Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Gadymy Änewiň müdimi söhbetleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy we medeni gymmatlyklarymyz dünýä jemgyýetçiliginiň egsilmez hazynasy hökmünde ykrar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy» diýen jümleleri dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklaryň ýokary depginli ösüşine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçen Samarkant sammitinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi ylmy jemgyýetçilik tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet öýünde Türki dilli döwletleriň medeni paýtagtlarynyň göçme nyşanynyň ýurdumyza getirilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda 2024-nji ýylda Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasy, bu şäheriň şöhratly taryhy we şu güni barada buýsançly gürrüňler edildi.

Sungat ýaraşygy zehin

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti milli sungatyň kämilleşmegi üçin çäksiz mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanda ýaş zehinleriň döredijilik başarnyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi, milli baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýaşlaryň ýiti zehininden habar berýär. Men Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň halkara derejesinde geçirilýän sergilere, maslahatlara, baýramçylyk dabaralaryna özleriniň sungat eserleri bilen işjeň gatnaşandyklary baradaky täzelikler bilen bu sungat ojagynyň web saýtyndan tanyşýaryn. Ýakynda Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegini halkara derejede wagyz etmegiň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky ylymlar akademiýasynda geçirilen «Magtymguly Pyragy — dünýä edebiýatynyň görnükli şahyry» atly ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymy Myratmergen Kulyýew gatnaşdy. Şeýle hem ABŞ-nyň Waşington we Nýu-Meksiko ştatynyň Santa-Fe şäherlerinde guralan ýaş suratkeşler üçin tejribelik saparyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Zakirjan Babaýew we şekillendiriş sungaty fakultetiniň talyby Durdymuhammet Pirowow gatnaşyp, dünýä sungatynyň gazananlary bilen tanyş boldular. Bu bolsa ýaş zehinleriň ýüze çykmagy w

Gül meňizli aýdymçy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Bahar Annaýewa Arkadag şäherinde geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» telebäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Kerim şahyryň «Söýgi diýseň, Aman düşýär ýadyňa» diýşi ýaly, Bahar diýseň, «Sogrup janym alsalaram, men seni söýmän bilmedim» diýen şirin owazly aýdymy bilen kalplarda orun almagy başaran Bahar Annaýewanyň mähirli keşbi göz öňüňe gelýär. Biz hem ýylymyzdan serpaýly bu asylly türkmen gyzy bilen söhbetdeş bolmagy makul gördük.

Tebigaty söýmek — Watany söýmek

15-nji dekabrda Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan eden «Tebigaty söýmek — Watany söýmek» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlarymyz, ýazyjydyr şahyrlar, žurnalistler, talyp ýaşlar türkmen tebigatyny wasp edýän goşgularydyr hekaýalary bilen gatnaşdylar. Kyssa žanry boýunça bäsleşigiň baş baýragyna ýazyjy Ahmet Halmyradow, poeziýa boýunça Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Çerkez Esenow mynasyp boldy. Bu halypalar bilen birlikde döredijilik bäsleşiginde I, II, III orunlara we höweslendiriji orna eýe bolan ýeňijilere Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz baş baýraga mynasyp bolan halypalara söz berýäris. * * *

Ezber sazanda

Suratda: Soltanmyrat Jygaýew maşgalasy Oguljahan we gyzy Abadan bilen (1971ý.). Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa sazandalaryň biri-de Soltanmyrat Jygaýewdir. Ol 1928-nji ýylda Aşgabat şäherinde dogulýar. Ene-atasyndan ir jyda düşensoň, ol atasy Jyga aganyň agasy, meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň maşgalasynda terbiýelenýär. Mylly aganyň çalýan sazlary, onuň ussat bagşy-sazandalar barada beren gyzykly gürrüňleri ýaş oglanyň göwnüni galkyndyrýar. Ol geljekde gazma dutara erk etmegiň arzuwy bilen ýaşaýar.

