Çaga — durmuşyň güli

7 Fewral 2021
1639

Il arasynda akylly, asylly çagalar barada gürrüň gozgalanda, «Terbiýe gören-dä» diýilýär. Bu ýerde, ilki bilen, çaganyň maşgalada alan terbiýesi göz öňünde tutulýar. Çünki çaga terbiýesi ilki maşgaladan başlanýar. Çagany edep-terbiýeli, ile-güne gerekli adam edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň arzuwy. Ene-ata mähir, söýgi bilen gurşap alan perzentlerini geljekde edepli-ekramly, ilhalar, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişdirmäge, olarda ene topraga, ata Watana, il-güne söýgi döretmäge çalyşýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Hiç bir adam öz nesline, onuň ertirki ykbalyna biparh garap bilmez. Öz perzendiniň geljegi hakda aladalanmak ynsana mahsus häsiýetleriň biridir» diýip belleýär. Terbiýeli çagalar diňe bir maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň däl, eýsem, milletiň buýsanjyna, guwanjyna öwrülýär. Watan mukaddesligini gursagynda saklap, uly-kiçini hormatlamagy, söýmegi başarýan, mertlik, batyrgaýlyk ýaly häsiýetler bilen terbiýelenýän çagalarda geljegiň ajaýyp keşbini görmek bolýar.

Çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň terbiýesi maşgala terbiýesi bilen utgaşyp, sazlaşykly bolmalydyr. Sebäbi çaga dynç günlerini hasaba almazdan, köp wagtyny çagalar bagynda geçirýär. Dogry, köpçüligiň arasynda bolmak, deň-duşlary bilen oýnap ulalmagy çaganyň gözýetimini giňeldip, düşünjesini artdyryp biler. Sebäbi dürli maşgalalardan bolan çagalaryň hersinde-de öwrenere zat kän. Ýöne körpeleriň terbiýesinde terbiýeçidir enekä köp zat baglydyr. Üns berýän bolsaňyz, körpe öýde, köplenç, terbiýeçisiniň hereketini, sözlerini gaýtalaýandyr, oňa öýkünýändir, meňzäsi gelýändir. Bu durmuşda köp gabat gelýän ýagdaý. Şonuň üçin, ilkinji nobatda, çagalar edaralarynda işleýän terbiýeçidir enekeleriň şahsy göreldesi zerurdyr. Olar çagalaryň diňe ýagşy häsiýetleri endik edinmegini gazanmaly, olary çaganyň aňyna, ruhy dünýäsine siňdirmegi başarmaly.

Maýagözel JUMAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 184-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar