Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Di­zaýn ha­kyn­da­ky naý­ba­şy ki­tap­lar

1. W. Runge. Dizaýnyň, ylmyň we tehnikanyň taryhy. Birinji kitap. 2006 Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çuňňur hormatlanylýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwrebap dizaýn sungaty ähli ugurlar boýunça gülläp ösüşi başdan geçirýär. Soňky ýyllarda tutuş dünýä ýüzünde dizaýn sungaty arkaly uly özgerişler durmuşa geçirildi. Şol sanda Türkmenistan diýarymyzda hem sungatyň bu görnüşi günsaýyn ýokary ähmiýete eýe bolýar. Dizaýn sungaty boýunça ýokary ösüş şertleri halkymyzyň milli gymmatlygyny kämilleşdirdi we baýlaşdyrdy. Ol ýaşaýyş-durmuş kadalarynyň ähli wajyp çäklerini giňeldip, adamzat durmuşyna berk ornaşdy. Bu babatda Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň alyp barýan giň gerimli işleri bellemäge mynasypdyr. Bagtyýar zamanamyzda her bir adamyň öz halan hünäri bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär, hünärleriň esaslaryny, düzgün-kadalaryny öwrenmek üçin olaryň taryhy we nazaryýeti hakynda kitaplar, ylmy maglumatlar taýýarlanylýar. Döwrebap dizaýn sungaty bilen tanyşmak, ony düýpli öwrenmek we özleşdirmek üçin, kitap maglumatlary doly düşünje berýär.

Ýokary tehnologiýalar milli bilim ulgamynyň hyzmatynda

Orta mekdepleriň häzirki zaman sanly dolandyryş ulgamy bolan «eMekdep» platformasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizildi. Häzirki ýokary tehnologiýalaryň bütin dünýäde giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim işini yzygiderli sanlylaşdyrmaga gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk kesgitlenen wezipelere laýyklykda, 2021-nji ýylda hünärmenler «elektron mekdep» taslamasyny işläp taýýarlamaga girişdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň sentýabryndaky Kararyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, sanly bilim Konsepsiýasy tassyklanyldy. 2022-nji ýyldan başlap «eMekdep» platformasynyň ilkinji görnüşi dürli mekdeplerde synag edildi. Soňra bolsa ol mugallymlaryň, mekdep okuwçylarynyň we ata-eneleriň teklipleri nazara alnyp, has-da kämilleşdirildi. Mugallymlar üçin bu ulgamy netijeli ulanmak boýunça ýörite okuw sapaklary geçildi. Birinji tapgyrda — 2023-2024-nji okuw ýylynda okuw işlerini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän «eMekdep» platformasy Arkadag şäheriniň orta mekdepleriniň ählisinde ornaşdyr

Kämil ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, daşary ýurt dillerini bil-ýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredil-ýär. Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidir. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Ylym-bilimi öwrenmekde dil biliminiň hem möhüm orny bar, çünki dünýä dillerini bilýän hünärmen ylmy edebiýatlardan peýdalanyp bilýär. Dünýäniň ylmy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmakda daşary ýurt dilleriniň uly ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Hawa, daşary ýurt dillerini öwrenmek dünýägaraýşymyzy giňeltmegiň, bütindünýä bilen aragatnaşyk saklamagyň möhüm şertidir. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek zerur hasaplanýar, çünki iň täze tehnologiýalardan baş çykarmak, dünýä ýaşlary bilen aýakdaş gitmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şonuň üçin eýýäm mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe

Bilim ulgamy täzeçil ösüşlere badalga

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm wakalaryň biridir. Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde döwrüň tala

Täze eýýamda nesil terbiýesi

Biz ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň ösen dünýäsinde ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň göz guwanjy hem geljegi bolan ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Täze taryhy döwürde watansöýüji, zähmetsöýer, aň-düşünjeli nesilleri terbiýelemekde mugallymlaryň öňünde uly jogapkärçilik durýar. Şunda ýaşlara halkymyzyň milli aýratynlyklaryndan we ýörelgelerinden ugur alnyp, estetiki terbiýe bermek aýratyn orny eýeleýär. Şeýle mazmunly terbiýe ösüp gelýän ýaş nesilde estetiki garaýşy, islegi, estetiki düşünjeleridir ruhy-ahlak kämilligi kemala getirmegiň we ösdürmegiň özboluşly, has täsirli görnüşi hökmünde ykrar edilýär. Estetiki terbiýe çaganyň durmuşyndaky ilkinji ädimlerinden, onuň zybana getirýän ilkinji sözlerinden hem-de edýän hereketlerinden başlanýar. Daş-töweregimizi gurşap alan durmuş gözelligi estetiki terbiýäniň serişdesi bolup durýar. Ol tebigat, adamlaryň jemgyýetçilik we döredijilik işleri, olaryň durmuşy, özara gatnaşyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Maksatlar aýdyň

