Kämil bilim — kämil şahsyýet

2 Oktýabr 2024
460

Islendik döwletiň ösüş derejesi ýurtdaky alnyp barylýan syýasatyň esasynda ýüze çykýar. Her bir raýatyň intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmak, ylym we bilim ulgamyny dünýä tejribelerine daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ýaly öňde goýlan möhüm wezipeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň hem esasy ugrudyr. Hut şonuň üçin, ýurdumyzyň has güýçli we sazlaşykly ösdürilýän ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we belent sepgitler ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar.

Bu babatda gürrüň edilende türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyl-paýhaslaryndan dörän dürdäne kitaplar ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde biz — mugallymlaryň iň ýakyn ýardamçysy. Şolaryň hatarynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen kitaby her bir pedagogyň hem ygtybarly gollanmasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan, ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar baradaky gyzykly gürrüňlerden söhbet açýan bu kitap taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, olaryň ähmiýetini ýaş nesillere düşündirmekde tapylgysyz çeşmedir.

Gurbanjemal PÜRLIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar