"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Sizi bular gyzyklandyrýarmy?

TELEFONYŇ EKRANY BIZIŇ BASÝAN ÝERIMIZI NÄDIP DUÝÝAR?

Döredijilik maslahaty geçirildi

Şu gün — 3-nji iýunda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda «Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjydyr» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere döredilýän giň mümkinçilikler, ähli amatly şertler we belent özgertmeler dogrusynda çykyşlar edildi. Çykyş edenleriň arasynda žurnalistler, döredijilik işgärleri, artistler, ylym-bilim işgärleri hem-de suratkeşler bar. Olar ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan çagalaryň abadan durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik özgertmeler hakynda birin-birin durup geçdiler. Ýurdumyzyň joşgunly günlerinde şol beýik özgertmeleriň özüniň giňden beýanyny tapýandygyny nygtadylar. Şeýle-de çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde çagalar üçin sowgat edilýän desgalar, çagalar baglarydyr mekdepler, döredijilik öýleri, kitaphanalar dogrusynda buýsançly bellenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp döwürde halkymyzyň bagtyýar, eşretli ýaşamagy ugrunda irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Döwletliler köşgündäki dabara

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge hukuklarynyň üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ruhubelentlige beslenen ýöriş

Bütindünýä welosiped güni bolan 3-nji iýunda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Ir säheriň arassa howasyndan dem alýan ruhubelent welosipedçiler Mary şäheriniň gözel köçeleriniň biri bolan Kemine köçesiniň başlanýan ýerinden badalga aldylar. Ýürekleri buýsandyryjy bu welosipedli ýörişe welaýat, etrap, şäher häkimliklerinden, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndan, edara-kärhanalardan ýolbaşçylar we hünärmenler, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şäheriň merkezine tarap ugur alan ruhubelent welosipedçiler ýoluň iki gapdalyndaky gözellikleri synlap, dabaraly ýörişi dowam etdirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan saglygyny ähli zatdan belentde goýýandygyna düşünýän welosipedçiler pellehana tarap ruhubelentlikde ugradylar.

Şadyýan tomus — 2024

Bagtyýar çagalygyň mekany Tomus. Bu ajaýyp pasyl çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki, mekdep okuwçylary bu pasylda okuw ýylyny tamamlap, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Dynç alyş günleri olara şatlykly pursatlaryny eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär.

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde “Watana wepaly çagalar bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr” atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Ony Ahal welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde gurady. Usuly-amaly maslahata ýygnanan bilim işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri asylly däbe eýermek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanyndaky ýadygärligine gül desselerini goýdular, watançy esgeri hatyraladylar.

Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny iş ýüzünde subut edýär. Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmek ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen guralan bäsleşige Watanymyza, mähriban topragymyza, maşgala gymmatlyklaryna, gözel tebigatymyza we milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini wasp edýän ajaýyp işler hödürlenildi.

Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi

1-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olary hemmetaraplaýyn goldamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Pederlerimiz asyrlarboýy öz nesillerine aýratyn alada we mähir bilen garap, olara hemme gowulyklary bagyş edipdirler. Halkymyzyň bu däpleri häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Şunuň bilen baglylykda,

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar şanly waka mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşlarynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi ugrunda döredýän şertleri üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler, parahat durmuşymyzy, gülläp ösüşleri wasp etdiler. Olar baý milli medeni mirasymyzdan ylham alyp, täzeçillikler üçin hemişe açykdyklaryny aýdyň görkezdiler. Dabara ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň, sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyna şatlyk goşan ägirt uly süýjülik torty getirildi.

Şadyýan tomus — 2024

Bagtyýar çagalaryň buýsanjy Güneşli Diýarymyzda çagalygyň arzyly pursady — tomusky dynç alyş möwsümi ýetip geldi. Bagtyýar çagalary sagaldyş-dynç alyş merkezlerine ugradyş dabarasy welaýatymyzda hem guramaçylykly geçirildi.

