Ynsanperwerlik — halkymyzyň mizemez ýörelgesi

24 Maý 2024
225

21-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

Hormatly Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna baryp, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeş boldy. Hususan-da, hajy Arkadagymyz doganlyk Eýranda agyr betbagtçylygyň bolandygyny aýtdy. Şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan hem-de hut öz adyndan, türkmen halkynyň adyndan gynanç sözlerini beýan etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-eýran dost-doganlygynyň mizemez nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

«Nesil».