Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Müdimi senet

Halkymyzyň gadymdan gelýän “Görogly” şadessany, küştdepdi aýdym-saz dessury, türkmeniň halyçylyk sungaty ýaly milli gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp ornuny tapdy. Toýlarymyzyň bezegi bolan dutar hem özboluşly milli gymmatlyklarymyzyň biri hasaplanýar. Edil dutar çalmak ýaly, ony ýasamak hem örän inçeligi talap edýän sungat. Men muňa dutar ýasaýan senetkär, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy Guwanç Şükürow bilen gürrüňdeş bolanymda has-da anyk göz ýetirdim. Ol şeýle gürrüň berdi: Dutar ýasaýan adam ony hökman çalyp hem bilmeli. Haýsy perdeden nähili owaz çykýar, kirişleri nähili bolmaly, senetkär bu sowallaryň jogaplaryny dutar ýasaýan mahaly biläýmelidir.

Baýraklar dabaraly gowşuryldy

DÜÝN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň zehinli çagalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaş nesliň arasynda uly meşhurlyk gazanan agzalan baýraga bu gezek welaýatymyzdan ruhubelent çagalaryň onusy mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, bu baýrak ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşandyny goşýan, şeýle-de bilim, döredijilik bäsleşiklerinde, dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, galyberse-de beýleki ugurlarda tapawutlanýan çagalara berilýär. Baýragyň ýeňijilerini Täze ýylyň başynda dabaraly ýagdaýda sylaglamak däbe öwrüldi.

Ussadyň ýoly

A.Berdiýewiň döreden Akmyrady tomaşaçylaryň aňynda şahyrana hem-de duýguçyl sahna gahrymanyň keşbi bolup galdy. Milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan ussat halypalar barada gürrüň edilende, Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýewiň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar.

Ýeňijilere baýraklar gowşuryldy

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň Aşgabat şäheri boýunça ýeňiji bolan çagalaryň 19-syna sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden bu bäsleşigine ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň, aýdym-saz we döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň we döredijilik toparlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Netijede, bu ugur boýunça tapawutlanan çagalaryň 64-si we 2 sany çagalar döredijilik toparlary ýeňiji diýlip yglan edildi.

Zehiniň suraty

Onuň özüni görmän, eserlerini synlasaň-a, «Ol öz ýoluny tapan suratkeşdir» diýdirýär. Bu sungatda seýrek gabat gelýän ýagdaý. Sungatyň taryhy jähetinden adaty, ukyp-başarnygy babatda alanyňda weli, «adaty däl» (mümkin däl) diýdirýän geňlik. Şeýle zehinlileriň sungat dünýäsine gelşinden başlap, olaryň döredijiliginiň soňky menzillerine çenli gözlegi täzeçillik bolýar. Olar täzeligiň yşgynda bolansoňlar, beýik işleri döredýän adam hökmünde tanalýar. Biziň hem gürrüňini etmekçi bolýanymyz, entek ol döredijilik ýoluna-ha ymykly düşüberenok, ýöne «ol öz ýoluny tapan» diýdirýän suratkeşdir.

Watan merdana nesillerine guwanýar

Onuň döredijiliginde şekilli aýdymlar hem aýratyn orun eýeleýär. «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilen «Düýe çaly», «Üzärlik», «Türkmen alabaýy» ýaly şekilli aýdymlary bilen bagşy Rahman Rahmanow Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe sylag-serpaýyna mynasyp boldy. «Halal zähmet çekip, ata Watanyň gülläp ösmegine uly goşant goşup, at-abraýyny belende göterip, halkyň söýgüsine, sylag-hormatyna mynasyp bolmak uly bagtdyr» diýip nygtaýan eziz Arkadagymyz bize döretmek, gurmak, bagtyýar döwrümize öz sesiňi goşup, yhlas bilen zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser eden Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň konsertmeýsteri, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Rahman Rahmanowyň mysalynda hem aýdyň görmek mümkin. Oňa ýurdumyzyň aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan aýratyn goşandy, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti nazara alnyp, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly at dakyldy.

