwlet Baştutanymyz bu dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň «Wnukowo — 2» Halkara howa menzilinde resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Parahat durmuşyň goragçylary hatyralanyldy

Adamzadyň taryhyndaky iň ýowuz urşuň ýalynly ýyllarynyň uzak geçmişde galandygyna garamazdan, onuň pajygaly wakalaryny, ýüreklerde galdyran ýaralaryny ýatdan çykarmak mümkin däl. Şundan ugur alnyp, 9-njy maýda ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi.

Watan gülleýär, halk bagtyýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň agzybir hem-de merdana halkynyň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanan we kabul edilen Maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda giň möçberli syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri amala aşyrylýar. Ata Watanymyzyň her bir sebitinde, her bir şäherdir obasynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly taslamalar amala aşyrylýar.

Döwletliligiň mukaddes ýörelgeleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşamak bagtyna eýe boldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen Döwlet baýdagymyz bolsa bu ösüşleriň, özgerişlikleriň kanunçylyk esasy hem-de ýörelgeleýin binýady bolup durýar. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek üçin kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek işlerini wajyp meseleleriň hatarynda goýdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köp asyrlyk tejribesine esaslanýan halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerini özünde jemleýär. Konstitusiýa ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär.

Döwran içinde

Halkymyz Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzda şahyryň watançylyk, gahrymançylyk, agzybirlik taglymatlaryny, döredijiliginiň nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýetini giňden wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işler akyldar şahyrymyzyň watanperwerlige çagyrýan gymmatly eserlerini äleme ýaýmakda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratynyň Arşa göterilýändigine şaýat bolmak baky bagtyýarlykdan alamatdyr. Ösüşli döwürde berkarar Watanymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli özgertmeler watançylyk ruhumyzy belende göterip, tutanýerli zähmete, beýik işlere goşant goşmaga hyjuwymyzy artdyrýar.

Täsirli çäre

Şu günler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, güneşli ülkämiziň dürli künjeginde baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdepde hem «Ýaňlandyryp bu gün ýakyn-yragy, toýuna çagyrýar beýik Pyragy» diýen at bilen medeni çäre geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasynyň guramagynda geçirilen çärä mekdep mugallymlary, ýokary synplaryň okuwçylary, medeniýet işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, alymlar gatnaşdylar. Çärede mekdebiň mugallymlary Ogulnyýaz Rozyýewa, Rozygeldi Döwletow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, mirasgär Oral Temirow, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, alym Jorakul Rahmanow, kitaphana işgärleri Ogulgeldi Annageldiýewa, Lälegül Annamyradowa, Gülzar Garýagdyýewa, Aýjemal Sultanowa, Solmaz Razakowa we beýlekiler çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, ýaşan döwri, okan, gezen ýerleri, goşgularynyň ähmiýeti, häzirki döwürde şahyra goýulýan hormat barada gyzykly gürrüň etdiler. Mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli ajaýyp işleri, ýurdumyzyň rowaçlyklary belentden wasp edildi. Magtymguly atamyzyň goşgularynyň labyzly okalmagy, şahyryň sözlerine döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Taryhy mekan çeperçilik sungatynda

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de welaýatlardan gelen suratkeşleriň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen duşuşygyň ilkinji güni Idris baba medresesine zyýarat etmekden başlandy. Has dogrusy, duşuşygyň esasy maksady bu taryhy ýadygärligi suratkeşleriň eserlerinde janlardyrmakdan ybarat boldy.

Halypa weteran bilen duşuşyk

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli welaýat prokuraturasynyň işgärleri uruş weterany, prokuratura edaralarynyň düzüminde uzak ýyllaryň dowamynda halal hem tutanýerli zähmet çeken  Köşek Soltanmyradowy Ýeňiş güni bilen gutladylar. 100 ýaşly halypa weteran bilen duşuşyk halypa-şägirtlik mekdebiniň hakyky nusgasyna öwrüldi. Ata Watany şirin janyndan geçip goran, söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen edermen weteranyň geçen ýoly, milli kanunçylygyň talaplarynyň doly we dogry berjaý edilmegi, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygy babatda alyp baran işleri barada beren gürrüňleri onuň döwletli ojagyna myhman bolan adamlaryň her birinde ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň watançylyk duýgularyny berkitdi.

