Berkarar döwletiň bagtyýar çagalary

1 Iýun 2024
277

Welaýat çagalar öýünde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Welaýat çagalar öýüniň hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara şatlyk-şowhuna beslendi.

Ir säher bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynda welaýat çagalar öýüniň direktory Aýnagözel Akgaýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Durdymuhammet Annageldiýew we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler çagalary şanly sene mynasybetli gutladylar we olara bagtly geljek arzuw etdiler. Şeýle-de, baýramçylyk çäresiniň dowamynda welaýat çagalar öýüniň çagalarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, gysgajyk sahna oýunlaryna tomaşa edildi.