«Arkadagly nesiller» döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy

3 Iýun 2024
311

31-nji maýda Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Merkeziň açylyş dabarasy ajaýyp baýramyň — Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu sene köp döwletlerde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem her ýylyň 1-nji iýunynda dabaraly bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligi bilen raýdaşlygyň, çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda Birleşen Milletler Guramasynyň binýat goýujy ýörelgelerine ygrarlylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi. Bu ýörelgeleriň BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýada berkidilendigini bellemek gerek. Türkmenistan bu Konwensiýany 1994-nji ýylda tassyklap, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmäge jogapkärçilikli garaýandygyny subut etdi.

Annagözel GARABEKOWA,
Aşgabat şäheriniň 60-njy orta mekdebiniň müdiriniň orunbasary.