Baldan datly gawunlar

20 Iýul 2023
788

Dünýä ýüzünde türkmeniň ajaýyp gawunlaryndan süýji, bir gezek datsaň, ömürboýy unudylmajak şirin tagamly gawun tapylmasa gerek. Türkmen gawuny türkmeniň mähri, azaby bilen ýugrulyp, tenekara öwrülen nygmatdyr. Biziň gawunlarymyza topragymyzyň üýtgeşik sahawaty, durnagöz suwumyzyň ýokumy, sergin howamyz, gurakdan ýakymly güneşimiz, iň esasy bolsa, işjanly daýhanyň alyn deri siňendir. Türkmen gawunlary türkmen daýhanlarynyň uly azaplarynyň şirin rehnedidir.

Geçmişde häzirki ýaly ýyndam ulaglaryň ýok wagtlary hem, ata-babalarymyz türkmen gawunynyň owazasyny dünýä derejesine ýetirip bilipdirler. Türkmen gawuny Çyn-Maçyn ilinde, Hindistan, Arap ýurtlarynda gyzyldan gymmat bahalanypdyr. Häzirki wagtda-da şirin-şeker tagamly gawunlarymyz şol ýurtlardan bu ýerlere gelýän myhmanlary haýran edýär. Türkmen gawunlary biziň üçin edil tamdyrdan çykan nan ýaly mukaddesdir. Ata-babalarymyz gawuny ýörite sebetlere salyp, zaýalanmaz ýaly, gapdallarynda sowuk suw goýup, uzak ýurtlara äkidipdirler.

Ogulbaýram REJEPOWA.