"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 29-njy iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Özgertmeleriň tebigylygy — ösüşiň üznüksizligi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli ugurlaryny öz içine alýan, yzygiderli dowam etdirilýän düzümleýin we hukuk-guramaçylyk özgertmeleriniň çäginde ýakynda Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine garalan giňişleýin mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi. Şeýlelikde, dünýädir sebit we ýurt, hatda her künjek derejesinde barha ähmiýeti artýan ulgamlar — ekologiýa we oba hojalygy özbaşdak pudaklara öwrüldi. Tebigatyň dynuwsyz we özara baglanyşykly hereketi onuň ýeke-täk aňly zürýady–— adamzada, soňra ynsan aňyndan dörän jemgyýetine-de geçip, dünýäniň birbada iki zatda — bitewülik babatda-da, ösüş jähetinden-de mizemez üznüksizligini düzýär. Muňa ähli ösüşleriň gözbaşyny öwrenýän we özgerişleri tizleşdirmäge uly goşantly, «ylymlaryň ylmy» diýlip tanalýan filosofiýada «dialektika» diýilýär. Diýmek, dünýäniň ösüş we özara baglanyşyk-üznüksizliginde ýaşamagyň özi dialektika kanunyna tebigy boýun bolmagy aňladýar. Şeýlelikde, adamzat tebigatyň dynuwsyz üýtgeýiş raýyna görä, öz ýaşaýyş-durmuş şertlerini sazlamaga çalyşýar. Bu mizemez ählumumy kanun ylmyň ösmegi bilen has içgin, çuňňur we dogry-doly öwrenilip, ynsan ýaşaýşynyň has-da tebigy, eşretli, amatly-rahat bolmagyna mümkinçilik artýar. Muny ählijähetleýin ösüşli «senagatdan soňky jemgyýet» diýilýän häzirki döwür has-da aýan-äşgär edýär. Özi-de şunda ýene bir uly ösüş mümkinçiligi döräp, ol juda

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 28-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Saýasy şypaly baglar

Jöwzaly yssyda saglygymyzy goramaga berýän ünsümizi artdyrmalydygymyzy bize lukmanlar maslahat berýärler. Şolaryň hatarynda günüň yssy bölegini salkyn, saýaly ýerde geçirmek hem maslahat berilýär. Şeýle salkyn ýerleri bize tebigatyň gözelligi bolan baglar bolluk bilen eçilýär. Ýurdumyzda saýaly agaçlaryň dürli görnüşleri ösýär. Güjüm. Ýurdumyzdaky iň gür saýaly agaçlaryň biri güjümdir. Ol Daşoguz welaýatynyň çäginde köp ösýär. Başynda gümmez şekilli «täç» bolan bu daragtyň goýry saýasy jöwzadan ygtybarly penadyr. Belent boýly, uzak ýaşaýan güjüme başgaça garagaç hem diýilýär.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde,  tebigatymyzyň ilkibaşky keşbini aýawly saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky Permany bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi. Bu bolsa häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatdaky döwlet ekologiýa syýasatyny has netijeli amala aşyrmagyň döwletiň esasy üns merkezinde durýandygyny görkezýär. Döwletimiz BMG-niň tebigaty goramakda örän ähmiýetli resminamalaryň  birnäçesine, ýagny çölleşmäge garşy göreşmek hakyndaky konwensiýa, Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýa, Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna hem-de Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus konwensiýalaryna, BMG-niň suwly batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyna goşuldy. Ýurdumyzda bu halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny amal etmek bilen, adamlaryň we raýatlaryň sagdyn ýaşaýşyny, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler toplumlaýyn amala aşyrylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan işlenilip taýýarlanylan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararna

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 27-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Tebigat bilen sazlaşyk

Adamzat mydama tebigat bilen arabaglanyşykda bolýar. Ol tebigatdan üzňe hereket edip bilmeýär. Adamyň dogluşy, önüp-ösüşi hem-de ýaşaýşy tebigatyň täsiri astynda bolup geçýär. Aslynda, tebigatda diňe «peýdaly» ýa-da diňe «zyýanly» zat bolmaýar. Adam haýsy-da bir tebigy önümi öz bähbidi üçin ýerlikli ulanyp bilse, onda peýdaly, ulanyp bilmese, ony zyýanly hasap edýär. Mysal üçin, oba hojalyk ekinlerine belli bir mukdarda zyýan ýetirýän haşal otlaryň bolmazlygy käbir jandarlaryň ýitip, ýok bolmagyna sebäp bolýar.

«Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşigine

Bahara çalymdaş Bathyz Bathyzyň her pasyl neneňsi gözelliklere beslenýändigi dessine göz öňüňizde janlanýandyr. Bu gözel mekanyň arzuwlar ýaly owadan dünýäsi gözellige teşne kalbymyzyň tesellisidir. Bathyz belentligi diýlip ylmy-geografik adalga bilen atlandyrylýan bu mekan hakynda biz nämeleri bilýäris?! Bu dag-depeli relýefi—ýer gurluşy bolan künjek Parapamyz daglarynyň demirgazyk dag etegidir. Onuň käbir ýerleri deňiz derejesinden 1300 metr belentlikde ýerleşýär. Belentlik güýçli  kontinental çökündileriň gatlaklaryny özünde jemleýär. Bu gatlaklar digir-digir bolup duran toýunsow, gumdaşly, çägesöw topraklardyr. Bathyz belentliginiň günbatar tarapynyň relýefi—ýer gurluşy kuestli, ýagny ýapgytly ortaça dag, gündogar tarapy depeli dag hökmünde kesgitlenendir. Depeleriň gerişlerinde, erezlerinde, dereleriň düýbünde we çöketlik ýerlerde bolsa güberçek, keş çekilip, ekin ekip bolýan topraklar hem-de gumaksy topraklar duş gelýär. Ine, Bathyz belentligi hakyndaky käbir ylmy-geografiki maglumatlar. Belentligiň tutuş durky bolsa halk dessanlarymyzdaky waspy ýetirilýän Erem bagynyň keşbini ýadyňa salýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 26-njy iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Täsin tokaý

Dünýädäki dürli-dürli tokaýlar barada biz bilýäris. Emma olaryň arasynda has täsin we özboluşly gurluşy boýunça tapawutlanýan tokaýlar hem bardyr. Şeýle tokaýlaryň biri hem Polşanyň Gryfino şäherinden 40 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde daragtlar egri ýaý görnüşli ösýär. Alymlar bu agaçlaryň beýle adaty bolmadyk görnüşde nädip ösýändigine henizem jogap tapyp bilmediler. Bu tokaý 1930-njy ýyllaryň başynda ekildi. Goraghananyň meýdany takmynan 1,8 gektara barabar. Elbetde, bu tokaý tebigy ýadygärlik bolany üçin döwlet tarapyndan goralýar. Tokaýda umumy 400 töweregi agaç bolup, olaryň ählisi sosna. Olaryň daşky görnüşi, hakykatdanda, täsin görünýär. Bu agaçlar ýerden 25-30 santimetr belentlige ösenden soňra birden öz ugruny demirgazyga tarap egreldýär, soňra bolsa ýaýy şekillendirip, ýene öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Täsin tarapy agaçlaryň hemmesi birmeňzeşdir. Tokaýa ýörite rugsatnama arkaly goýberilýär. Agaçlary çapmak we olara zyýan ýetirmek bu ýerde kanun tarapyndan gadagan edilendir.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 25-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25%.

«Köwata» ýerasty köli

Türkmen topragynda tebigatyň döreden onlarça täsinlikleriniň has ajaýyplarynyň biri «Köwata» ýerasty kölüdir. Ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynyň günorta-gündogarynda, Akdepe obasynyň günorta-günbatarynda, Merkezi Köpetdagda ýerleşýär. Bu ýerasty kölüň geologik gurluşy özboluşly täsinlige eýedir. Alymlar onuň emele gelen wagtyny örän irki döwürlere, baryp, ýokary ýura döwrüne degişli hasaplaýarlar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38... +43 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +33... +38 gradus yssy bolar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 22-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 21-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Baldan datly gawunlar

