Daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

4 Fewral 2021
1520

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda: «Nesillerimiziň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, dünýä derejesinde döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýägaraýyşlaryny giňeltmegi, geljekde il-ýurda peýdaly ökde hünärmenler, belent ahlakly, halal adamlar bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladalarynyň biridir» diýip belleýär. Şol wezipeden ugur alnyp Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi baradaky meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar, şonuň ýaly-da, çagalaryň öz ene diline hormat goýmagy, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi barada taýsyz tagalla edýär.

Bahargül DÄDÄÝEWA,
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar