"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Bagtyýar nesilleriň dynç alyş möwsümi başlandy

Welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada guralan dabara bagtyýar çagalary tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan», «Daýanç», «Arzuw», Hazar şäherindäki «Gara altyn», Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine ugratmaklyga bagyşlandy. Bu ýerde çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlarda dost-doganlygyň, bagtyýar çagalygyň, gözel Awazanyň waspy öz beýanyny tapdy. Milli lybasdaky çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp tanslary el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Ça­ga­la­ryň döredijilik bäsleşigi

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 1-nji iýu­nyn­da Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len «Biz — Ar­ka­dag Ser­dar­ly Wa­ta­nyň bag­ty­ýar ne­sil­le­ri» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi ça­ga­lar üçin ýat­dan çyk­ma­jak baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­di.

“Buýsançdaky” baýramçylyk dabarasy

Şu gün — 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Änew şäheriniň “Buýsanç” çagalar medeni-dynç alyş seýilgähinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Welaýat häkimligi, welaýat Baş bilim müdirligi, Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan “Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary” atly bu dabara welaýatymyzyň dürli ýerlerinden çagalar gatnaşdy. Dabarada welaýatymyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi. Ýaş nesliň aýdym-sazly çykyşlarynda asuda asmanymyzyň, parahat durmuşymyzyň, eziz Diýarymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, bagtyýar çagalygyň waspy belentden ýetirildi. Hemmeleriň toý şatlygyny goşalandyran dabarada ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny, ýaşaýjyk suratkeşleriň işleriniň sergisini synlamak täsirli boldy.

“Ýaşyl ýaýladaky” baýramçylyk joşguny

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde geçirilen dabara Çagalary goramagyň halkara gününiň çäreleriniň üstüni ýetirdi. “Çaga kalbymyz joşýar bagtyýar zamanada — alkyşymyz çäksizdir Arkadagly Gahryman Serdara!” atly baýramçylyk dabarasyna gatnaşmaga welaýatymyzyň gündogar sebit etraplaryndan gelen çagalar şatlykly pursatlara şaýat boldular. Olar özleriniň deň-duşlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, labyzly okan goşgularyny diňlediler, joşgunly tans çykyşlaryny synladylar. Hakyky toý keşbinde bezelen sahnadaky çykyşlaryň her birinde beýik döwrümiziň waspy joşgunly ýetirildi.

Çagalary goramagyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi

Şu gün — 1-nji iýunda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat», «Daşkent» dynç alyş seýilgählerinde we «Älem» medeni dynç alyş merkezinde, «Ertekiler dünýäsinde», Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli şatlyk-şowhunly dabaraly çäreler giň gerime eýe boldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet müdirlikleriniň ýörite çeperçilik, sungat mekdepleriniň okuwçylary, çagalar baglarynyň körpeleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we köp sanly raýatlarymyz gatnaşdylar. Ir säher bilen dabaraly ýagdaýda gujak geren seýilgählerde, medeni dynç alyş merkezlerde aýdym-sazly çykyşlar, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we sirk artistleriniň tomaşalary bagtyýar çagalaryň baýramçylyk ruhunyň ýokary göterilmegine itergi berdi.

Bagtdan paýly çagalar

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni ýatdan çykmajak dabaralara, ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat merkezi Balkanabat şäherinde toý ýörişi bilen başlanan baýramçylyk çäresine şäherdäki çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler, orta mekdeplerde okaýan kiçi ýaşly okuwçylar gatnaşdylar. Baýramçylyk ýörişini  bagtyýar çagalaryň şadyýan  gülküleri, döwrebap aýdym-sazlaryň belent owazy gurşap aldy. Ýolugra welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary belentden ýaňlandy. Balkanabat şäheriniň gözel künjeginde ýylyň ähli paslynda çagalary mähir bilen garşylaýan «Altyn nur» çagalar dynç alyş merkezinde, Türkmenbaşy şäheriniň «Salkyn kenar» medeni dynç alyş seýilgähinde geçirilen  baýramçylyk dabaralarynda bagtdan paýly körpeler türkmen milli oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Çagalar ertekiler dünýäsini ýadyňa salýan dynç alyş merkezlerinde gezelenç edip,  awtoulag meýdançasynda boldular, dürli oýunlary oýnadylar. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim,  medeniýet müdirlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen baýramçylyk dabaralarynda zehinli çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, joşgunly tanslar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Asfaltyň ýüzüne surat

Täze eýýamyň bagtyýar çagalary

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik  guramalary bilen  bilelikde guramagynda etrap merkezindäki «Arkadagyň nesilleri» çagalar dynç alyş merkezinde «Täze eýýamyň bagtyýar  çagalary» ady bilen körpeleriň   gatnaşmagynda  aýdym-sazly  dabaraly çäre, bäsleşikler geçirildi. Çagalar merkeziň çägine gezelenç etdiler, bu ýerdäki oýun attraksionlarynda wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirdiler. Ýurdumyzda  ýaş nesilleriň  bagtyýar durmuşynyň  üpjün edilmegi, olaryň saglyklaryny  berkitmekleri ugrunda ähli şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Çärä gatnaşan çagalaryň  ählisine  sowgatlar gowşuryldy.