Dünýä ýüzünde türkmeniň ajaýyp gawunlaryndan süýji, bir gezek datsaň, ömürboýy unudylmajak şirin tagamly gawun tapylmasa gerek. Türkmen gawuny türkmeniň mähri, azaby bilen ýugrulyp, tenekara öwrülen nygmatdyr. Biziň gawunlarymyza topragymyzyň üýtgeşik sahawaty, durnagöz suwumyzyň ýokumy, sergin howamyz, gurakdan ýakymly güneşimiz, iň esasy bolsa, işjanly daýhanyň alyn deri siňendir. Türkmen gawunlary türkmen daýhanlarynyň uly azaplarynyň şirin rehnedidir. Geçmişde häzirki ýaly ýyndam ulaglaryň ýok wagtlary hem, ata-babalarymyz türkmen gawunynyň owazasyny dünýä derejesine ýetirip bilipdirler. Türkmen gawuny Çyn-Maçyn ilinde, Hindistan, Arap ýurtlarynda gyzyldan gymmat bahalanypdyr. Häzirki wagtda-da şirin-şeker tagamly gawunlarymyz şol ýurtlardan bu ýerlere gelýän myhmanlary haýran edýär. Türkmen gawunlary biziň üçin edil tamdyrdan çykan nan ýaly mukaddesdir. Ata-babalarymyz gawuny ýörite sebetlere salyp, zaýalanmaz ýaly, gapdallarynda sowuk suw goýup, uzak ýurtlara äkidipdirler.

Siz bulary bilýärsiňizmi?

— Gawun kädiler maşgalasyna degişlidir. Gawunyň ilkinji watany Merkezi we Kiçi Aziýa hasaplanýar.

Nurly daşyň ýalkymy

Paraiba turmalin daşynyň bir görnüşi bolup, onuň mawy, asman gök reňklisi paraiba diýlip atlandyrylýar. Paraiba zergärçilik bazarynda dessine özüni aldyran gymmat bahaly daşlaryň biridir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda aýratyn bir görnüş hökmünde tanalyp başlananlygyna seretmezden, paraiba köp sanly hususy kolleksiýalaryň täji hasaplanýar. Bu daşyň ady Braziliýanyň Paraiba ştaty bilen bagly bolup, ol Günorta Amerikanyň gündogarynda ýerleşýär. Paraiba ýataklary bir asyrdan gowrak wagt bäri özleşdirilip gelinýär. Bu ýerlerde ýaşyl turmalinler we uly ametistler köpden bäri gazylyp alynýar. Bu ýataklaryň ähli gözleýjileri bu ýerlerde indi üýtgeşik bir mineralyň bolup biljekdigine ynanmandylar. Diňe Heýtor Dimas Barboz atly adam şol pikiriň ýesiri bolupdyr. Ol XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda özi bilen pikirdeş adamlardan topar düzüp, gymmat bahaly daşyň gözlegine çykýar. Bu ýerden hiç kimiň görmedik daşyny tapyp boljakdygyna çyn ýürekden ynanýar we onuň umydy wysal tapýar. Emma täleýiň bu adam bilen ýowuz oýun gurandygyny aýdýarlar. «Ajaýyp gök daşlaryň kiçijik ýatagyny tapdym» diýende, Barboz hassahana düşýär. Şatlykly, bagtly pursatlar onuň ýüregine, saglygyna ýaramaz täsir edýär. Soňra sagalyp, hemme zat gowulanýaram welin, magdançy hassahanadan çykýança, ýatak boşaýýar.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Awgust 2023

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04 Ýyldyzlar hamallary durmuş gowulyklary bilen sylajakdyklaryna söz berýärler. Hamallar geljek üçin meýilleşdirýän etsem-goýsamlarynyň binýadyny hem şu döwürden tutsalar, işleri şowuna bolar. Olar täze mümkinçiliklerden peýdalanyp, işlerini jäht tutmalydyrlar. Bu aýda hamallar özlerini ruhubelent we keýpiçag alyp bararlar. Şonuň üçin hem başlan işleri şowlulygyň üstünden elter. Olar ýokary tejribeli adamlar bilen maslahatlaşsalar, hünärlerine degişli edebiýatlardan peýdalanyp, gözýetimlerini baýlaşdyrsalar, işlerinde uly üstünlik gazanarlar. Durmuşlarynda ýakynlary bilen käbir meselede sowallaryň ýüze çykmagy mümkin. Ýyldyzlar hamallara ýaramaz pikirlerden daşda durup, olar bilen dil tapyşmaklaryny maslahat berýärler.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 20-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 30 — 50%.