"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ýaş­lar bi­len ýag­ty gel­je­ge ta­rap

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň her bir gü­ni uly üs­tün­lik­le­re, şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr, döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­si dil­le­ri­mi­ziň se­na­sy, kö­ňül­le­ri­mi­ziň owa­zy bo­lup, be­lent­den be­lent ýaň­lan­ýar.

Soňky jaň dabarasy

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 25-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­rin­de okuw ýy­ly­nyň ta­mam­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. Öz­bo­luş­ly dur­muş sep­gi­di­ni aň­lad­ýan bu baý­ram soň­ky ja­ňyň ka­kyl­ma­gy bi­len ýaş og­lan-gyz­la­ryň on müň­ler­çe­si­niň dur­mu­şyn­da ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra bes­len­di.

Hat­ly buk­ja­lar ha­bar ber­ýär

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Türkmenistan Watanymyzyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan ösüş­ler ra­ýat­la­ry­my­zyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Olar öz­le­ri­niň ýü­rek buý­sanç­la­ry­ny re­dak­si­ýa­my­za ýol­lan hat­la­ry ar­ka­ly bi­ziň bi­len paý­laş­ýar­lar. Elektron neşirimiziň şu günki sanynda sizi şol hat­la­r we olaryň mazmuny bilen ýakyndan tanyşdyrýarys.

Olim­pi­ýa ala­wy­ny ge­ti­ren gä­mi

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Pa­riž Olim­pia­da­sy­nyň ala­wy­ny Gre­si­ýa­dan Fran­si­ýa «Be­lem» at­ly gä­mi­de ge­tir­di­ler

Bagtyýar uçurymlara ak ýol arzuw edildi

2023—2024-nji okuw  ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli welaýatymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilen «Soňky jaň» dabaralary giň gerime eýe boldy. Mekdep bilen hoşlaşyp, durmuş ýoluna gadam basýan uçurymlaryň hakydalarynda ebedilik galjak dabaralar ýokary guramaçylykda geçirilip, uly ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk çäreleri welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasyndan badalga aldy. Bu ýerde uçurymlar Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, Döwlet baýdagymyza ter gül çemenlerini goýup, mukaddes ýaşyl Tugumyza tagzym etdiler. Gül goýmak dabarasy baýramçylyk ýörişine utgaşdy. Oňa uçurymlar bilen birlikde, ýaşuly  nesliň wekilleri, bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar.

Uçurym — 2024

Durmuş mekdebine ak ýol! (Welaýatymyzda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi)

Şu gün — Aşgabat şäheriniň güni

Aziýanyň merjeni gözel paýtagtymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dürli ugurly we köptaraply wakalarynyň ajaýyp pursatlaryna sazlaşan şanly sene — Aşgabat şäheriniň güni ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýar. «Soňky jan» dabarasy bilen utgaşykly bellenilýän bu taryhy gün halkymyzyň kalbynda döwletimize bolan buýsanjy has-da artdyrýar. 

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir. Sergini guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin iň gyzykly teklipleri hödürleýärler. Şolaryň hatarynda gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar bar. Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Hut şu ýörelge bu gezekki serginiň aýratynlygyny kesgitledi. Onuň işine türkmen hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir. Sergini guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin iň gyzykly teklipleri hödürleýärler. Şolaryň hatarynda gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar bar. Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Hut şu ýörelge bu gezekki serginiň aýratynlygyny kesgitledi. Onuň işine türkmen hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Ajaýyp sowgat

20-nji maýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdy.

Ösen işewürligiň we bagtyýar durmuşyň mekany

Düýn — 24-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi ýaýbaňlandyryldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Paýtagtymyzyň güni mynasybetli geçirilmegi däbe öwrülen giň gerimli gözden geçirilişe ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, hususy telekeçileriň, işewürleriň köp sanlysy gatnaşýar. Diýarymyzyň baş şäherinde gurluşyk we binagärlik, elektroenergetika, gaýtadan işleýän senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, sport, saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikleri görkezýän diwarlyklar Aşgabadyň ýaşamak we zähmet çekmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän ösen megapolise öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bizem sergä gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen tanyş bolduk.

Ýoluňyz ak bolsun!

