Taryhy mekan çeperçilik sungatynda

10 Maý 2024
393

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de welaýatlardan gelen suratkeşleriň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen duşuşygyň ilkinji güni Idris baba medresesine zyýarat etmekden başlandy. Has dogrusy, duşuşygyň esasy maksady bu taryhy ýadygärligi suratkeşleriň eserlerinde janlardyrmakdan ybarat boldy.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.