Saklanyp galan pursatlar

1996-njy ýylyň ýanwar aýydy. SSSR-iň halk artisti, meşhur aktýor we kinorežissýor Rolan Antonowiç Bykow we maşgalasy, aktrisa Ýelena Sanaýewa ýurdumyza döredijilik sapary bilen gelenlerinde Kerki şäheriniň gadymy ýadygärlikleri bilen tanyşmak üçin bu toprakda myhmançylykda boldular. Şol döwür Kerki etrap häkiminiň medeniýet baradaky orunbasary hökmünde arzyly myhmanlara ýolbelet bolmak paýyma düşdi. Olar bilen şäheriň golaýynda ýerleşýän il arasynda «Gorgan depe» diýlip atlandyrylýan Kerki beginiň galasyna, Emin Ýahudyň kerwensaraýyna, Şahy-Aňka galasyna (Annaguly depe), Daşsaraý köşgüne aýlanyp, gadymy ýadygärlikleriň geçmiş-taryhy barada gürrüň berdim. Gyzykly geçen gezelenjiň dowamynda olar bilen ýadygärlik surata düşdük. Aradan ýyllar geçse-de, bu suraty elime alanymda ömür örküni kino sungatyna baglan ussatlar baradaky ýakymly ýatlamalar serime dolýar.

Kämil nakgaş

Magtymgulynyň keşbini nähili döretdim?

Redaksiýadan: türkmeniň şygyr bilen gürlän danasy Magtymguly Pyragynyň keşbiniň döredilişi biziň her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Söz ussadynyň keşbini janlandyrmakda ilkinji hem şowly synanyşyk edenleriň biri Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewdir. Onuň döreden keşbi häli-häzire çenli beýik şahyra bagyşlanan nakgaşlyk hem grafika, heýkeltaraşlyk eserlerine esas bolup gelýär. Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlyk görülýän günlerde halypa suratkeşiň «Ýaş kommunist» (häzirki «Watan») gazetiniň 1956-njy ýylyň 6-njy aprelindäki 12-nji sanynda çap edilen «Magtymgulynyň keşbini nähili döretdim?» atly makalasyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Beýik alym şahyr Magtymgulynyň keşbini döretmek hakynda 1945-nji ýylda yglan edilen bäsleşik meni çuňňur pikirlenmäge mejbur etdi. Beýik akyldaryň keşbini döretmeli — bu, gör, nähili kyn we jogapkärli mesele. Türkmen halky öz söýgüli şahyryny nähiliräkdir öýdüp göz öňüne getirýärkä? Men bu sowala jogap tapman, köp gezdim, galamdaş ýoldaşlarymdan maslahat soradym, oba adamlary bilen gürrüňleşdim we ahyr soňunda Garrygala (häzirki Magtymguly etraby — red.) we Etrek sebitlerine gidip, alym şahyryň kowum-garyndaşlary bilen, ýaşulular bilen içgin pikir alyşdym. Emma Magtymgulynyň keşbini heniz-de dogry we doly çözüp bilmeýändigime ynanýardym. Şonuň

Ýaşlygyň ýaýlasynda — ýylyň ýyldyzy

15-nji dekabrda Arkadag şäheriniň Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda ýaş zehinli aýdymçylaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde guradylar. Bäsleşige Aşgabat, Arkadag şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan 17 — 35 ýaş aralygy bolan ýaşlar gatnaşdylar.

«Södümeni aýdyberseň ençedir...»

Bagtyýar zamanamyzda milli medeniýetimiz, sungatymyz we mirasymyz barha ösýär, dünýä ýaýylýar. Gadymdan gelýän aýdymlarymyz bu günki gün milli medeniýetimizi şöhlelendirýän aýratynlyk bolup durýar. Södümen aýdymlary hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli aýratynlygy bolup, olar dabaraly toýlarymyzyň bezegidir. Bu aýdymlar halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolmak bilen, häzirki wagtda milletiň taryhy-medeni köklerini, däp-dessurlaryny sazlaşdyrýar we ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Biz södümen aýdymlaryny ene-mamalarymyzdan öwrenip, şu günlerde ussatlyk bilen ýerine ýetirýän zenanlarymyzyň biri, Kerki etrabynyň Hatap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Arzygül Jumageldiýewa bilen söhbetdeş bolduk. ― Arzygül gelneje, mälim bolşy ýaly, milli gymmatlyklarymyzy dikeldip, gorap, olary geljekki nesillere ýetirmek biziň her birimiziň esasy borjumyz bolup durýar. Bu babatda siz öz toparyňyz bilen nähili işleri alyp barýarsyňyz?