«Arkadagly nesiller» döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy

31-nji maýda Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Merkeziň açylyş dabarasy ajaýyp baýramyň — Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu sene köp döwletlerde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem her ýylyň 1-nji iýunynda dabaraly bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligi bilen raýdaşlygyň, çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda Birleşen Milletler Guramasynyň binýat goýujy ýörelgelerine ygrarlylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi. Bu ýörelgeleriň BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýada berkidilendigini bellemek gerek. Türkmenistan bu Konwensiýany 1994-nji ýylda tassyklap, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmäge jogapkärçilikli garaýandygyny subut etdi.

Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Deýl KARNEGI

Dünýäniň iň arassa howa menzilleri yglan edildi

«Skytrax» guramasy tarapyndan dünýäniň iň arassa howa menzilleriniň sanawy yglan edildi. Sanawyň ilkinji onlugyndan orun alan howa menzilleriniň 9 sanysy Aziýa yklymynyň ýurtlarynda ýerleşýär. Sanawda 1-nji orna Ýaponiýanyň paýtagtynda ýerleşýän «Honeda» howa menzili mynasyp görüldi. Şeýle-de Ýaponiýanyň ýene 3 sany howa menzili sanawyň ilkinji onlugyna girmegi başardy. Has takygy, sanawda Nagoýa howa menzili 5-nji, Narita howa menzili 6-njy hem-de Kansai howa menzili 7-nji orny eýeledi.

Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny iş ýüzünde subut edýär. Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmek ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen guralan bäsleşige Watanymyza, mähriban topragymyza, maşgala gymmatlyklaryna, gözel tebigatymyza we milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini wasp edýän ajaýyp işler hödürlenildi.

Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olary hemmetaraplaýyn goldamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Pederlerimiz asyrlarboýy öz nesillerine aýratyn alada we mähir bilen garap, olara hemme gowulyklary bagyş edipdirler. Halkymyzyň bu däpleri häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Şun

Çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak üçin däbe öwrülen dabara geçirildi. Bu waka mynasybetli dabaraly çykyşlar ýerine ýetirildi. Joşgunly aýdymlar we şowhunly tanslar, çagalar toparlarynyň şadyýan sahna çykyşlary çagalar üçin döredijilik sowgady boldy. Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan mekdep okuwçylary ajaýyp sazlaryň owazy astynda bezelen awtobuslaryň kerwenine tarap ugradylar. Olar tiz wagtdan bellenen ýere — dynç alyş merkezlerine bardylar. Bu ýerde çagalary mähirli garşyladylar, olara baýramçylyk süýjülikleri hödürlenildi, dynç alyş çäreleri guraldy.

«Türkmenhowaýollary» haj zyýaraty üçin Saud Arabystanyna ýörite gatnawlaryň onusyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, haj parzyny berjaý etmekleri üçin ildeşlerimiziň köp sanlysyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. «Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň haj möwsüminde 2890 zyýaratçynyň haj parzyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystan Patyşalygyna äkidip-getirmek boýunça ýörite gatnawlaryň onusynyň ýola goýulandygyny habar berdi.

Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny iş ýüzünde subut edýär. Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmek ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen guralan bäsleşige Watanymyza, mähriban topragymyza, maşgala gymmatlyklaryna, gözel tebigatymyza we milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini wasp edýän ajaýyp işler hödürlenildi.

Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olary hemmetaraplaýyn goldamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Pederlerimiz asyrlarboýy öz nesillerine aýratyn alada we mähir bilen garap, olara hemme gowulyklary bagyş edipdirler. Halkymyzyň bu däpleri häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Şun

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki döwürde bu senä bagyşlanan däp bolan dabaralar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak işinde dünýä bileleşigine raýdaşlyk bildirip, bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär. Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge hukuklarynyň üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ene-atasyndan jyda düşen çagalaryň ýurdumyzda uly üns-alada bilen gurşalýandygyny bellemek gerek. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň — jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şunda paýtag