Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Kämil nesilleri ýetişdirmek baş maksadymyzdyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow turuwbaşdan eziz Diýarymyzy bagtly çagalygyň ýurdy diýip nygtamak bilen, ýaş nesil hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi. Biz munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesliň sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmagy üçin alyp barýan beýik işlerine nazar aýlanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň: “Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan ylymly-bilimli, Berkarar Watanymyzy has-da beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyz bolup durýar” diýip nygtaýşy ýaly, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde kämil, watansöýüji nesli ýetişdirmek jana-jan borjumyzdyr. Şeýle borjy amal etmek üçin bolsa ähli şertleriň bardygyny, giň mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen nygtamalydyrys. Ilki bellemeli zatlaryň biri-de, ýurdumyzda bilim maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň hem düýp özeninde ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň bilim ulgamyna deňleşdirmek ýaly tutumly işler goýulýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde, gurlup ulanmaga berilýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary hilli, milli öwüşginde bina edilýän çagalar baglaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini synlanyňda, ýurdumyzda bu ugurda beýik işleriň alnyp ba

Bilime örklenen ömür

Filologiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Ata Saryýew asyl käri boýunça mugallymdy. ...Köpleriň halypasy, uzak ýyllaryň dowamynda, has takygy, ol manyly ömrüniň 40 ýyldan gowragyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde pars dili we edebiýaty dersinden talyplara sapak bermäge bagyşlan agramly adam, belli alym, uly usulçy, ökde terjimeçi, döwrümiziň dünýä beren ägirtleriniň biridi. Şu günüň ýaş dilçileridir terjimeçileri hem-de dilçi talyplar üçin hatyraly halypa hakyndaky maglumatlar gyzykly bolar diýip pikir edýäris. Ata Saryýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik geňeşliginde 1941-nji ýylyň 7-nji noýabrynda dünýä inýär. Ol 1948-nji ýylda öz obalaryndaky 16-njy (häzirki 5-nji) orta mekdebe 1-nji synpa okuwa gidýär. Umumybilim berýän mekdebi üstünlikli tamamlaýar. Mugallym: “Men çagalygymdan çynym bilen edebiýaty gowy görerdim. Sözleriň manysy ünsümi çekýändir-dä, bir okan zadymy gaýtalamak häsiýetimiň çagalyk ýyllarymyň endigidigini şindilerem unudamok” diýerdi. Ol mekdep döwrem, ondan soňam arap, pars dilleri bilen gyzyklanyp, olary ürç edip öwrenýär. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girmek bagty miýesser edýär. Şeýdip, Ata mugallym uniwersitetiň talyby bolýar we ony üstünlikli tamamlanyndan soňra, şol ýerde mugallymçylyk hünäri boýunça işe alnyp galynýar. Okaýan döwründe-de,

Çaganyň sözleýşini ösdürmekde halk döredijilik eserleriniň ähmiýeti

Çagalar bagynda çaganyň sözleýşini ösdürmek, dil baýlygyny artdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çagalara ene dili öwredilende, ol jisim dünýäsini sözler dünýäsine öwürýär. Ikinjiden bolsa, çaga türkmen halkynyň medeniýeti, ruhy baýlyklary barada ilkinji düşünjeler berilýär. Sözleýiş dilini ösdürmekde halkyň ruhy hazynasy bolan halk döredijilik eserleri çagalar üçin uly mekdepdir. Ata-babalarymyzyň miras goýan halk döredijiliginiň eserlerini peýdalanmak bilen çaganyň söz baýlygyny, dil medeniýetini ösdürmek mümkindir. Olardan matallar halk döredijiliginiň giň ýaýran görnüşleriniň biri bolup, ol çagalarda pikirlenmek ukybyny kämilleşdirmäge, göz öňüne getirmäni, deňeşdirmäni, göçme manyda berilýän sözlere, sözlemlere düşünmek başarnygyny ösdürmäge ýardam berýär.

