Bagtyýar uçurymlara ak ýol arzuw edildi

25 Maý 2024
721

2023—2024-nji okuw  ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli welaýatymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilen «Soňky jaň» dabaralary giň gerime eýe boldy. Mekdep bilen hoşlaşyp, durmuş ýoluna gadam basýan uçurymlaryň hakydalarynda ebedilik galjak dabaralar ýokary guramaçylykda geçirilip, uly ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk çäreleri welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasyndan badalga aldy. Bu ýerde uçurymlar Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, Döwlet baýdagymyza ter gül çemenlerini goýup, mukaddes ýaşyl Tugumyza tagzym etdiler. Gül goýmak dabarasy baýramçylyk ýörişine utgaşdy. Oňa uçurymlar bilen birlikde, ýaşuly  nesliň wekilleri, bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar.

Oguljennet Annageldiýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».