«Türkmenhowaýollary» haj zyýaraty üçin Saud Arabystanyna ýörite gatnawlaryň onusyny amala aşyrar

3 Iýun 2024
184

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, haj parzyny berjaý etmekleri üçin ildeşlerimiziň köp sanlysyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň haj möwsüminde 2890 zyýaratçynyň haj parzyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystan Patyşalygyna äkidip-getirmek boýunça ýörite gatnawlaryň onusynyň ýola goýulandygyny habar berdi.