Akyldar şahyry sarpalap

1 Iýun 2024
315

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralara beslenýän günlerinde etrap çagalar sungat mekdebinde beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» diýen at bilen bäsleşik geçirildi. Onda mekdebiň nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk bölümlerinde bilim alýan çagalar akyldar şahyryň keşbini, onuň önüp-ösen Gerkez obasynyň gözel tebigatyny wasp edýän işleri bilen gatnaşdylar.

Bäsleşige hödürlenen eserleriň arasynda Kakamyrat Aşyrowyň, Mähriban Kerwenowanyň, Hurma Berdiýewanyň, Araz Ahmedowyň, Döwlet Oranowyň işlerine ýokary baha berildi. Olar bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldylar.

Seýitmyrat KERWENOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.