Döwletjan Ýagşymyradow «PFL-iň» Gran-pri turniriniň ýarym finalyna çykdy

23 Iýun 2024
59

Aşgabat wagty bilen 22-nji iýunda daňdan ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherinde «PFL 5» turniri geçirildi. Onda türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýong bilen tutluşdy.

Tutluşyk doly üç raund dowam edip, eminler biragyzdan (30-27, 30-27, 30-27) Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňşini ykrar etdiler. Bu ýeňiş arkaly ildeşimiz ýarym agyr agramda «PFL-iň» Gran-pri turniriniň ýarym final tapgyryna ýollanma aldy.