«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyz ata-babalarymyzyň parahat, asuda hem abadan durmuş hakyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň erkinligi, asudalygy ugrunda döşüni gerip söweşen uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň sarpasy hemişe belent tutulýar. Olaryň tylda görkezen gahrymançylygy we edermenligi Ýeňiş gazanmaga uly goşant boldy. Häzirki wagtda olar Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň goragynda durýan ýaşlar üçin nusga hem-de terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.