"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ýa­pon­la­ryň bagt­ly dur­muş­da ýa­şa­mak sun­ga­ty

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Iki­gaý ýa­pon­la­ryň dur­muş ka­da­sy­dyr, ony ber­jaý et­mek bi­len, bagt­ly bol­ma­gy we her bir gü­nüň üçin şat­lan­ma­gy öw­ren­mek müm­kin­dir. Bu ka­da­la­ra eýer­mek bi­len biz di­ňe bir dur­mu­şyň ma­ny­sy­ny du­ýup ýa­şa­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem oza­ly bi­len uzak ýa­şap bi­le­ris. Iki­ga­ýyň ýö­rel­ge­le­ri­ne esa­sy eýe­ri­ji­ler ýur­duň Oki­na­wa ada­sy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­dyr. Şeýt­mek bi­len, olar uzak ýa­şa­mak bo­ýun­ça dün­ýä re­kord­la­ry­ny goý­ýar­lar. Ge­liň, bu ka­da­la­ry dur­mu­şy­my­za or­naş­dyr­ma­gyň ýol­la­ry­ny sel­je­rip gö­re­liň.

Sport we ylym

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sport – bu ýo­ka­ry sep­git­le­re ýet­mek üçin güý­jüň, gö­zel­li­giň, sag­dyn­ly­gyň, kuw­wat­ly­ly­gyň we mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gyň jem­len­me­si­dir. Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de ol öza­ra dü­şü­niş­mek, hor­mat goý­mak we yna­nyş­mak gur­şa­wy­ny dö­ret­mä­ge ýar­dam ed­ýän se­bit hem-de äh­lu­mu­my de­re­je­dä­ki ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň, yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry­nyň mö­hüm dü­züm bö­le­gi­dir.

Tomus — 2024

Çagalaryň tomusky dynç alşy Ýakynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmeklerini gazanmak, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sportuň futbol, basketbol, woleýbol, küşt ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlar guramaçylykly geçirildi.

Çekeleşikli ýaryşlar

Ahal welaýat häkimligi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň woleýbol, kiçi futbol, küşt, tennis we hereketli oýunlar boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlarda woleýbol boýunça “Berkarar” topary, kiçi futbol görnüşinde “Şatlyk” topary, küştde “Nesil” topary, tennisde “Berkarar” topary, hereketli oýunlar boýunça “Galkan” topary ýeňiji boldy. Ýeňiji bolan toparyň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Gadymy Lebapdan Olimpiýa oýunlaryna

Dzýudonyň Lebap mekdebiniň uçurymlary Serdar Rahymow bilen Maýsa Pardaýewa Pariž şäherinde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dzýudo ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik ederler. Serdar Rahymow Hojambaz, Maýsa Pardaýewa bolsa Köýtendag etrabynda doglup, ilkinji tälimi şol etraplarda aldylar. Häzir olaryň ikisi hem Aşgabatda ýokary bilim alýarlar.

Ildeşimiz ýarym finala çykdy

Çärjewli türgen Döwletjan Ýagşymyradow ABŞ-nyň Solt-Leýk-Siti şäherinde geçirilen «PFL 5» turnirinde kamerunly Simon Biýongy ýeňlişe sezewar etdi. Tutluşyk doly üç döw dowam edip, eminler biragyzdan (30-27, 30-27, 30-27) Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdiler. Bu ýeňiş arkaly Döwletjan ýarym agyr agramda «PFL-iň» Gran-pri turniriniň pleý-off tapgyryna ýollanma aldy.

Sportuň we sagdyn durmuşyň sazlaşygy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni rowaçlandyrmak, ýokary netijeli sporty has-da ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde gurlup ulanmaga berlen sport desgalary bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň sport bilen meşgullanýan, bedenlerini berkidýän, şeýle-de gyzykly we çekeleşikli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýerlerine öwrüldi. Dünýä hil derejelerine laýyk gelýän sport desgalarynyň, şol sanda sport mekdepleriniň ýaş nesilleri diňe bir beden taýdan däl-de, eýsem, ruhy taýdan hem terbiýelemekde, olarda maksada okgunlylygy, tutanýerliligi, özlerine bolan ynamy kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygynam bellemek gerek.  Sport häzirki wagtda ähli ulgamlary gurşap aldy. Sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz edýän maslahatlara, duşuşyklara, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara polisiýa işgärleri hem yzygiderli gatnaşýarlar. Şeýle çäreleriň ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrülmeginiň oňyn netijelerini berýändigi bolsa guwandyryjydyr.