Gahryman Arkadagymyz golaýda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleri döredilse maksadalaýyk boljakdygyny hem-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleri ýa-da olaryň şahamçalary açylsa, ýaşlarymyz üçinem, jemgyýetimiz üçinem bähbitli boljakdygyna ünsi çekdi. Halk Maslahatynda teklip edilişi ýaly, ýurdumyzda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň we orta mekdepleriň sanynyň artdyrylmagy ýaş nesliň uly bölegini eýýäm irki ýaşlaryndan jemgyýetçilik durmuşyna çekmäge, olarda tertip-düzgüne bolan oňyn garaýşy terbiýelemäge, köpçülikde öz ornuňy tapmak endiklerini kemala getirmäge mümkinçilik berýär.

Kämil bilim — kämil şahsyýet

Islendik döwletiň ösüş derejesi ýurtdaky alnyp barylýan syýasatyň esasynda ýüze çykýar. Her bir raýatyň intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmak, ylym we bilim ulgamyny dünýä tejribelerine daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ýaly öňde goýlan möhüm wezipeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň hem esasy ugrudyr. Hut şonuň üçin, ýurdumyzyň has güýçli we sazlaşykly ösdürilýän ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we belent sepgitler ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Bu babatda gürrüň edilende türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyl-paýhaslaryndan dörän dürdäne kitaplar ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde biz — mugallymlaryň iň ýakyn ýardamçysy. Şolaryň hatarynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen kitaby her bir pedagogyň hem ygtybarly gollanmasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan, ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar baradaky gyzykly gürrüňlerden söhbet açýan bu kitap taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, olaryň ähmiýetini ýaş nesillere düşündirmekde tapylgysyz çeşmedir.

Kämil hünärmenler taýýarlanylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýatyna ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny bermek boýunça ähli ýerlerde täze saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, halkara derejeli ylmy-kliniki, bejeriş we anyklaýyş merkezleriniň, şeýle hem şypahanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş merkezlerinde raýatlarymyzyň saglygy bilen bir hatarda, ata Watanymyzyň asudalygy ugrunda gulluk edýän merdana Watan goragçylarymyzyň we olaryň maşgala agzalarynyň saglygy hakynda hem uly aladalar edilýär. Şol merkezlerde işlejek watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, sagdyn lukmanlary ýetişdirmek babatynda edilýän aladalaryň nyşany bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Harby lukmançylyk fakulteti hem hereket edýär. Bu fakultetiň esasy maksady Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň hem-de harby edaralarynyň lukmançylyk gulluklary üçin ýokary hünär bilimli harby lukmanlary taýýarlamakdan ybaratdyr. Harby talyp ýaşlara ýokary okuw mekdebimiziň beýleki kafedralary bilen bir hatarda, Harby lukmançylyk fakultetiniň kafedralarynda degişi ugurlar boýunça bilim berilýär. Lukman harby talyplary okatmak we terbiýe

Bilim ulgamy üstünliklere beslenýär

Häzirki wagtda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary sanly bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle hem dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryny, interaktiw-multimediýa programmalaryny, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalaryny, bilim portallaryny işläp taýýarlamak üstünlikli amala aşyrylýar. Ulgamda amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň netijesinde giň gözýetimli, sanly tehnologiýalara ökdelik bilen erk edýän, dünýä dillerini oňat bilýän, ukyp-başarnykly ýaş hünärmenler kemala gelýär. Olar dünýä dillerini öwrenmek bilen sözlük gorlaryny, dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrýarlar, elektron kitaplaryň, gollanmalaryň kömegi arkaly bilim derejelerini artdyrýarlar, halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. Bular Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryny ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirýän bimöçber işleriniň ajaýyp miweleridir.

“Dil bilen dünýäni gezer”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem dil öwrenmek boýunça dürli ugurlardan tejribe toplanylýar. Şeýlelikde, şu günki ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini suwara bilýärler, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Häzirki zaman adamzat jemgyýetiniň ösüşinde dilleri öwretmegiň we özleşdirmegiň örän uly ähmiýeti bar. Daşary ýurtlaryň ösen tejribesini öwrenmekde, seljermekde, iň ygtybarlysyny durmuşa ornaşdyrmakda dil öwrenmäge uly orun degişlidir. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni-sosial gatnaşyklary ösdürmekde we kämilleşdirmekde diliň örän uly ähmiýeti bardyr.

Belent maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar öz oňyn netijesini berýär. Munuň özi gurmak we döretmek, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmak hyjuwy bilen ruhlanýan ýaşlaryň geljekki üstünliklerine badalga bolýar. Ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek möhüm meseleler bolup durýar. Bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirýär. Döwrebap hünärmenleri taýýarlamak wezipesi häzirki zaman ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugry bolup durýar.

Bilim — röwşen geljegiň binýady

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde sanly ulgama uly ähmiýet berilýär. Eziz Watanymyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly ösen düşünjeli bolmaklary ugrunda döwrebap işler amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen, ägirt uly işler alnyp barylýar. Ylym we bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr. Şunda, ilkinji nobatda, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Şonuň netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän bilim portallary sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini hödürleýär. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahatlar ýa-da dürli bäsleşikler bilim özgertmeleriniň üstünliklere eýedigini subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi üçin ukyply ýaşlary terbiýeläp, öz kärlerine ökde hünärmenler edip ýetişdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýu

Okuwçylarda okamak endigini ösdürmek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, iň döwrebap mümkinçilikler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda okatmagyň häzirki zaman usullaryna uly orun berilýär. Bilim işgärleri milli tejribäni, ýaşlara berilýän bilimiň hilini gowulandyrýarlar. Bilim özgertmeleriniň netijesinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sapaklary okatmakda we bilim öwretmekde bu möhüm resminamadan ugur alynýar. Başlangyç synplarda sapagy guramak, okuwçylaryň sowat öwrenmeklerini we pikirlenişini ösdürmek esasy ugurlaryň biridir.

Çagalar bagyndaky gurnaklaryň aýratynlyklary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Çagalar baglaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar baglarynda dürli usullar esasynda okuw-terbiýeçilik işleriniň alnyp barylmagy, gurnaklaryň hereket etmegi uly ähmiýete eýe bolup, çagalary mekdebe taýýarlamakda, olaryň tebigy zehinini açmakda we ösdürmekde netijesi uly bolan işlerdir. Çaganyň beden taýdan sagdyn ösmeginde, zehininiň açylmagynda çagalar baglarynda hereket edýän gurnaklaryň örän uly ähmiýeti bar. Gurnaklar körpelere bilim we terbiýe bermekde goşmaça çeşmedir. Şeýle-de gurnaklar mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan pedagogik işdir. Çagalar baglarynda açylýan gurnaklar birnäçe wezipäni, ýagny bilim berijiligi, terbiýeleýjiligi öz içine alýar. Mekdebe çenli çagalara sapaklarda okuw ýumuşlaryny ýerine ýetirmegiň dürli tärlerini öwretmek, gurnaklarda olaryň tebigy zehinini açmak we ösdürmek pikirleniş işjeňliginiň kämilleşmegine, ukyplarynyň ösmegine

Mugallymyň ussatlygy başarjaňlyk çemeleşmesine baglydyr

Ýaşlara bilim we terbiýe bermekde, mekdepde okuw-terbiýeçilik işleriniň kämil bolmagynda mugallymyň orny uludyr. Çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, dünýä täzeliklerinden habarly, ylmy-barlag, döredijilik işlerini geçirmäge höwesli, başarnykly, medeniýetli şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek ata-ene bilen bir hatarda, mugallymlaryň paýyna düşýär. Orta mekdeplerde ýa-da ýokary okuw mekdeplerinde, tapawudy ýok, okuwçy-da, talyplar hem mugallymyň şahsy göreldesine eýerýärler. Şonuň üçin mugallym öz geýnişinde, özüni alyp barşynda, ahlak taýdan arassalygynda, adalatlylygynda öz okuwçylaryna, talyplaryna nusga alarlyk bolmalydyr. Okuwçylar ýa-da talyplar bilen işlemäge bolan höwes, olara söýgi, mähir, geçirimlilik, adamkärçilik, dogruçyllyk — ine, şularyň hemmesi mugallyma mahsus häsiýetler bolmaly. Şu häsiýetler aýry-aýry şahsyýetiň edil şu ruhda terbiýelenmegine kömek edýär. Geljege bolan ynam, Watana söýgi, ylmy we medeni dünýägaraýyş, ýokary durnuklylyk, özüňi medeniýetli alyp barmak, döredijilikli işlemek, pedagogik ussatlyk, öz hünäriňi yzygiderli kämilleşdirmek mugallymyň abraýynyň, mertebesiniň özeni bolup durýar.

Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler ähli halkymyzy, aýratyn hem biz — bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaşlaryň halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär. Bilim maksatly binalaryň ýyl-ýyldan artmagy diňe bir bilim ulgamynyň işgärlerini däl-de, perzendiniň ýagty geljegini arzuwlap, olary ak mekdeplere atarýan her bir ildeşimiziň göwnüni galkyndyrýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň t

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Tejribe geçirmegiň täsirli usullary Mugallymyň sapagy guramakdaky okuw işine hemişe güýçli täsir edýän esasy itergileriň biri okuwçynyň sapaga gyzyklanmagydyr. Okatmakda köpdürli gyzyklanmalar hereket edýär. Okuwçylaryň gyzyklanmasy olaryň biliminiň hiline, derejesine, dünýägaraýşyna, ukyp-başarnygyna, pikirleniş ukyplaryna, işini ýerine ýetirip bilşiniň kämilligine baglydyr. Ýaş nesilde şeýle gyzyklanmalary döredip bilmek okuw işiniň gymmatly taraplarynyň biridir. Okuwçylaryň gyzyklanmalaryny ösdürmek himiýa dersini okadýan mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Himiýa degişli ilki başlangyç düşünjeler berilýär, himiki belgiler, formulalar, soňra bolsa deňlemeleri düzmek, degişli meseleleri çözmek, tejribe işlerini geçirmek öwredilip başlanýar. Okuwçylar tejribe sapagyna girişmezden, ilki bilen, himiýa otagynda işlenilende howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleri, soňra tejribe işleri geçirilende ulanylýan gurallar, enjamlar bilen tanyşýarlar we olaryň ulanylyş usullaryny öwrenýärler. Okuwçylar tejribe işlerini öz elleri bilen geçirenlerinde oňa gowy düşünýärler, probirkany, himiki bulgury, tutgujy asuda saklamagy endik edinýär. Şeýle hem okuwçylara maddalary biri-birinden arassalamagy, süzmek, çökündi emele getirmek, bugartmak ýaly usullar bilen tejribe işini hem geçirmegi öwredýäris. Ýönekeý mysallara ýüzlensek, çägäniň ýa-da toýnuň garyndysy suwa goşulanda, toýun çägä

Çaga terbiýesinde nakyllaryň ähmiýeti

Pähimdar pederlerimiz asyrlaryň dowamynda ajaýyp söz baýlygyny, nakyllary miras goýupdyrlar. Bu nakyllar köpugurly bolup, geljek nesilleri terbiýelemekde mukaddes ýörelge bolupdyr. Şeýle bolansoň, nakyllar, pähimler, atalar sözleri halkymyzyň diliniň senasyna öwrülipdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda türkmen nakyllarynyň dürdänesi ýerleşdirilipdir. Nakyllaryň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Çünki terbiýe meselesine örän paýhaslylyk bilen çemeleşmek türkmen halkyna mahsus bolupdyr. Şonuň üçinem çagalary söz bilen terbiýelemek, görüm-görelde bilen mekdep bolmak ýaşuly nesliň asylly ýörelgesine öwrülipdir. Çuňňur many-mazmuna eýlenen sözler çaganyň terbiýesine örän oňat täsir edipdir. Çaga bu pähimleri daşa ýazylan ýaly ýadynda saklapdyr. Munuň özi nakyllaryň ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly baýlykdygyndan habar berýär.

Kitap — ylym-bilimiň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýar. Merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri kitaba, ylym-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin häzirki ajaýyp döwrümizde hem kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde mynasyp dowam etdirilýär. Biz muňa köp sanly golýazma çeşmelerinden hem, akyldarlarymyzyň, meşhur şahsyýetlerimiziň edebi mirasyndan hem anyk göz ýetirýäris. Munuň özi kitap we kitap okamagyň nesil terbiýesinde hem uly orun eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hakykatdan-da, pähim-paýhasy özüne siňdiren ajaýyp kitaplar, akyldarlarymyzyň, meşhur şahsyýetlerimiziň baý döredijiligini, edebi mirasyny özünde jemleýän eserler bu günki gün ruhy hazynamyza öwrüldi. Ýurdumyzda milli medeniýete, sungata we edebiýata uly hormat-sarpa goýulmagy netijesinde, ylym-bilim ulgamy we ugurdaş ugurlar häzirki döwürde belent sepgitlere ýetdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri biziň üçin ýol-ýörelge, nusgalyk mekdep bolup durýar.

YLYM-BILIM DÜNÝÄMIZE ŞAMÇYRAG

Adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan körpelerimize Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylmagy, eziz Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan, Watany söýmekde nusgalyk yz galdyran Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi beýik taryhy şahsyýetlerimize belent sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýär.