Özgertmeleriň tebigylygy — ösüşiň üznüksizligi

28 Iýul 2023
721

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli ugurlaryny öz içine alýan, yzygiderli dowam etdirilýän düzümleýin we hukuk-guramaçylyk özgertmeleriniň çäginde ýakynda Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine garalan giňişleýin mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi. Şeýlelikde, dünýädir sebit we ýurt, hatda her künjek derejesinde barha ähmiýeti artýan ulgamlar — ekologiýa we oba hojalygy özbaşdak pudaklara öwrüldi.

Tebigatyň dynuwsyz we özara baglanyşykly hereketi onuň ýeke-täk aňly zürýady–— adamzada, soňra ynsan aňyndan dörän jemgyýetine-de geçip, dünýäniň birbada iki zatda — bitewülik babatda-da, ösüş jähetinden-de mizemez üznüksizligini düzýär. Muňa ähli ösüşleriň gözbaşyny öwrenýän we özgerişleri tizleşdirmäge uly goşantly, «ylymlaryň ylmy» diýlip tanalýan filosofiýada «dialektika» diýilýär. Diýmek, dünýäniň ösüş we özara baglanyşyk-üznüksizliginde ýaşamagyň özi dialektika kanunyna tebigy boýun bolmagy aňladýar. Şeýlelikde, adamzat tebigatyň dynuwsyz üýtgeýiş raýyna görä, öz ýaşaýyş-durmuş şertlerini sazlamaga çalyşýar. Bu mizemez ählumumy kanun ylmyň ösmegi bilen has içgin, çuňňur we dogry-doly öwrenilip, ynsan ýaşaýşynyň has-da tebigy, eşretli, amatly-rahat bolmagyna mümkinçilik artýar. Muny ählijähetleýin ösüşli «senagatdan soňky jemgyýet» diýilýän häzirki döwür has-da aýan-äşgär edýär. Özi-de şunda ýene bir uly ösüş mümkinçiligi döräp, ol juda depginli artmak bilen bolýar. Bu ynsanyň sahy tebigatdan alan we alýan zatlaryny has-da akylly-başly ulanmaga, hatda gaýtarmaga-da açylan täze, elýeterli hem egsilmeýän mümkinçilik, ýagny adamyň elin öz önümi — maddy-tehniki gor hem-de aň-intellektual gudrat-kuwwatydyr.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».