Täsin tokaý

25 Iýul 2023
831

Dünýädäki dürli-dürli tokaýlar barada biz bilýäris. Emma olaryň arasynda has täsin we özboluşly gurluşy boýunça tapawutlanýan tokaýlar hem bardyr. Şeýle tokaýlaryň biri hem Polşanyň Gryfino şäherinden 40 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde daragtlar egri ýaý görnüşli ösýär. Alymlar bu agaçlaryň beýle adaty bolmadyk görnüşde nädip ösýändigine henizem jogap tapyp bilmediler.

Bu tokaý 1930-njy ýyllaryň başynda ekildi. Goraghananyň meýdany takmynan 1,8 gektara barabar. Elbetde, bu tokaý tebigy ýadygärlik bolany üçin döwlet tarapyndan goralýar. Tokaýda umumy 400 töweregi agaç bolup, olaryň ählisi sosna. Olaryň daşky görnüşi, hakykatdanda, täsin görünýär. Bu agaçlar ýerden 25-30 santimetr belentlige ösenden soňra birden öz ugruny demirgazyga tarap egreldýär, soňra bolsa ýaýy şekillendirip, ýene öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Täsin tarapy agaçlaryň hemmesi birmeňzeşdir. Tokaýa ýörite rugsatnama arkaly goýberilýär. Agaçlary çapmak we olara zyýan ýetirmek bu ýerde kanun tarapyndan gadagan edilendir.

Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.