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Hünär şäherjigi» atly wagyz-nesihat çäresi we döredijilik sergisi geçirildi. Oňa tejribeli mugallymlar, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki hünärleriň wekilleri, şeýle hem gutardyş synp okuwçylary gatnaşdy. Çäräniň dowamynda ussat mugallymlaryň çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda beýan edişi ýaly, hünäri dogry saýlap almak meselesiniň örän zerurdygyny aýtdylar. Her bir hünäriniň ýokary jogapkärçiligi talap edýändigini, hut şonuň üçin islendik käri saýlap alan her bir adamyň, yhlasly okap, höwesli we halal zähmet çekmelidigi tekrarlandy. Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişmekleri ündeldi.

Ynsanperwerlik — halkymyzyň mizemez ýörelgesi

21-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. Hormatly Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna baryp, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeş boldy. Hususan-da, hajy Arkadagymyz doganlyk Eýranda agyr betbagtçylygyň bolandygyny aýtdy. Şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan hem-de hut öz adyndan, türkmen halkynyň adyndan gynanç sözlerini beýan etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-eýran dost-doganlygynyň mizemez nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

Zenanlaryň jemgyýetçilik işjeňligi ýokarlanýar

Bilşimiz ýaly, golaýda paýtagtymyz Aşgabatda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahat geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda Arkadag şäherinde bu forumdan gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp geçirilen maslahat «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» diýlip atlandyryldy.

Türkmen ruhunyň synmaz sütüni

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Bu kitabyň ilkinji sany Gahryman Arkadagymyza iberildi. Täze kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu günler milli ykdysadyýetimiziň ähli toplumlary, olara degişli düzümler tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Dabaralaryň dowamyndaky çykyşlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň möhüm ähmiýeti nygtalýar.

Aşgabat — sungat eseri

Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Paýtagtyna bakyp, döwlete we onuň halkyna baha berilýär. Aşgabat — diňe gözelligi bilen ady äleme ýaýran şäher bolman, eýsem, özünde egsilmez ylhamy, çeper keşbi jemleýän täsin bir sazlaşyk, simfoniýa. Behişdi erem kimin owadan seýilgählerdäki asmana atygsaýan suw çüwdürimleri täsin tansy bilen ynsana rahatlyk, şähere bolsa gözellik eçilýär. Bu görnüşler sazlaşykly bitewülige öwrülip, deňsiz-taýsyz sungat eserini emele getirýär. Gijelerimizi bezeýän dürli öwüşginli yşyklar kalbymyza yşk paýlaýar. Baglarda saýraýan guşlaryň hoş owazlary, erkana ganat ýaýýan garlawaçlar, aýna ýaly ýollaryň ýakalarynyň, aýmançalarynyň çemenzarlygy kalplara mähir paýlaýar.

Döwrüň döwrebap şäheri

Asyl zandy halallyga ýugrulan halkymyz ozaldan özüniň sogaply ýörelgeleri bilen tanalyp gelipdir. Türkmeniň guran beýik binalary, depesi göge ýetýän minaralary pederlerimiziň binagärlik senediniň köküniň juda alyslara uzaýandygyndan habar berýär. Nesillerimize ebedi miras galan şol senet bu günki gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde beýik sungat derejesine ýetirildi. Häzirki zaman şertlerinde sazlaşykly ösüş döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Çünki paýtagt döwletiň dolandyryş-syýasy merkezi bolup durýar. Sebitde iri işewürlik we medeni merkez hökmünde ornuny pugtalandyrýan Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyň mekany hökmünde ykrar edilmegi parahatçylygy dörediji merkeziň, döwrebap we sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýe bolýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Özgerişiň we gözelligiň paýtagty

Täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň paýtagtynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 24-25-nji maýynda Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara serginiň ýaýbaňlandyrylmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu sergi şähergurluşygy, şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.

Söýgüli neşirimiz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň barha giň gerime eýe bolýan günlerinde tutumly işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşyk möwsümi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu möhüm möwsüm welaýatymyzda hem guramaçylykly dowam edýär.

«Nusga bolup galsyn ilden-illere!»

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň el hünäriniň we nesil terbiýesiniň dünýäde dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi. Oňa dürli ugurlarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we mährem eneler gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda el işi sungatynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat, olaryň hukuklaryny goramak ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy. Mundan başga-da, türkmen zenanlaryna görüm-görelde bolan Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň öz eli bilen işen alajalary, ören joraby we bary-ýogy 20 günde bejeren kürtesi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de Döwlet Baştutanymyzyň käbesi, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ussatlyga ýugrulan işleriniň ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebidigini buýsanç bilen bellediler.