Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Üns be­riň, bäs­le­şik!

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­ny has-da da­ba­ra­lan­dyr­mak, ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de ro­waç­lan­ma­gy­na, ber­ke­me­gi­ne, ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar­da ösüş­le­riň be­lent sep­git­le­ri­ne ýet­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­mak, eziz Di­ýa­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­mak, mu­kad­des top­ra­gy­my­za hem-de gö­zel te­bi­ga­ty­my­za gu­wan­mak, hal­ky­my­zyň me­de­ni mi­ra­sy­ny, ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ni gi­ňiş­le­ýin wa­gyz-ne­si­hat et­mek, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ga­za­nan be­lent ab­raý-mer­te­be­si­niň kök­le­ri­ni açyp gör­kez­mek, äh­mi­ýe­ti­ni, ma­ny-maz­mu­ny­ny halk köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­mek, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ga­za­ny­lan ta­ry­hy öz­gert­me­le­ri wasp et­mek we dün­ýä ýaý­mak, şeý­le-de 2021-nji — «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Sy­ýa­sy Ge­ňe­şi­niň hem-de «Wa­tan» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­nyň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­niň ka­ra­ry bi­len oky­jy­la­ryň ara­syn­da «Pa­ra­hat­lyk — ýü­rek baý­da­gy, Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diýen ugur boýunça ma­ka­la­la­ryň, oçerk­le­ri

Fotosuratçylaryň bäsleşigi

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer baş ýörelgesi esasynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar ýaşaýan, gurýan, döredýän türkmen halkymyz 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besleýär. Berkarar türkmen döwleti geçen otuz ýylyň içinde asyrlara barabar ösüşleri gazanyp, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda dünýäni haýrana goýýan üstünlikleriň belent sepgitlerine eýe boldy we tutanýerli, halal zähmet bilen ösen döwletleriň hataryna goşulyp bilendigini dünýä äşgär etdi. 2021-nji ýylyň «Tükmenistan — parahatçylygyň we yanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň fotosuratçylaryny Watanymyzda bolup geçýän özgerişleri, türkmen ykdysadyýetiniň, syýasatynyň, medeniýetiniň, sungatynyň ösüşlerini teswirleýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny döredijilikli çeper beýan edýän ýokary hilli surat eserlerini döretmäge höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary bilen fotosuratçylaryň arasynda «Garaşsyz Türkmenistan fotosuratlarda» ugur boýunça fotosuratlaryň bäsleşigi yglan edildi.

Watan, seniň gudratyňa döneýin!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen gözel ada eýe bolan ýylymyzda elmydama uly harplar bilen ýazyp, gursagymyzda göterýän Watan sözüniň bolmagy dünýämizde iň bir ýakymly duýgulary oýardy. Şu sözlerem şeýle buýsançly duýgularyň esasynda beýan tapdy. Hormatly Prezidentimiz: «...Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy babatdaky garaýyşlarynda ýüze çykýar...» diýip belleýär. Munda çuň many bar. Çünki haýsydyr bir adam bilen söhbetdeş bolýarkaň, onuň Watan bilen baglanyşykly aýdyp berýän gürrüňleri hoş ýakýar. Hut şol gürrüňlerden hem onuň Watanyna nähili sarpa goýýandygyny, ony nädip ezizleýändigini duýmak bolýar. Ol döredijilik babatda-da şeýle. Watan hakynda ýazýarkaň, ähli ukyp-başarnygyň ýüze çykyp, zehiniň açylyp, ol iň bir ýürekden ýazylan eserleriň biri bolup çykýar.

Ýagşy sözden göwün teselli tapsyn!