Owazlar dünýäsiniň ýyldyzy

15-nji dekabrda Arkadag şäheriniň söwda toplumynda Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanda ýaş estradaçylaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler, şol sanda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegine, ýurdumyzyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegine goldaw bermäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň kuwwaty hem-de bagtyýar geljegi bolan ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas, beden taýdan sazlaşykly ösüşine möhüm ähmiýet berýär.

Medeni gymmatlyklaryň ojagy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatda, medeniýetde amala aşyrýan iri taslamalary, öňe sürýän teklipleri, gazanýan üstünlikleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Gadymy siwilizasiýalaryň mekany bolan Türkmenistan häzirki wagtda ýene-de beýik ösüşler, umumadamzat ähmiýetli işler bilen jahana ýaň salýar. Ynha golaýda, has takygy, geçen şenbe güni Änew şäheriniň geljek ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen dabarada hem bular babatda täsirli gürrüňler edildi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt kabul edilipdi. Türkmenleriň dünýäde iň bir gadymy halklaryň biri bolandygyny we häzirki Türkmenistanyň çäklerinde müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýaşandyklaryny hem-de bu topragy adamzat siwilizasiýasynyň kemala geliş merkezleriniň birine öwürendigini taryhyň özi ýalana çykaryp bolmaýan tapyndylaryň, antropologik maglumatlaryň, ylmy çeşmeleriň üsti bilen subut edýär. Türkmenleriň dünýä medeniýetiniň ösmegine sal

Täze ýyl şatlygy

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň «Altyn» toý mekanynda «Hoş geldiň, Täze ýyl eziz Diýara!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Aşgabat şäher häkimligi bilen Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara ýaşuly nesliň wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzda Täze — 2024-nji ýyly mynasyp garşylamak ugrunda taýýarlyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Baýramçylyk dabaralaryny aýdym-sazly konsert maksatnamalary bezeýär. Toý lybasyna bürenen paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi, yşyklandyryş bezegleri, Täze ýyl ýazgylary bolsa ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.

Türki dünýäniň medeni paýtagty

Ahal ýaýlasynyň gadymy mekany bolan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi halkymyz üçin buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Nesip bolsa, bu dereje geljek ýylda has gadymy we orta asyrlaryň şaýady bolan şäheriň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirmekde, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň ajaýyp ýadygärliklerini wagyz etmekde ähmiýetli waka bolar. Türkmenistanyň Änew şäherine 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» derejesini bermek baradaky degişli karar Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edilipdi. Mälim bolşy ýaly, Bursa şäheri 2022-nji ýylda bu derejä eýe bolupdy. Ine, 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen «Şuşa — türki dünýäniň medeni paýtagty — 2023»-iň ýapylyş dabarasynyň çäginde türkmenistanly wekillere TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň utgaşdyryjysy wezipesi hem-de «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany gowşuryldy. 1993-nji ýylda esaslandyrylan Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) maksady umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, geljek nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bolup durýar. Gurama her ýylda suratkeşleriň döredijilik duşuşyklaryny, surat sergilerini, edebi ýygnanyşyklary, opera, teatr, saz, tans festiwallaryny we beýleki forumlary guramak

Şatlykly waka

2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäherine degişli göçme kubogyň dabaraly gowşurylmagy taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Bu waka bagtyýar ildeşlerimiziň toý şatlygyna şatlyk goşdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsançly günlerinde şatlykly wakalaryň ýene-de birine şaýat bolduk. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäherine göçme kubogyň gowşurylmagynyň şanyna joşguna beslenen dabara geçirildi. Bu dabara welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeňlikde gatnaşdy.

