Nurana geljek üçin parasatly başlangyçlar

29 Awgust 2024
64

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri, iri halkara guramalary tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar. Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň möhüm ekologik meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Energiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek  Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp wezipeleriniň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren «Hazar ekologik başlangyjy» Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek ugrunda ähli Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin täze halkara meýdançany döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyz beýan edilen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmek bilen, ilkinji nobatda, bu ugurda ygtybarly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döredýär. Milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelýän «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Tokaý kodeksi kabul edildi. 13-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda garalan kanunçylyk namalarynyň hatarynda «Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini bellemek gerek.

«Adalat».