Sport

Sport saglygyň girewidir Golaýda Mary şäherindäki 18-nji çagalar bakja-bagynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher halk maslahatynyň bilelikde guramagynda “Sport saglygyň girewidir” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, şäher halk maslahatynyň agzalary, şäherimizdäki çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçileridir körpejeleri gatnaşdylar.

Ökdeler öňe saýlandylar

Esenguly etrabynyň Çekişler obasynda kiçi futbol boýunça geçiren ýaryşymyza edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärlerden we obanyň ýaşaýjylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli hem gyzykly geçen ýaryş 20 günläp dowam edip, onda birinji orna  «Arçynlyk», ikinji orna «Balykçy», üçünji orna «Bilim» toparlary mynasyp boldular.

Türk­men agyr at­le­ti­ka­çy­la­ry hy­taý­ly hü­när­me­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gru­zi­ýa­da tür­gen­leş­ýär­ler

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Türk­men agyr at­le­ti­ka­çy­la­ry Gru­zi­ýa­da meş­hur Ba­ku­ria­ni dag ly­ža­sy şy­pa­ha­na­syn­da okuw-tür­gen­le­şi­gi­ni geç­ýär­ler. 52 ýaş­ly hy­taý­ly ta­ny­mal hü­när­men Lin Şou­fen­gyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 8 tür­gen­den yba­rat Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy bu ýer­de 20-nji iýu­na çen­li hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na taý­ýar­la­ndylar.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­my­zyň kalp­la­ra be­ren joş­gu­ny, okat­mak, dö­ret­mek ba­bat­da ba­gyş eden ru­hy güý­ji ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň dur­mu­şyn­da özü­niň aý­dyň şöh­le­len­me­sini tap­ýar. Ýa­şy­na, hü­nä­ri­ne ga­ra­maz­dan, her bir il­de­şi­miz öz ýü­rek yh­la­sy­ny, gu­jur-gaý­ra­ty­ny ba­gyş edip, bu şan­ly ýy­ly­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ma­ga ça­lyş­ýar.

Döwletjan Ýagşymyradow «PFL-iň» Gran-pri turniriniň ýarym finalyna çykdy

Aşgabat wagty bilen 22-nji iýunda daňdan ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherinde «PFL 5» turniri geçirildi. Onda türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýong bilen tutluşdy. Tutluşyk doly üç raund dowam edip, eminler biragyzdan (30-27, 30-27, 30-27) Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňşini ykrar etdiler. Bu ýeňiş arkaly ildeşimiz ýarym agyr agramda «PFL-iň» Gran-pri turniriniň ýarym final tapgyryna ýollanma aldy.

Ispaniýa ÝEWRO-2024-de Ýamal üçin jerime töläp biler

Germaniýada geçirilýän Ýewro-2024-de çykyş edýän Ispaniýanyň milli ýygyndysy turnirde ýaş oýunçy Lamin Ýamal sebäpli jerime tölemeli bolup biler. Has takygy, 16 ýaşly oýunçynyň 23:00-dan soň meýdanda hereket etmegi toparyň jerime tölemegine getirer. Germaniýanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmet hukuklary dogrusyndaky kanunçylygyna görä, 18 ýaşa ýetmedik ýetginjekleriň sagat 20:00-dan soň, kadadan çykma hökmünde sportçularyň sagat 23:00-dan soň zähmet çekmegi gadagan edilýär. Netijede, eýýäm iki oýunda iki ýeňiş gazanyp, pleý-off ýollanmasyna eýe bolan Ispaniýa üçin indiki tapgyrlarda jerime bilen bagly mesele döräp biler. Çünki sagat 21:00-da başlanýan pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary goşmaça wagta uzalan halatynda Lamin Ýamalyň goşmaça wagtda meýdançada hereket etmegi Ispaniýanyň jerime tölemegine sebäp bolar. Jerimäniň mukdary, takmynan, 30 müň ýewro barabardyr.