Baýramçylyga bagyşlandy

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada halypa mugallymlar Myrat Halbaýew, Resul Reýimbaýew, Gurbannepes Goşjanow dagy çykyş edip, Watan üçin öz janyny orta goýup söweşen merdana gerçeklerimiziň bu günki gün nesillerimiz tarapyndan sarpalanýandygy barada söhbet etdiler. Dabaranyň dowamynda söweş meýdanlaryndaky wakalary, parahat durmuşymyzy, pederlerimiziň edermenlik mekdebini giňden beýan edýän aýdymlar belentden ýaňlandy.

Ýol abat — il abat

Ýollarymyzyň asudalygyny we herekete gatnaşýanlaryň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen sürüjiler bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýäris. Olara, esasan hem, howanyň gyzýan şertlerinde ulaglaryň guratlygyna gözegçiligi güýçlendirmeklerini tabşyrýarys. Bölümçämiziň gözegçileri tarapyndan herekete gatnaşýan ulaglaryň ýangyn söndüriji we beýleki zerur serişdeler bilen üpjünçiligine, ulaglaryň tekerleriniň talabalaýyklygyna aýratyn gözegçilik edilýär. Şeýle-de etrabyň köçelerinde ýol belgileriniň we ýol yşyklarynyň ýerleşdirilişini, sürüjileriň olary berjaý etmeklerini gözegçilikde saklaýarys. Ilat arasynda ýygy-ýygydan bolup, ýokary tizlikli hereketiň döredip biläýjek ýaramaz täsirlerini düşündirmek boýunça hem yzygiderli iş alyp barýarys.

Ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda

Şu günler bilim edaralarynda bolup, mekdebi tamamlaýan uçurymlar bilen duşuşyklary guraýarys. «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen geçirilýän bu ähmiýetli çärelerde degişli gulluklaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berilýär. Edilýän çykyşlarda mekdebi tamamlaýan ýaşlara özlerini medeniýetli alyp barmaklary, jemgyýetçilik tertibini berk berjaý etmekleri ündelýär. Şeýle-de duşuşyklarda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşyna taýýarlyk işlerine hem aýratyn üns çekilýär. Ýaşlar özleri hakynda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edýärler.

Şanly ýyla bagyşlandy

Gökdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdepde bilim alýan ýaşlaryň arasynda «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» ady bilen duşuşyk geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Duşuşykdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Ol, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Beýik akyldaryň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şoňa görä-de, bu gün bagtyýar türkmen halky söýgüli şahyryň sarpasyny belentde tutup, berkarar döwletde onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan belläp geçýär.

Edebiýat agşamy geçirildi

Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli edebiýat agşamy geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçen edebiýat agşymyna ýaşlar, şol sanda ýaş kitaphana okyjylary işjeň gatnaşdylar. Edebiýat agşamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň hormatyna geçirilýän çäreleriň ähmiýeti, şahyryň edebi mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi, Pyragynyň şygyrlary labyzly okaldy, onuň goşgularyna düzülen aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär

Ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze, döw­re­bap önüm­çi­li­giň gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne gel­di. Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da­ky şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li bu ýe­re Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar.

«Fiorentina» yzly-yzyna 2-nji gezek finalda

UEFA Ýew­ro­pa Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­sy­nyň ýa­rym fi­na­ly­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ryn­da 11 gol der­we­zä gi­ri­zil­di. Çem­pi­on­ly­gyň fa­wo­rit­le­rin­den «As­ton Wil­la» öz meý­dan­ça­syn­da «Olim­pia­kos­dan» ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Grek to­pa­ry­nyň gol­la­ry­nyň 3-si­ni Aýub El-Kaa­bi (16, 29, 56 p), beý­le­ki go­lu­ny-da 67-nji mi­nut­da Haz­ze öz ady­na ýaz­dyr­dy. «As­ton Wil­la­dan» Wat­kins hem-de Dia­bi­niň gol­la­ry ýeň­şe ýet­me­di. Oý­nuň 83-nji mi­nu­tyn­da iň­lis klu­bu­nyň bra­zi­li­ýa­ly oýun­çy­sy Dug­las Lu­iz pe­nal­ti­ni dürs urup bil­me­di. Şeý­le-de, «Fio­ren­ti­na» çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Klub Brýug­ge­ni» 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy (Sot­til 5, Be­lot­ti 37, Nzo­la 90+1 — Wa­na­ken 17 p, Tia­go 63). Bel­gi­ýa­da oý­na­lan jo­gap du­şu­şy­gyn­da-da «Fio­ren­ti­na» «Klub Brýug­ge» bi­len 1–1 (Wanakan 20 — Beltran 85 p) deň­me-deň oý­nap, bas­syr 2-nji ge­zek Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da fi­na­la çyk­dy. Fi­nal du­şu­şy­gy 29-njy maý­da Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny­da oý­na­lar.