Ispaniýa ÝEWRO-2024-de Ýamal üçin jerime töläp biler

23 Iýun 2024
33

Germaniýada geçirilýän Ýewro-2024-de çykyş edýän Ispaniýanyň milli ýygyndysy turnirde ýaş oýunçy Lamin Ýamal sebäpli jerime tölemeli bolup biler. Has takygy, 16 ýaşly oýunçynyň 23:00-dan soň meýdanda hereket etmegi toparyň jerime tölemegine getirer.

Germaniýanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmet hukuklary dogrusyndaky kanunçylygyna görä, 18 ýaşa ýetmedik ýetginjekleriň sagat 20:00-dan soň, kadadan çykma hökmünde sportçularyň sagat 23:00-dan soň zähmet çekmegi gadagan edilýär. Netijede, eýýäm iki oýunda iki ýeňiş gazanyp, pleý-off ýollanmasyna eýe bolan Ispaniýa üçin indiki tapgyrlarda jerime bilen bagly mesele döräp biler. Çünki sagat 21:00-da başlanýan pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary goşmaça wagta uzalan halatynda Lamin Ýamalyň goşmaça wagtda meýdançada hereket etmegi Ispaniýanyň jerime tölemegine sebäp bolar. Jerimäniň mukdary, takmynan, 30 müň ýewro barabardyr.

Taýýarlan: Eldar ATAJANOW, TDBGI-niň talyby.