Men 84 ýaşymyň ýedi ýaşyndan bärsini, okap, öwrenip, bilmäge çalşyp ýaşap ýörün. Häzirem ýylda 3-4 sany gazet-žurnala ýazylyp, olary yzygiderli okaýaryn. Kärim boýunça himiýa we biologiýa mugallymy. 53 ýyllap şu derslerden okuwçylara bilim berdim. Döwlet sylaglaryna, okuwçylarymyň, olaryň ata-eneleriniň, obadaşlarymyň hormatyna mynasyp boldum. Nusgawy şahyrlarymyzdan başlap, ondan bärdäki ýazyjydyr şahyrlarymyzyň, dünýä, rus, sowet edebiýatynyň görnükli wekilleriniň köpüsiniň diýen ýaly eserlerini okap çykdym. Şol kitaplar meniň gözýetimimi, dünýägaraýşymy giňeldipdi. Türkmen edebiýatynyň şamçyragy, genji-hazynasy, öçmez ýyldyzy Magtymguly pähimdarymyzyň dana goşgulary ylla daşa ýazylan ýaly ömürbaky ýadymda dur. Olar neneň unudylsyn?! Meniň Magtymguly atamyzy älem-jahana nur saçyp duran Güne, goşgularyny bolsa «Ýer göteren sary öküziň» (Magtymgulynyň goşgusyndan), ýagny Günüň san-sajaksyz şöhlelerine meňzedesim gelýär. Sebäbi onuň tematikasy Gün şöhleleri zeýilli uçursyz kän, sanap gutarar ýaly däl. Şolardan käbirini dile getireýin: Watanymyzy, il-günümizi, gözel tebigatymyzy söýmek, agzybirlik, dogruçyllyk, mertlik, wepalylyk, ata-ogul, dost-dogan gatnaşygy, rehimdarlyk, sahylyk, halallyk, alkyş almak, myhmansöýerlik, pähim-paýhaslylyk, geçirimlilik, öwüt-ündew, sabyrlylyk, şükürlilik, kanagatlylyk, göwünlik bermek — tesellilik, pespällik, dünýä akyl ýetirmek, töwekgellik, e

Hoş owazly bagşydy

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow bilen maňa köp ýyllap duz-emek bolup gatnaşmak miýesser edipdi. Ol ýetginjeklik döwrümde menden Baýram şahyryň goşgulary ýerleşdirilen kitaby sorap alypdy. Balkan dagyny wasp etmekde meşhurlyk gazanan şahyryň goşgular ýygyndysyny ürç edip, ilik-düwme öwrenipdi. Ilkinji aýdymy bolan «Şaglap iner bürgütleri» bilen hem adygyp başlapdy. Bagşynyň ýognasdan dury sesi, labyzly owazy bardy. Hiç kimiňkä meňzemeýän arassa jukguldysy bilen hem tanalypdy. Meşhur Sahy Jepbarow oňa «Ors bagşy» diýip lakam goýdy. Şeýle diýilmezçe-de däldi. Sebäbi ol saryýagyz hem-de gök gözlüdi.

Sungat äleminde

Bagşyçylyk ýoly dowam edýär Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, eziz Watanymyzyň, bereketli topragymyzyň, mähriban enelerimiziň waspyny ýetirýän, şeýle-de, halk aýdymlary bilen halkymyzy begendirýän aýdymçy-sazandalaryň biri hem Tagtabazar etrabynyň Marçak geňeşligindäki Garly Durdyýew adyndaky oba medeniýet öýüniň müdiri Rozymyrat Orazowdyr.

Agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy

Milli terbiýe, milli häsiýet örän çuň düşünjelerdir. Diňe ýagşylyk düşünjesi arkaly milli terbiýäniňdir milli häsiýetiň esasy aýratynlyklaryny açyp görkezmek bolar. Çünki her bir zadyň başlangyjynda, isle ol terbiýe bolsun, isle iş bolsun, gözbaşda agzybirlik durýar. Şeýle bolansoň pederlerimiz agzybirlige synmaz gala hökmünde garapdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly», «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk — abatlyk», «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk — asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» ýaly bölümlerden ybarat. Bu ajaýyp kitapda agzybirlik düşünjesiniň özbaşdak bölüm edilip alynmagy çuň many-mazmuna eýedir. Agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy. Döwletlilik — bagtyýarlyk, şonuň üçin hem bu babatda pelsepewi pikir ýöredilende, agzybirlik ýaly milli häsiýete ünsi çekmezlik mümkin däl. Agzybirlik bolan ýerde bagt bar, agzybirlik bolan ýerde üstünlik bar, agzybirlik bolan ýerde aýdyň ertirlere ynam berkeýär.

