"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Agzybirligiň we rowaçlygyň binýady

Türkmenistan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär Halkymyz gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Häzirki döwürde bu asylly däpler Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Şoňa görä-de, şu günler ýurdumyzda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, ata Watanymyzyň öňden gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär.

Ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň wajyp ugry bolmak bilen, ýurdumyzda ynsanperwerlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär

Häzirki wagtda Arkadag şäherinde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde, halkymyzyň asylly ýörelgelerine laýyklykda, ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Muňa 27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. ÖŇDE GOÝLAN WEZIPELER ÜSTÜNLIKLI ÝERINE ÝETIRILÝÄR

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýokary wezipeli resmi adamlar mähirli garşyladylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi boldy. Milli Liderimiz hem-de hanym Farzane Malwajerd döwletara gatnaşyklaryň netijelidigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz iş saparynda boldy

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi.

Ilçiler işe başlady

27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Halkara forumlar — hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu strategiýany üstünlikli amala aşyrmakda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere, hususan-da, forumlardyr sergilere möhüm orun degişlidir. Şeýle çäreler gyzyklanma bildirýän taraplar bilen dürli ugurlarda bar bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak, özara bähbitli işewürlik tekliplerini öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär. Şu ýylyň 17 — 19-njy martynda paýtagtymyzda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny hem-de mümkinçiliklerini açyp görkezýän giň gerimli sergi we maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Söwda topl

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Garaşsyzlyk — rowaçlyklaryň röwşeni

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň hem jebisliginiň müdimi binýadydyr.

Nurana geljek üçin parasatly başlangyçlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri, iri halkara guramalary tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar. Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň möhüm ekologik meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Energiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek  Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren «Hazar ekologik başlangyjy» Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek ugrunda äh

Menzilleri mertebeleýän maksatlar

Halka sala salmak, geňeşmek, ilatyň tekliplerini seljermek, şolaryň esasynda oňyn çözgütleri çykarmak ýaly asylly däpleriň kepili bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýlaryny kesgitleýän Konstitusion kanunyň kadalary aýanlyk, demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygy, adalatlylyk, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak bilen beýan edilýär. Ata-babalarymyzdan bize miras galan döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygy bilen berkidilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň Konstitusiýamyza esaslanýan «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda hereket edýän ýokary wekilçilikli edarasydyr.

Ynsanperwerlige ruhlandyrýan ýörelgeler

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýratyn alada we goldaw bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 27-nji awgustda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň taryhy pursatlary hem çagalaryň sagdyn gurşawda ulalmaklary, kämil şertlerde bilim almaklary üçin  döwletimiziň alyp barýan  yzygiderli tagallalaryny dabaralandyrdy. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek babatda ýurdumyzda we halkara derejesinde belent ynsanperwerlige mahsus işleri yzygiderli durmuşa  geçirýär.

Beýik ösüşleriň ýoly

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanyň beýikligi, mukaddesligi hakyky mazmunynda açylanda, öňde goýlan maksat durmuşa geçýär.  Häzirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalýar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar. Şol bilimleri hem watançylykdan aýratynlykda göz öňüne getirmek kyndyr. Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip parasatly nygtamak bilen, bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini kämillige ýetirmegiň aýdyň ýoluny görkezýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap bilim terbiýeçilik edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegi Arkadagly eýýamymyzyň asylly däbine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024 — 2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen şu ýylyň mart aýynda gol çeken taryhy Karary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamat-dowama beslenýändiginiň buýsançly dabaralanmasydyr. Munuň özi ýurdumyzda bilim syýasatyny  üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek we olaryň innowasion tehnolog

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm sahypa

Mälim bolşy ýaly, 28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Halkymyzyň dostluk, goňşuçylyk, myhmansöýerlik, sahawatlylyk däpleri Garaşsyz Watanymyzyň ösüşleriniň mazmunyny baýlaşdyrdy» diýip ýazýar. Şonuň üçin döwlet syýasatymyzda bu däplere, tejribä berk eýerilýär. Netijede, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän, taraplaryň bähbitlerini nazara alýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öz geosyýasy ýagdaýyny we ykdysady mümkinçiliklerini durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirmäge taýýar ýurt hökmünde dünýäde özüni ykrar etdirdi.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 26-njy aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «Dra­gon Oil» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Sa­ýed Al Ta­ýe­ri ka­bul et­di.

Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Halk Maslahaty — asylly ýörelgeleriň rowaçlanmasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün-günden ösýär, özgerýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her güni bizi jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçjek möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýakynlaşdyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi iňňän uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, bu möhüm waka häzirden düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ak şäherimiz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirmek bellenildi.