Ýüreklerde orun alan gyjakçy

Welaýatymyzda ençeme tanymal bagşy-sazandalar ýaşap geçipdir. Şolaryň biri-de 1926-njy ýylda Hojambaz etrabynyň Burdalyk obasynda doglan Kasym Omarowdyr. Ol öýlenip, maşgalaly bolandan soň, Saýat şäherine göçüp gelip, şol ýerde ymykly mesgen tutunyp, pagta arassalaýjy kärhanasynda sürüji bolup işlän gyjakçy, tirmeçi hem-de dessançy bagşydyr. Çagalyk döwrümde öýümize bagşy-sazandalar köp gelerdi. Gijäniň bir wagtyna çenli aýdym-saz ederdiler. Şonda bir myhmanyň elindäki täsin saz guralyndan owaz alşyna haýran galyp oturýan halatlarym ýadyma düşýär. Soňraklar bilip otursam, ol gyjakçy Kasym Omarow, nobatma-nobat aýdym aýdýanlar bolsa, ýerli bagşylar Jumabaý Berdiýew, Çary Gutlyýew, Bäşim Çaryýew ekeni.

Watan mukaddesligi

Geçen — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilen güýzki bag ekmek möwsümi halkymyzyň togap edýän mukaddeslikleriniň biri hökmünde topraga goýýan sarpasyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Çünki türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde toprak mukaddesligine aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda manyly ýaşamagyň sungaty beýan edilýär. Ýaşamak, ýalkanmak, tagzym-togap etmek üçin bolsa toprak hem Watan gerek. Ine, hut şu zerurlyklaryň gymmatyna düşünmekde bolsa mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp eseri adam üçin täze ruhy ýollary açýar. Ýoluň açyklygy bolsa türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde alnyň, bagtyň açyklygy hasaplanylýar. Diýmek, ata Watan hem ene toprak biziň bagtymyzdyr, açyk ýolumyzdyr.

Ak öýleriň zynaty

Howanyň çigräp başlamagy naýbaşy milli senetçilik önümlerimiziň biri bolan keçäniň durmuş, lukmançylyk we ruhy ähmiýetini has-da artdyrýar. Çünki keçe aýazly gyş aýlarynda özge düşek küýsetmeýär. Boz keçe örtülen altyn başly ak öýleriň içi gor ýaly bolýar. Ojakbaşy keçäniň üstünde dem-dynjyňy alyp, gök çaýdan ganarsyň welin, agyry-ynjyňa-da haýry degip, gök çaý janyňa melhem-derman bolaýar. Keçäniň gözellik dünýäsi-de özboluşly jadyly sungat mysaly. Onuň täsin gülleriniň mazmunyna dili dogaly ene-mamalarymyzyň arzuw-islegleri, ýagty umytlary siňen bolsa, gyralaryna salynýan şar gara ýüňli bölegi diňe bir gözden-dilden däl, eýsem, sähra mör-möjeklerinden hem goraýar. Şoňa görä-de, parasatly pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň arasynda ulanylyş taýdan dürli maksatlara niýetlenip taýýarlanylýan keçe önümlerine uly orun degişlidir. Şondan ugur alnyp, keçe milli senetçiligimiziň sungat derejesine ýetirilen kämil nusgalarynyň biri hasaplanýar. Gülleriniň sazlaşykly utgaşmasyny, kämil tehnologiýa usullaryny ulanyp basylyşyny synlan daşary ýurtly sungaty öwrenijiler bolsa türkmen keçesini ýüňden düzülen mukama deňeýärler.

Hasyl bolan arzuw

Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan Täze ýyl baýramy ýetip gelipdi. Şäheriň köçeleri diýseň owadandy. Oklaw ýaly göni köçeleriň ugrundaky hatar tutup oturan arçalardan başlap, howalanyp duran ak mermerli belent binalaryň öňündäki meýdançada ýörite oturdylan beýik arçalara çenli dürli reňkli çyralarydyr täsin bezegleri bilen ýylpyldaşyp, seredeniň göwnüni göterýärdi. Ençe wagt bäri ýüreginiň töründen ýylpyldap duran umyt uçgunlaryny söndi hasaplap gelýän gyz öýlerine nähili ýeteninem duýmady. Ol aşhanada güýmenip ýören ejesine-de habar gatman, göni öz otagyna girdi. Eşiklerini çalşyp, eline ilen kitaplaryň birini aldy-da, kürsüde ornaşdy. Ýöne kitap onuň ünsüni bölüp bilmedi.

Täze ýyl arzuwlary

Sygyr ýyly ýola düşdi,Aýlar-günler owuz bolsun!Allaň beren gözel ömri Gabyk däl-de, maňyz bolsun! Diňe ýagşylygy görýän,Rehnet nurly gözüň bolsun!Doga edip göterýäniň — «Watan!» diýen sözüň bolsun!