Şat dünýäniň bagtyýar waspçylary

Şu gün — 1-nji iýunda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň ýaş suratkeşleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemlän bäsleşikde Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlarymyzdan gatnaşan ýaş nesilleriň içinden jemi 21 okuwçy ýeňiji diýlip yglan edildi.

Berkarar döwletiň bagtyýar çagalary

Welaýat çagalar öýünde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Welaýat çagalar öýüniň hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Ir säher bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynda welaýat çagalar öýüniň direktory Aýnagözel Akgaýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Durdymuhammet Annageldiýew we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler çagalary şanly sene mynasybetli gutladylar we olara bagtly geljek arzuw etdiler. Şeýle-de, baýramçylyk çäresiniň dowamynda welaýat çagalar öýüniň çagalarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, gysgajyk sahna oýunlaryna tomaşa edildi.

Şatlyga beslenen çäre

Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri biziň welaýatymyzda-da giň gerime eýe boldy. Şu baýramçylyga bagyşlanan dabaraly çäreler çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şu sene mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guran aýdym-sazly baýramçylyk çäresem şatlyk-şowhuna beslendi. Mary şäherindäki “Ary” çagalar dynç alyş merkezinde guralan “Durmuşyň geljegi eziz çagalar” atly dabaraly çäräniň dowamynda çagalar kemsiz dynç aldylar. Bu çäräniň özi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaş nesil hakynda edilýän bimöçber aladalara şaýatlyk etdi. Şeýle hem baýramçylyk çäresine gatnaşan çagalara TSTP-niň welaýat komiteti tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Aýdym-sazlaryň belent owazy astynda geçen baýramçylyk çäresi çagalaryň göwünlerini göterdi.

Berkarar döwletiň bagtyýar çagalygy

1-nji iýunda dünýäniň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni Wekilbazar etrabynyň “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş seýilgähinde giňden bellenildi. Dabara etrabyň bagtyýar çagalary gatnaşdylar. Dabarada etrabyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, şeýle-de, etrapdaky orta mekdepde bilim alýan bagtyýar çagalaryň şadyýan aýdymlary, baýramçylyk goşgularydyr çykyşlary ýaňlandy. Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar çagalarynyň döwrümiz, eziz Watanymyz bilen baglanyşykly çeken suratlarynyň sergisi, şeýle hem etrabyň sport bilen meşgullanýan çagalarynyň bäsleşikleri geçirildi.

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyldy

Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Welaýat häkimliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara mähriban çagajyklar gatnaşdylar.

Şatlyk-şowhuna beslenen dabara

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýatymyzdaky “Bagtyýarlyk” seýilgähinde dürli ýaşdaky çagalaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol ýerde çagalar dürli çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Çaga ýüreginde joşýar Watan söýgüsi

Murgap etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň we etrap medeniýet merkeziniň guramagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli etrapda “Çaga ýüreginde joşýar Watan söýgüsi” atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Her ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyzyň çäklerinde Çagalary goramagyň halkara gününiň uly dabara bilen bellenip geçilmegi Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň uly alada bilen gurşalandygynyň, Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda tassyklanan esasy ugurlara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Ýaňlanýar ülkämde çaga gülküsi

Şu gün ýurdumyzyň çar künjünde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar uludan tutuldy. Irden Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bagtyýar çagalaryň we ata-eneleriň gatnaşmaklarynda baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi. Säher bilen aýdym-sazyň hoş owazy bu medeniýet ojagyny gurşap aldy. Welaýat häkimliginiň, welaýat baş bilim we medeniýet müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda surat çekmek, aýdym aýtmak, saz çalmak boýunça guralan bäsleşiklerde zehinli ýaşlar ýüze çykaryldy. Milli oýunlar boýunça geçirilen ýaryşlarda hem ökdeler, çalasynlar öňe saýlandylar. Baýramçylyk mynasybetli oýun meýdançalary, attraksionlar çagalaryň ygtyýaryna berildi.

Şadyýanlygyň hem-de ruhubelentligiň baýramy

Nowjuwan bahar-ýazly, çar ýany aýdym-sazly eziz Diýarymyz bagtyýar çagalygyň mekany. Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr» diýip belleýşi ýaly, bagtyýar nesiller ata Watanymyzyň gül-gunçalarydyr. Her ýylda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilýän köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralar muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Akyldar şahyry sarpalap

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralara beslenýän günlerinde etrap çagalar sungat mekdebinde beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» diýen at bilen bäsleşik geçirildi. Onda mekdebiň nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk bölümlerinde bilim alýan çagalar akyldar şahyryň keşbini, onuň önüp-ösen Gerkez obasynyň gözel tebigatyny wasp edýän işleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşige hödürlenen eserleriň arasynda Kakamyrat Aşyrowyň, Mähriban Kerwenowanyň, Hurma Berdiýewanyň, Araz Ahmedowyň, Döwlet Oranowyň işlerine ýokary baha berildi. Olar bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldylar.

Ömrümiziň gül-gunçalary

Çaga – ynsanyň iň gymmatly baýlygydyr. Olar ýurdumyzyň geljegini bina etmeli, şahsyýetler bolup ýetişmeli nesillerdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil çäksiz mähir, alada bilen gurşalýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň mekany

Täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy Balkan welaýaty, 31-nji maý (TDH). Şu gün Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň mekany

Täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy Balkan welaýaty, 31-nji maý (TDH). Şu gün Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.