Gadymy Lebapdan Olimpiýa oýunlaryna

26 Iýun 2024
71

Dzýudonyň Lebap mekdebiniň uçurymlary Serdar Rahymow bilen Maýsa Pardaýewa Pariž şäherinde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dzýudo ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik ederler.

Serdar Rahymow Hojambaz, Maýsa Pardaýewa bolsa Köýtendag etrabynda doglup, ilkinji tälimi şol etraplarda aldylar. Häzir olaryň ikisi hem Aşgabatda ýokary bilim alýarlar.