Zähmete sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby çuň many-mazmunlylygy bilen okyjylarda, uly gyzyklanma döredýär. Bu kitabyň daşary ýurt dillerinde çap edilip, dünýä halklaryna ýetirilmegi bolsa, kitabyň meşhurlygyny has-da artdyrýar. Kitabyň her bölüminde bolşy ýaly, «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde hem beýan edilen jümleler her bir ynsana oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlaryň edep-ekram, ruhy-ahlak terbiýesini has-da kämilleşdirmekde ol möhüm orun eýeleýär. Ýaşlary zähmete höweslendirmäge, olara öz zehinlerini açmaga, jemgyýetdäki işjeňligini artdyrmaga itergi berýän jümleler bu bölümiň düýp özenini düzmek bilen, eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň durmuşda özlerine hünär saýlap almagyna we ony kämilleşdirmegine dogry ýollary salgy berýär. Şeýle hem päk ýürekden halal zähmet çekmegi, gaýratlylygy, zähmetsöýerligi ündeýär.

Ýumşak örtükden başlanýan owadan tanslar

«Gutly Gün dogşundan belli» diýlişi ýaly, daşarda şeýle bir gar ýagýar, özem juda owadan ýagýar. Onuň edil ýylgynyň püri ýaly ownuklap ýagşynda birhili özüne çekiji rahatlyk bar. «Owadan ýagýar» diýenimi «näzli ýagýar» diýip, çalşyp bolmazmyka?» diýibem oýlanýaryn. Garyň ýumşaklygy ýene bir ýakymly duýgyny döretse, daş-töweregi aklyga büräp barşy bilen ol «Näzli» tans toparynyň ýerine ýetirýän «Durnalar» atly owadan tansyny ýadyma saldy... Hormatly Prezidentimiziň medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlap geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda tans toparlaryna Germaniýada öndürilen ýumşak örtükleri alyp berendigi barada hem aýdyldy. Bu gün halypa-şägirtlik ýolunda döredijilikli zähmet çekýän tans toparlary bu ýumşak örtük bilen üpjün edildi. Öz alyp barýan işleri, halypa-şägirtlik sungaty, Gahryman Arkadagymyzyň sungat işgärlerine döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda gürrüň etmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Gözel Gurbanowa ýüz tutduk.

Ruhy we döredijilik joşguny

Türkmeniň medeniýeti özüniň milliligi, gözelligi, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu günki gün türkmen medeniýetine dünýä derejesinde uly sarpa goýulýar. Mälim bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda — 23-nji dekabrda mähriban Arkadagymyz wideoaragatnaşyk arkaly medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Bu iş maslahatynda öňde durýan wezipeler we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetçilik ösüşiniň özeni hökmünde medeniýete aýratyn üns berip, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmakda-da onuň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar.

Sungata örklenen ömür

Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen söhbetdeşlik Sungaty ykbalyňa öwrüp, şol älemde öçmejek yz galdyrmak bagtyýarlykdan nyşan. Munuň şeýledigine ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döredijiligi bilen içgin tanşanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Halypanyň ussahanasyna ilkinji gezek gadam basan günümiň aňymda täsir galdyran ýatdan çykmajak üýtgeşik pursatlaryny täzeden başdan geçirmek üçin, şol ussahana — tarypy soňlanmajak heýkelleriň syrly dünýäsine birnäçe gezek seýrana bardym. Her gezek baranymda-da, kalbymy heýjana salýan üýtgeşik bir buýsanç duýgusy gaplap alýardy. Irmän-arman zähmet çekip oturan heýkeltaraş meniň bilesigelijilik bilen berýän soraglaryma ýaltanman jogap berýärdi. Öň gazet-žurnallarda ussat heýkeltaraş barada ençeme gezek ýazylanam bolsa, onuň döredijilik hem durmuş ýoly dogrusynda halypanyň hut özi bilen söhbetdeş bolmak has-da täsirli boldy. Çaý başyndaky täsirli söhbedimizi size-de ýetirmegi makul bildik.

Owazy jahana ýaýran dutarym

DUTAR WE TÜRKMEN AÝDYM-SAZ SUNGATY HAKYNDA SÖHBET Dutar — türkmen halkynyň kalby. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň derwezesi gara gazma dutaryň goşa kirişlerinden döreýän jadyly owazlar bilen açylýar. Türkmen halkynyň ýasawyna, milli ýörelgelerine akyl ýetirmek üçin taryhyň çuňluklaryna kök uran dutar mukamlaryna düşünmek zerur. Gazma dutar, onda çalynýan mukamlar taryhyň özi ýaly gadymylygyny, ilkibaşky terligini saklap galypdyrlar. Dutar türkmen halky millet bolup kemala gelenden soň döräpmi ýa-da ondan owal hem bolupmy diýen soraga birbada jogap bermek örän çetin. Emma pederlerimiziň şanly taryhynyň islendik döwürlerine nazar aýlanyňda, dutary özleriniň ýakyn hemrasy hasaplandyklaryna şaýat bolýarsyň.

Aýdymyň aşygy, sazyň muşdagy

Geçen asyryň 60-njy ýyllary Öwezgeldi Tekäýew, Mämi Çaryýew, Roza Hudaýbergenowa dagynyň türkmen estradasynyň ussatlary hökmünde tanalyp başlan döwürleridi. Astanberdi Möwlamberdiýew hem şol ýyllarda «Armanda men, armanda», «Gyzyl güller, elwan güller», «Kim getirse Ýusup bilen Ahmedi» ýaly aýdymlary bilen diňleýjileriň göwnüni awlapdy. Entek jahyllykdan ýaňy saýlanan ýigidiň aýdymlary radioýaýlymlarda hoş owaz bolup ýaňlanýardy. Astanberdi aýdym-saz dünýäsine aralaşmak üçin yzygiderli öz üstünde işleýärdi. Onuň ilkinji halypasy agasy Eýýämberdi Möwlamberdiýew bolupdy. Eýýämberdi mandolin, dutar, akkardeon saz gurallarynda saz çalmagy, goşgy, aýdym düzmegi başarýardy. Ol inisine-de aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwretdi. Ýaşlykdan aýdym-saza höwesek Astanberdi Kerki şäheriniň medeniýet öýünde usulçy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Arzuwdan doly gursagy ony aýdym-saz dünýäsine içgin aralaşmaga howlukdyrýardy. 1972-nji ýylda sungat ugrundan düýpli bilim almak maksady bilen Türkmen döwlet sungat institutyna okuwa girýär, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny, opera sungatynyň ýollaryny halypalaryndan öwrenýär. Halypasy, Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Berdiýewden dirižýorlyk etmek, aýdym aýtmak boýunça kämil bilim-terbiýe alýar. Instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlap, öz dogduk mekany Kerki şäherine dolanýar. Şäherde ýerleşýän mugallymçylyk mekdebinde aýdym-saz ugrundan talyplar

Ylham joşguny

Taglymatyň gül açyp, dünýä doldy owazaň Eý köňüller hoşgähi, gurduň ajap zamanaň,Dünýäniň ýüreginde dost-doganlyk salamyň.Durmuşyma pelsepe her bir aýdan kelamyň,Köşküň-tagtyň rowandyr,                                      Ak ýollaryň dowamdyr,Jahana röwüş berýär şan-şöhratyň, owazaň.

Rysgal-döwletiň nyşany

Uly ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslenip gelen Täze — 2021-nji ýyl gadymy Gündogar senenamasy boýunça sygyr ýylyna gabat gelýär. Dünýä taryhynda uly yz galdyran Oguz türkmenleriniň döwrüne degişli taryhy çeşmelerde Oguzlaryň hojalygynda maldarçylygyň uly orun tutandygy köp gezek ýatlanylýar. Dana pederlerimiz ähli döwürlerde hem tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, onuň beren baýlyklaryndan aýawly peýdalanyp gelipdirler. Etinden, süýdünden dürli görnüşli azyk önümleri taýýarlanylyp, derisinden egin-eşikler we esbaplar ýasalan iri şahly mallar ekerançylyk işlerinde hem giňden peýdalanylypdyr. Umuman sygyr, öküz ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan halklaryň durmuşynda bereket-bolçulygyň, egsilmez kuwwatyň nyşanyna öwrülipdir.

Beýik ösüşleriň ruhy güýji

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda sünnäläp döreden milli däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, paýhas ýörelgelerine aýratyn hormat goýýan, sarpalaýan mähriban Arkadagymyz olary kämilleşdirmek, geljekki nesillere ýetirmek üçin beýik işleri alyp barýar. Täze, 2021-nji ýylyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlap geçiren iş maslahatynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda medeniýet ulgamynyň, hususan-da kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň öňünde durýan wezipeleriň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda şanly sene mynasybetli tanymal ýazyjy-şahyrlar, zähmet weteranlary bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary yzygiderli guramagy tabşyrdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe süren Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşymyza döwrebap, ýokary tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Onlaýn aragatnaşygy, internet saýtlary, elektron poçtalary muňa aýdyň subutnama bolup durýar. Her bir meseläni ünsünden sowmaýan Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamlary ösdürmegi, hasam kämilleşdirmegi möhüm wezipe edip goýýar.