Çaga terbiýesi — mukaddes iş

Ýaş nesliň talabalaýyk, döwrebap terbiýelenmegi hem bilim almagy, saglygy, wagtynyň gyzykly, şadyýan geçmegi üçin ýurdumyzda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çagalar hakyndaky alada döwletimiziň geljeginiň has rowaç hem bagtyýar bolmagynyň güwäsidir, çünki şu günki çagalar ertirki gün ýurdy dolandyrmaly, döwletimiziň gülläp ösmegi üçin işlemeli, döretmeli, gurmaly hünärmenlerdir. Çagalarymyzyň bilimli, arassa ahlakly ýaşlar bolup ýetişmegi biziň berýän terbiýämize, olara bagyşlaýan söýgimize baglydyr. Çagalar biziň baş aladamyzdyr. Terbiýeçilik işi örän uly jogapkärçiligi talap edýär. Şoňa baglylykda, ata-eneleriň, mugallymlaryň bu işe has-da ünsli çemeleşmegi zerurdyr. Çaga terbiýesi köp derejede ene-atanyň, terbiýeçiniň, mugallymyň özüni alyp barşyna bagly bolup durýar. Terbiýeçilik işi ähli pursatlary öz içine alýar. Çagalar görýän zatlaryna syn edip, olary ýadynda saklaýar.

Çaga — durmuşyň güli

Il arasynda akylly, asylly çagalar barada gürrüň gozgalanda, «Terbiýe gören-dä» diýilýär. Bu ýerde, ilki bilen, çaganyň maşgalada alan terbiýesi göz öňünde tutulýar. Çünki çaga terbiýesi ilki maşgaladan başlanýar. Çagany edep-terbiýeli, ile-güne gerekli adam edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň arzuwy. Ene-ata mähir, söýgi bilen gurşap alan perzentlerini geljekde edepli-ekramly, ilhalar, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişdirmäge, olarda ene topraga, ata Watana, il-güne söýgi döretmäge çalyşýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Hiç bir adam öz nesline, onuň ertirki ykbalyna biparh garap bilmez. Öz perzendiniň geljegi hakda aladalanmak ynsana mahsus häsiýetleriň biridir» diýip belleýär. Terbiýeli çagalar diňe bir maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň däl, eýsem, milletiň buýsanjyna, guwanjyna öwrülýär. Watan mukaddesligini gursagynda saklap, uly-kiçini hormatlamagy, söýmegi başarýan, mertlik, batyrgaýlyk ýaly häsiýetler bilen terbiýelenýän çagalarda geljegiň ajaýyp keşbini görmek bolýar. Çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň terbiýesi maşgala terbiýesi bilen utgaşyp, sazlaşykly bolmalydyr. Sebäbi çaga dynç günlerini hasaba almazdan, köp wagtyny çagalar bagynda geçirýär. Dogry, köpçüligiň arasynda bolmak, deň-duşlary bilen oýnap ulalmagy çaganyň gözýetimini giňeldip, düşünjesini artdyryp biler. Sebäbi dürli maşgalalardan bolan çagalaryň hersinde-de öwrenere zat kän. Ýöne körpeleriň ter

Geçmişe gaýybana syýahat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegi nazarlaýan eziz Watanymyzda ýaşlar barada uly aladalar edilýär. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ata Watanymyzyň taryhyny ýaşlaryň içgin bilmeklerini gazanmak hem möhüm meseleleriň biri bolup, bu ugurda muzeýleriň, şol sanda mekdep muzeýler iniň orny, ähmiýeti uludyr. Biziň mekdebimizde hem taryh muzeýi ýerleşip, oňa mekdep okuwçylary bilen guralýan gezelençler ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Okuwçylar bu ýerde goýlan gymmatly taryhy tapyndylar bilen ýakyndan tanyş bolup, tejribeli taryh mugallymlarynyň we muzeý işgärleriniň gürrüň bermeklerinde halkymyzyň şöhratly geçmişine içgin aralaşýarlar. Ata-babalarymyzyň orta asyrlardaky durmuş şertleri bilen muzeýdäki eksponatlaryň üsti bilen tanyşmak, elbetde, ýaş nesilde uly täsir galdyrýar.