Ussatlar unudylmaýar

Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň her obada, ilde sulhy alyşýan dostlary bolupdyr. Halypa bagşy aýdym-saza düşünýän, oňa hormat goýýan adamlar bilen gatnaşyk eder eken. Bilbil owazly bagşy hökmünde tanalan Çuwal halypanyň gadymy Köneürgenç sebitleriniň üstünden ýoly düşäýse, ol hökman kakam Kakabaý Nuryýew bilen didarlaşyp, bir gije myhman bolup, dem-dynç alyp geçer eken. Şonda kä halatlar toý-meýlislerde onuň ýanynda ogly Jumaguly Magtymgulyýew gyjakda sazandarlyk eder eken. Häzirki ýaly, ol döwürlerde-de welaýatymyzda atly, eli saza ýüwrük gyjakçy sazandalar köp bolupdyr. Ýöne halypa bagşy aýdym aýdanda Sapar Bekiden özge sazandany göz öňüne getirmändir. Şeýle-de bolsa, kä ýarym toý-tomaşalarda halypa bagşy söwer ogly, ussat sazanda Jumagula-da ýanynda gyjak çaldyrypdyr. Gyjakçy Jumaguly Magtymgulyýew saz guralynyň sapyna bilbil gondurýanlardandy. Onuň eline dutar ber, hala gyjak ber, asla saz gural dannamasy bolmazdy. Eline düşen saz guralyny saýradardy. Jumaguly halypanyň welaýatymyzyň halypa bagşylarynyň ýanynda köp gezekler gyjakda sazandarlyk edeni häli-häzire çenli ýadymda galypdyr. Onuň agyr göwresi bardy, ýüzi agrasdy. Emma keýpi kök çaglary gyzykly gürrüňleri tapyp, märekäni gyzyl-gyran gülüşdirerdi. Ol degişgen adamdy. Saz çalanda oturan märekäni ýüpsüz daňardy. Ylaýta-da, bagşy «kowmaga» gezek gelende onuň öňüne geçjek ýokdy. Tutumly toýlarda men o

Watan goragy mukaddesdir

Goja heňňamyň bir hakykaty bar — iň eziz, mukaddes hasaplanylýan zatlar mydama goralyp gelinýär. Şol mukaddeslikleriň ilkinjileriniň hatarynda eziz Watan durýar. Çünki Watan — ynsanyň göbek ganynyň daman mekany, önüp-ösen mesgeni. Hut şonuň üçin-de Watan mukaddes hasaplanylýar, keramatlyk derejesinde sarpalanýar. Şeýle mukaddesligiň goragynda durmak-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Şeýle jogapkärçiligi egnine alan, döwlet tarapyndan ynanylan belent wezipäni berjaý edýän Milli Goşunymyzyň şahsy düzümi Watan goragçylarynyň gününi bütin halkymyz bilen bilelikde dabaraly belläp geçýär. Watan goragçylarynyň güni her ýylda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilýän şanly seneleriň biri. Ähli zatlaryň Watandan başlanyşy ýaly, Watan goragçylarynyň gününiň-de ýurdumyzda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilmegi hem özboluşly mana eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Watan başymyzyň täjidir!» diýen parasatly jümlelerini atalyk pendi hökmünde kabul edýän harby gullukçylar özleriniň baýramçylyklaryny her ýyl mynasyp derejede belleýärler. Mert pederleriň ruhy bardyr köňülde

Merdanalyk mekdebi

Mukaddes Watany söýmegi, onuň bir bölegidigiňe guwanmagy, ene topragy gözüň göreji deýin gorap, ata ýurduň mertebesini beýgeltmegi körpelikden kalbyma guýan kakam pahyr bolupdy. Ol heniz men dünýä inmänkäm, Beýik Watançylyk urşunda bir elini aldyryp gelen ekeni. Oglanjykkam kakamyň boş ýeňini görüp, munuň sebäbi barada soranym, şu günki ýaly ýadymda. Şonda kakam çaga düşnükli boljak sözler bilen Watany goramak üçin gerek bolsa, şirin janyňy hem aýamaly däldigini düşündiripdi.

Şygryýet älemi

Guwanjym sen, Aşgabat! Gül Watanmyň ýüreginiň owazy,Guwanjym sen, buýsanjym sen, Aşgabat!Goýnuňda bark urýar dagyň howasy,Guwanjym sen, buýsanjym sen, Aşgabat!

