Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar öz oňyn netijesini berýär. Munuň özi gurmak we döretmek, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmak hyjuwy bilen ruhlanýan ýaşlaryň geljekki üstünliklerine badalga bolýar.
Ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek möhüm meseleler bolup durýar. Bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirýär. Döwrebap hünärmenleri taýýarlamak wezipesi häzirki zaman ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugry bolup durýar.