Sanly bilim ulgamy ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilim berlişiniň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Resminamadan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamyna uly üns berilýär. Bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi we halkara bilim giňişligine içgin aralaşmagy göz öňünde tutulýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly bilim döwletiň ösüş depgininiň çaltlandyrylmagyna oňyn täsir edýär. Sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna bilim berlişiniň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyny, hil taýdan çuňlaşdyrylmagyny, milli bilimiň öňki däp bolup gelýän usulyýetinden düýbünden tapawutlanýan täze usulyýete geçilmegini gazanmak mümkindir. Şonuň üçin bilim ulgamynyň ähli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Sapakda çagalaryň pikirleniş endiklerini ösdürmek

Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw maksatnamasy esasynda temalary düşündirmäge her bir terbiýeçi öz döredijilikli zähmeti bilen çemeleşse, çagalary sapaga ugrukdyrmak has-da aňsat bolýar. Oňa uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynda sowat öwretmek sapagynyň geçilişiniň mysalynda aýdyň göz ýetirýärsiň. Men sowat öwreniş sapagymy guraýşym boýunça käbir mysallara ýüzlenesim gelýär. Sapakda çagalara sowat öwredilende, harplar yzygiderlikde geçilýär. Mysal üçin, «Rr” harpy çagalara öwredilýär.

Daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda: «Nesillerimiziň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, dünýä derejesinde döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýägaraýyşlaryny giňeltmegi, geljekde il-ýurda peýdaly ökde hünärmenler, belent ahlakly, halal adamlar bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladalarynyň biridir» diýip belleýär. Şol wezipeden ugur alnyp Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi baradaky meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar, şonuň ýaly-da, çagalaryň öz ene diline hormat goýmagy, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi barada taýsyz tagalla edýär.

Esasy maksat – iş usullarynyň kämilligi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň döwlet derejesindäki onlaýn görnüşli usuly-amaly maslahaty boldy. Bu maslahat «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalara bilim we terbiýe bermegiň utgaşdyrylan (okuw-terbiýeçilik işlerinde dersara baglanyşygy guramak, okuw işlerini çaganyň durmuş endiklerini ösdürmek boýunça terbiýeçilik işleri bilen utgaşykly alyp barmak) iş usullaryny kämilleşdirmek» diýen at bilen geçdi. Maslahata Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan mekdebe çenli bilim ulgamynyň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işlerini sazlaşykly alyp barmagyň, guralýan her bir sapaklarda dersara baglanyşygy ýola goýmagyň çaga terbiýesinde ähmiýetiniň uludygy barada bu ugurda zähmet çekýän bilim işgärlerine usuly maslahatlar berildi.

Tebigaty goramagy öwretmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigatymyzy goramak we onuň gorlaryny tygşytly peýdalanmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigat bilen adamzadyň sazlaşykly aragatnaşygyny ýola goýmak üçin dogry ekologik aňy emele getirmek wajypdyr. Pedagogik nukdaýnazardan seredilende, terbiýäniň birnäçe görnüşleri tapawutlandyrylýar. Nesliň ekologik terbiýesi pedagogikada täze düşünje bolup, ekologik terbiýe çaganyň tebigata bolan pikirini we endiklerini kämilleşdirmäge gönükdirilen işlerdir.

Ýylyň mugallymy

Ähli ýerde bolşy ýaly mekdep mugallymlarynyň arasynda guralýan «Ýylyň mugallymy —2021» atly bäsleşigiň Sarahs etrap tapgyry hem guramaçylykly geçirildi. Bäsleşik etrapdaky 18-nji orta mekdepde bolup, ony etrap bilim bölümi gurady. Oňa mekdepara geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan mugallymlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan mekdep mugallymlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamyna girizilen özgertmelerden ugur alyp, interaktiw tagtasynyň üsti bilen dürli görkezme esbaplardan peýdalanyp, özleriniň hünäri boýunça kämilligini, bilim-terbiýe bermekde okuw-terbiýeçilik, usuly-gözegçilik işleriniň hiliniň ýokarydygyny, hukuk kämilliklerini, syýasy işjeňlik, ahlak sypatlaryny, medeniýetlilik derejesini aýan etmek arkaly ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bilim işgärleriniň bäsleşigiň şertleri boýunça ýerine ýetiren çykyşlary olaryň iş tejribelerini açyp görkezdi. Etrapdaky 18-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Meýlis Akmyradow bäsleşigiň etrap tapgyrynda baş baýraga mynasyp bolup, ol welaýat derejesinde geçiriljek bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlaryna 11-nji, 10-njy, 17-nji, 3-nji orta mekdepleriň mugallymlary degişlilikde Mähri Annamyradowa, Gunça Allaberdiýewa, Atamyrat Annaýew, Merjen Gaýypowa dagy mynasyp boldular. Bäsleşigiň etrap tapgyrynda ýeňiji bolanlara etrap bilim bölüminiň, Ylym we bilim i