Akyldar şahyryň pähim-paýhas mirasy

Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyrydyr. Onuň döredijiligi adamlara ruhy ganat berýär, durmuşa düşünmäge, jemgyýetde ornuňy tapmaga ýardam edýär. Şeýle bolansoň, şahyryň şygyrlary diňe bir türkmen okyjylaryna däl, eýsem dünýä halklarynyň dillerine terjime edilýär. Magtymgulynyň şygyrlary arkaly türkmen edebiýaty dünýä ýaýylýar. Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiliginde milli terbiýäniň ajaýyp nusgalary jemlenýär. Mysal üçin, ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde akyldar şahyryň goşgy setirlerinden giňden peýdalanylýar:

Toý ruhubelentligi

Täze ýyl şagalaňly bellenýän şanly baýramlaryň biridir. Dünýäniň ençeme ýurdunda bolşy ýaly, berkarar Watanymyzda hem bu sene ýokary ruhubelentlikde bellenýär. Ajaýyp baýramçylygyň toý öwüşginleri häzirki günlerde diýarymyzyň ähli ýerinde aýdyň duýulýar. Şäherçelerdir şäherlerimiz, sözüň doly manysynda, toý ruhuna beslenýär. Halkymyz täze, 2024nji ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşylaýar. Geljek ýylda ulusilimiz beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belläp geçer. Türkmenistanyň teklibi boýunça bu senäniň 20242025nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde bellenip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Milli gymmatlyklarymyz — milletiň buýsanjy

Mekdebimizde «Milli gymmatlyklarymyz — milletiň buýsanjy» diýen mowzukda çäre geçirildi. Onda Milli Liderimiziň eserleriniň esasynda dünýä medeniýetiniň hazynasyna giren gadymy gymmatlyklarymyz hakynda gyzykly söhbet edildi. Ahalteke bedewimiz, nepis halymyz, alabaý itimiz, saryja goýnumyz ýaly we başga-da onlarça gymmatlyklarymyzyň milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegini düzýändigi, olaryň dünýä medeniýetiniň hazynasyna öwrülendigi baradaky buýsançly gürrüňler ýaşlaryň mähriban Watanymyza, şöhratly geçmişimize we şu günümize bolan buýsanjyna buýsanç goşdy. Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýan wakalaryň juda köp bolandygy barada hem aýdyldy. Şolaryň birisi ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigidir. Parasatly halkymyzyň özüniň asylly gylyk-häsiýetini, paýhasyny watançylyga ýugrulan «Görogly», «Gorkut ata» ýaly şadessanlaryna, ruhuňy galkyndyrýan sazlarydyr aýdymlaryna, «Küştdepdi» ýaly tanslaryna, nepis halysyna, şowurdaýan ketenisine, şaý-seplerine, meşhur ahalteke bedewlerine, wepaly alabaýyna geçirendigi baradaky söhbetler ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Juwan ýürekleriň joşguny

«Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşikde öz beýanyny tapdy Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň hatarynda aýdym-saz sungatyna aýratyn orun degişli. Bu sungat ýüreklerden-ýüreklere geçip, heňňamlaryň gujagynda kämilleşip geldi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýaş zehinli aýdymçylarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky tapgyry hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda indi on bäşinji gezek geçirilýän bäsleşigiň Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda geçirilen jemleýji tapgyryna ýaş ýerine ýetirijileriň 10-sy gatnaşdy. Olaryň çykyşlaryna deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylaryň hem-de radiodiňleýjileriň has köp bölegi ses berdi. Ýaryşyň şertine görä, bäsleşige gatnaşyjylaryň her biri iki aýdym ýerine ýetirdi.

Änew şäheri — 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty»

Mälim bolşy ýaly, 15-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hasabatyň barşynda Änew şäherine berlen ýörite göçme kubogy gowşurmak dabarasy barada hem aýdylyp, hormatly Prezidentimiz onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini degişli ýolbaşça tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde dabara geçirildi. Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt geçen ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Me