Şanly ýyla bagyşlandy

10 Maý 2024
720

Gökdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdepde bilim alýan ýaşlaryň arasynda «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» ady bilen duşuşyk geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady.

Duşuşykdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Ol, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Beýik akyldaryň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şoňa görä-de, bu gün bagtyýar türkmen halky söýgüli şahyryň sarpasyny belentde tutup, berkarar döwletde onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan belläp geçýär.

Guwanç ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.