Aşgabat — sungat eseri

24 Maý 2024
348

Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Paýtagtyna bakyp, döwlete we onuň halkyna baha berilýär. Aşgabat — diňe gözelligi bilen ady äleme ýaýran şäher bolman, eýsem, özünde egsilmez ylhamy, çeper keşbi jemleýän täsin bir sazlaşyk, simfoniýa. Behişdi erem kimin owadan seýilgählerdäki asmana atygsaýan suw çüwdürimleri täsin tansy bilen ynsana rahatlyk, şähere bolsa gözellik eçilýär. Bu görnüşler sazlaşykly bitewülige öwrülip, deňsiz-taýsyz sungat eserini emele getirýär. Gijelerimizi bezeýän dürli öwüşginli yşyklar kalbymyza yşk paýlaýar. Baglarda saýraýan guşlaryň hoş owazlary, erkana ganat ýaýýan garlawaçlar, aýna ýaly ýollaryň ýakalarynyň, aýmançalarynyň çemenzarlygy kalplara mähir paýlaýar.

Leýli GURBANOWA,
«Nesil».