Ezizowdan Pyraga çenli

...Bu setirleriň ýazylmagyna irden işe gitmek üçin münen ýolagçy awtobusymdaky waka sebäp boldy. Ir säheriň ümri gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak şähere gonak bolupdy: köçelerdir binalar, daragtlardyr ýan ýodalar... ýukajyk çal ýapynja ýapynypdy. Beýle pursatlarda, elbetde, goýazy pikirler seriňe dolýar. Emma onýança awtobusyň radiosyndan aýdym ýaňlanmaga başlady:

Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtyýar waspçysy

Sungat ussatlarynyň döredijilik dünýäsi bilen gyzyklananyňda, olaryň ussat bolup ýetişmekleriniň gönezliginiň çagalyk ýyllaryndan gözbaş alýandygyna şaýat bolýarsyň. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem şeýle döredijilik we sungat ussatlaryny ýetişdirmekde ýurdumyzda çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň uly orny bar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan edýän «Merdana nesil», «Iň eýjejik gyzjagaz», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem bu ugurda ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Ýakynda gowşurylan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijisi Rahym Ahadow hem döredijilik we sungat dünýäsine ýaňy gadam basan zehinli oglanjyklaryň biri. Rahymyň kalby aýdym-saza teşne. Ol heniz çagajykka deň-duşlary bilen oýnanda hem hemişe aýdymçy ýa sazanda bolardy. Bedräni beýleligine düňderip, saz çalyp, aýdyma gygyryberýän wagtlary az bolmandy. Ol ýatkeşligi bilenem öz ýaşytdaşlaryndan tapawutlanýardy. Bir gezek eşiden aýdymynyň sözlerini, bir gezek okan goşgusyny ikinji gezek ýatdan aýtmagy başarýardy.

Hereketiň hem owazyň ýakymly sazlaşygy

Türkmen halk döredijiligi şahyrana eserlere baýlygy, özüniň akgynlylygy, çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Türkmen edebiýatynda halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri zikirdir. Zikir özüniň müň ýyldan hem gowrak taryhynda köp özgerişlere duçar bolýar. Ol soňky ýüzýyllykda öňki mazmunyny bütinleý özgerdip, «küştdepdi» diýen at bilen ilatyň arasynda dabaralarda täze mazmunda ýaýrap başlaýar.

Mukaddes borjumyz

Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň parahatçylyksöýüjilik we merdi-merdanalyk, gahrymançylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Merdana pederlerimiziň mertlik mekdebiniň dowamaty bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri goranyş häsiýetli, söweşjeň ukyply milli goşunymyzdyr. Şeýle kämil goşunda gulluk edip, ýurdumyzyň goranmak ukybyny artdyrmak, döwletimiziň asudalygyny, halkymyzyň parahatçylygyny goramak ýaly mukaddes borjy amala aşyrýan Watan goragçylarymyz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda aýratyn üns we alada bilen gurşalandyr. Eziz Arkadagymyzyň giň gerimli harby özgertmeleri netijesinde milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Eziz Arkadagymyz Watan goragçylarynyň maddy we ruhy üpjünçiligini sazlaşykly guramagyň netijeli ugurlary bilen birlikde, milletimiziň adyny edermenlikleri bilen taryhyň altyn sahypalaryna ýazan gahryman serkerdelerimiziň şöhratly däplerini wagyz etmekde, watansöýüjiligiň we serkerdelik tälimleriniň belent nusgasyny görkezmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby uçary dolandyrmakda, söweşjeň tehnikalara ussatlyk bilen erk etmekde, nyşanany dürs urmakda we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp

Ýürege ýakyn aýdymlar Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

Nurberdi Gulow: «Aýdym aýdanyňda kämil derejede aýtgyn, goý, senden soň şol aýdymy hiç kim seniňki ýaly edip aýdyp bilmesin» diýerdi. Aýdymçynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň ýüreklerde orun almagyna, adynyň döwürler aşmagyna sebäp bolýan zat onuň başgalaryňka meňzemeýän özboluşly owazy. Şol owazy hem akyldar şahyryň: «Taraşlap şaglatgyn, köňle geleniň...» diýşi ýaly, kalbyňda sünnäläp, irginsiz yhlas siňdirip, halka ýetirmek gerek. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň ussatlyk mekdebini geçen halypa aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow joşgunly aýdymlary bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanyp gelýär. Ýakynda onuň bilen aýdym-saz sungatyna gelşi, ýerine ýetirýän aýdymlary dogrusynda söhbetdeş bolduk.

Sungata siňen ömür

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys. Milli sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, halypalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleri dowam etdirmäge hem-de olary geljekki nesillerimize ýetirmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri barha rowaçlanýar. Milli medeniýetimiziň synmaz sütüni bolup durýan teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoly bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Teatr dünýä medeniýetiniň hemişelik, aýrylmaz bölegidir hem-de jemgyýetimiziň aňyýetini ösdürmekde möhüm orny eýeleýän sungatdyr». Türkmen teatr sungatynyň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegine, has-da kämilleşip belent derejelere ýetmegine mynasyp goşant goşan sungat ussatlarymyz ýagşylykda ýatlanýar. Ine, şeýle halypalarymyzyň biri-de türkmen teatr sungatynda öçmejek yz goýan Galpak Herräýewdir. Ol Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde dünýä inip, başlangyç bilimi oba mekdebinde alypdyr. Onda artistçilik ukyby çagalykdan duýlupdyr. Şol wagtlar oba klublarynda ýörite kino görkezilýär eken. Galpak Herräýew bu habary eşidip diýseň begener eken. Ol ekranda görýän zatlaryna şeýle bir ünsli tomaşa edip, kino gutaryp öýüne baransoň, gowy gören gahrymanlarynyň keşplerini gaýtalap, olara öýküner eken.

Halypa hatyrasy

Biz şu makalamyzda özüniň gysga, emma manyly ömrüni milli teatr sungatymyzyň ösmegine bagyşlan, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýewiň döredijiligi barada gürrüň etmegi makul bildik. K.Atabaýew 1956-njy ýylda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dünýä inýär. Ol mekdepde okaýarka, edebiýat sapagyna uly üns berip, aýdym-sazdan hem çetde durmaýar.

Ykbala öwrülen sungat ýodasy

Ýürekde şineläp, kalpda kemala gelen islendik iş sungat derejesine ýetirilip biler. Eýsem, biziň döredýän eserlerimiziň isle saz, isle şygyr ýa aýdym bolsun, parhy ýok, hemmejesi-de ýüreklere barýan inçe ýodalary yzarlaýandyr. Ýöne bizi saz älemine aralaşdyrýan ajaýyp mukamlary diňläp, olardan lezzet alýarkak, şol jadyly owazyň döreýiş çuňluklarynyň nirelerden gözbaş alyp gaýdýandygy welin, iňňän az oýlandyrýar. Saz döretmegiň ilkinji basgançagyny goýmaga çagyrýan solfejio dersi barada eşideniňde, «Munça ýyllap bihal ýaşapdyryn, bar gören-eşidenlerimi bir gyra süýşüräýmeli boldum» diýip, içiňden pikir ýüwürdeniňi-de duýman galýarsyň. Aýratynam, solfejio sapagynda nazary bilimleri tutuş barlygy bilen öwredip, okuwçylarynyň saz äleminiň ilkinji basgançaklaryna aralaşmagynda yhlasyny gaýgyrmaýan tejribeli mugallym Dilarom Karýagdyýewa bilen bolan duşuşykdan soň, bu ugurda kän zatlara göz ýetirmek bolýar. Orta boýludan ak ýüzli, inçemik göwresi güler ýüzüne gelşik berip duran, mähirliden hoştap häsiýetli zenan bilen söhbedimiz bizi saz äleminiň çuňluklaryna aralaşdyrdy...

Şekillerde — Watan waspy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygarynyň şanyna Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Diýarym asuda, ýurdum parahat» ady bilen sergi guraldy. Onda ussat nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň ýerine ýetiren sungat eserleri görkezildi. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Annadurdy Almämmedowyň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, şeýle-de ussat suratkeşler Rustam Abdullaýewiň, Şemşat Mämmedowanyň, Mekan Nurýagdyýewiň, Dmitriý Filipçenkonyň dürli ýyllarda ýerine ýetiren nakgaş eserleri görkezildi.