Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

3 Iýun 2024
278

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki döwürde bu senä bagyşlanan däp bolan dabaralar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak işinde dünýä bileleşigine raýdaşlyk bildirip, bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär.

Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge hukuklarynyň üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ene-atasyndan jyda düşen çagalaryň ýurdumyzda uly üns-alada bilen gurşalýandygyny bellemek gerek. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň — jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şunda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüni anyk mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň bilim almaklary, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri, döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açmaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin hemme zerur şertler bar.