Bilimli ýaşlar — ýurduň geljegi

«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň Ak bugdaý etrap tapgyry guramaçylykly geçirildi. Etrapdaky 1-nji, 16-njy hem-de ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdeplerde guralan bäsleşige onuň mekdebara tapgyrlarynda öňe saýlanan 9-njy, 10-njy, 11-nji synp okuwçylary gatnaşyp, degişli dersler boýunça bilim we zehin başarnyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň arasyndan zehinleri ýüze çykarmakda we olaryň bilime höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolan bäsleşigiň nobatdaky tapgyry netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. Ýaşlar oňa işjeň gatnaşyp, bilime ymtylyşyny we höwesini aýan etmegi başardylar. Munuň özi türkmen dili, rus dili, iňlis dili, taryh, matematika, informatika, biologiýa, geografiýa, himiýa, fizika ýaly dersler boýunça aýratyn tapawutlananlary öňe saýlamaga şert döretdi. Bäsleşigiň netijesinde 9-njy, 10-njy, 11-nji synp okuwçylarynyň arasyndan agzalan dersleriň her biri boýunça ýeňijiler aýratynlykda kesgitlendi. Onda birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolan ýaşlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmak bagtyna eýe boldular.

Hünäre kämillik — döwrüň talaby

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini taýýarlaýan ýeke-täk ýokary okuw mekdebi bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň döredilenine şu ýyl 90 ýyl bolýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň tagallasy bilen talyplar ynsan saglygyny goramak ýaly asylly hünäri öwrenýärler. 2010-njy ýylda bu bilim ojagynyň taryhynda ýatdan çykmajak wakalar boldy. Has anygy, 2010-njy ýylyň 27-nji awgustynda bu ýokary okuw mekdebi uniwersitet derejesini alýar. Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda lukmançylyk uniwersitetiniň 3000 orunlyk täze binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze binalar toplumynda mugallymlardyr talyp ýaşlar üçin işlemäge, okamaga, ylmy işler bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilendigi guwandyryjydyr.

Bilim

ZEHINLILERI SAÝLAÝAN BÄSLEŞIK Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy düýpli kämilleşdirilýär, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, alan bilimlerini yzygiderli ösdürmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýaşlaryň zehin, bilim mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän çärelere, bäsleşiklere badalga berilýär.

Harby talybyň üstünligi

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» ylym-bilim merkeziniň guramagynda onlaýn görnüşinde «Erudit online» halkara internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada birnäçe döwletden, şol sanda Türkmenistandan hem isleg bildirýän ýaşlar gatnaşdylar. Olar öz aralarynda ylmyň dürli ugurlary boýunça test görnüşinde bäsleşdiler. Sanlyja gün mundan öň bolsa, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Begli Gurbandurdyýewiň hem ady bar. Ol halkara internet olimpiadasynda biologiýa dersiniň «Adam fiziologiýasy» ugry boýunça bäsleşip, 3-nji orna mynasyp boldy. Harby talyp Begli Gurbandurdyýew «Erudit» ylym-bilim merkeziniň 3-nji derejeli diplomy hem-de bürünç medaly bilen sylaglanyldy. Bu bolsa diňe bir Begliniň şahsy üstünligi bolman, eýsem, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, galyberse-de, ýurdumyzyň ýokary derejeli ylym-bilim ulgamynyň täze üstünligidir.

Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleri

Sanly ulgamyň dünýä ýüzünde uly tizlik bilen ösýän döwründe ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça strategik ähmiýetli wajyp wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sanly ykdysadyýete geçirmek bilen baglanyşykly öňde goýýan wezipelerini iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Mälim bolşy ýaly, konsepsiýada jemgyýetimiziň ähli düzümlerini sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen işleri üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şol esasdan hem, häzirki wagtda ähli ulgamlaryň işini sanlylaşdyrmak möhüm wezipe hökmünde ileri tutulýar. Sanly ulgama geçmek işleri ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda hem ýokary depginde alnyp barylýar. Bu aýratyn hem aragatnaşyk ulgamynyň mysalynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Aragatnaşyk ulgamyndaky işleriň kämilleşdirilmegini hemmetaraplaýyn ösüşiň özi talap edýär. Şonuň üçin hem bu ugurdaky işler döredilen mümkinçilikler esasynda görnetin ýokarlandy hem-de sanly ulgama geçmek ýokary derejede dowam edýär. Muňa raýatlarymyzyň elektron hyzmatlaryndan peýdalanmaklaryny, dürli ulgamlar bilen baglylykdaky gatnaşyklarynda internet arkaly töleg, resmileşdirme, aragatnaşyk hyzmatlary ýaly mümkinçilikleri ulanmaklaryny mysal getirme

Kitap oka, öwren, döret!

Kitap adamzat ýaşaýşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, maglumatlaryň tükeniksiz çeşmesidir, geçmişi geljek bilen birleşdirýän köprüdir, beýik akyldarlaryň, danalaryň, parasatly gojalaryň... dürdäne setirlerinden döräp, bize terbiýe sapagyny berýän, basgançaklary gutarmaýan beýik bir ymaratdyr. Durmuşda dogry ýoly salgy berýän dost kitapdyr. Ol bilimiň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňemegine täsir edýär. Ynsan kitap okamakdan ruhy lezzet alýar. Adamzat durmuşynda iň möhüm serişdeleriň biri bolup durýan kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, suratkeşleri, kompozitorlary... bilen duşurýar, dürli ylymdan ders berýär. Ol hiç wagt garramaýar, hemişe juwan, hemişe seniň gullugyňa häzir wepaly bir hyzmatkärdir. Sen haýsy döwrüň taryhyndan, haýsy milletiň ykbalyndan heň buýursaň, kitap seniň arzuwyňy ýerine ýetirýän, armany-ýadamany bilmeýän, aýdym aýdyp, saz çalyp berýän hoşowaz bir bagşy ýalydyr. Biz kitap okaýarkak, ýörejek ýolumyzy saýgarýarys, durmuşda ýalňyşmazlygy, ýalňyşanlary bagyşlamagy, özgeleriň ýalňyşlaryndan hemişe netije çykarmagy, kanagatly, sabyrly, geçirimli bolmagy öwrenýäris hem-de haýsy ugurda üstünlik gazanjakdygymyza göz ýetirýäris. Ol biziň öz duýgy-düşünjelerimizi, pikirlerimizi, garaýyşlarymyzy seljermäge kömek edýär.

Dürler hazynasy

Halkyna baky bagty peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kitaphana ulgamy ösen derejelere ýetirildi. Döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagyna, dünýägaraýşynyň ýokary derejede ösmegine ýardam berýär. Merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri kitaplara aýratyn gymmatlyk hökmünde seredipdir. Taryhymyza ser salsak, Merwde, Köneürgençde birnäçe gadymy kitaphanalaryň bolandygyna göz ýetirýäris. Bu kitaphanalarda juda gymmatly kitaplar saklanypdyr hem-de olar ylmyň we medeniýetiň merkezi hasaplanylypdyr.

Bilimli nesil kuwwatly Watanymyzyň daýanjydyr

Berkarar ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenendir. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ylym-bilimden paýly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýady bolan ylym-bilim ulgamyny ösdürmeklige, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bularyň aňyrsynda dana pederlerimiziň asyrlar aşyp gelýän watansöýüjilik, parasatlylyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän, bilimli, ylymly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalar jemlenendir. Sebäbi ylymly, sagdyn, ruhubelent ýaşlar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daýanjydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, bedew batly ösüşlerimize mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek baradaky maksatlardan ugur alýar. Täze taryhy döwürde ýaş nesliň bilim almaga bolan hukuklaryny üpjün etmek, olara berilýän bilimiň dü