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň kä­mil­leş­me­gi, ada­myň kuw­wa­ty­nyň mad­dy we ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy ne­ti­je­sin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe bol­ma­gy, şeý­le-de sport bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň has-da gi­ňel­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy.

Eý­fel di­ňin­de Olim­pi­ýa hal­ka­la­ry ýer­leş­di­ril­di

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Hä­zir­ki wagt­da Pa­riž­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk­lar do­wam ed­ýär. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň bi­ri-bi­ri­ne je­bis bir­le­şen bäş sa­ny hal­ka­sy­nyň şe­ki­li Eý­fel di­ňin­de ýer­leş­di­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça ýaş­lar ýy­gyn­dy­synyň Azi­ýa­nyň ku­bo­gynyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da­ky gar­şy­daş­la­ry bel­li bol­dy

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Ma­laý­zi­ýa­nyň Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­de fut­bol bo­ýun­ça 2025-nji ýyl­da Hy­taý­da ge­çi­ril­jek 20 ýa­şa çen­li ýaş­lar ýy­gyn­dy­la­ry­nyň ara­syn­da Azi­ýa­nyň ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň bi­je­le­re çe­kil­di.

Ame­ri­ka­nyň ku­bo­gy­na gat­naş­ýan Azi­ýa­nyň klub­la­ryn­da çy­kyş ed­ýän oýun­çy­lar

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Der­we­ze­çi: Da­wid Os­pi­na, Ko­lum­bi­ýa. «Al-Nasr» (Sa­ud Ara­bys­ta­ny)

EURO 2024: Azi­ýa­da çy­kyş ed­ýän fut­bol­çy­lar­dan dü­zü­len my­sa­ly ýy­gyn­dy

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Uly şow­hun bi­len do­wam ed­ýän Ýew­ro­pa­nyň fut­bol çem­pio­na­ty­na dün­ýä­niň dür­li kün­jün­de uly gy­zyk­lan­ma bi­len to­ma­şa edil­ýär. Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýan ýy­gyn­dy­la­ryň dü­zü­min­de Azi­ýa­nyň to­par­la­ryn­da çy­kyş ed­ýän fut­bol­çy­la­ryň kän­di­gi türk­me­nis­tan­ly jan­kö­ýer­ler­de yk­lym bi­rin­ji­li­gi­ne has uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Şu ýag­da­ýy göz öňün­de tu­tup, «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň «7/24.tm» hep­de­lik elekt­ron go­şun­dy­syn­da Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çy­kyş ed­ýän, Azi­ýa­nyň to­par­la­ryn­da oý­na­ýan fut­bol­çy­lar­dan yba­rat bo­lan my­sa­ly ýy­gyn­dy­ny düz­di.

Okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di

Ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­lik­le­ri­niň hü­när­men­le­ri­niň, sport mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, spor­tuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da on­laýn gör­nü­şin­de okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ki­çi mej­lis­ler za­lyn­da gu­ra­lan mas­la­ha­ty ko­mi­te­tiň sport mek­dep­le­ri­niň işi­ni we sport çä­re­le­ri­ni gu­ra­mak bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Ju­ma Ju­ma­ýew aç­dy. Soň­ra Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we gim­nas­ti­ka ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my Döw­ran My­ra­dow Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hy, äh­mi­ýe­ti hem-de türk­men tür­gen­le­ri­niň bu oýun­la­ra gat­naş­ma­gy bo­ýun­ça çy­kyş et­di.

Sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar

Eziz Diýarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň hem-de ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy ilatyň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegi ugrundaky netijeli işleriň özenini düzýär. Şeýle ähmiýetli ädimler bu ugurlaryň sazlaşykly ösüşini şertlendirýär. Munuň özi adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli tutumlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginden habar berýär. Ýurdumyzda guralýan dünýä we yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň hem ähmiýeti uludyr. Çünki şeýle bäsleşikler diňe bir türkmen sportunyň halkara giňişligindäki ornuny pugtalandyrmagynda möhüm mazmuna eýe bolman, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, bu ugruň ösüşiniň mizemez binýadyny kemala getirmekde hem diýseň düýpli ädimdir. Ata Watanymyz şeýle iri sport baýramçylyklaryny geçirmekde baý tejribä eýe bolan ýurtlaryň biri hökmünde tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanýar.