Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ylym-bilim — müdimi baýlyk

Ýurdumyzda ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, şonuň bilen birlikde, ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak asylly däbe öwrüldi. Halkymyzda: «Diňe bir okan däl, okan adamlary diňlän hem bihal däldir!» diýen ýerlikli jümle bar. Bu gürrüňiň manysy şu rowaýatda has aýdyň beýan edilýär. Haktagala Jebraýyl perişdä günäsi sogaplaryndan artyk gelen bendesini ýalkamak maksady bilen şol bendäniň ömründe alymlar bilen söhbetdeş bolup görendigini bilmegi tabşyrypdyr. Ol bende ýolda alym bilen ýoldaş bolmandygyny aýdypdyr. Ýene-de bendeden:

Ylym we bilim — üstünlikleriň açary

Her döwür özüniň täzeligi, hoş habarlary bilen durmuşymyza özboluşly ýakym çaýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň türkmen taryhynda, halkymyzyň durmuşynda aýratyn yz goýjakdygy mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu jogapkärli ýokary döwlet wezipesine täzeçe garaýyşlar, pikir-teklipler bilen girişdi, ýurdy dolandyrmak, milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda öz öňünde belent maksatlary goýdy. Ol maksatlarda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alynýar. Elbetde, täze maksatlar bilen diňe öňe gitmekde, esasan, ýaşlara bil baglanýar. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda hem: «Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýdi. Ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, täze, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwrüň mizemez talaby bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 25-nji martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ylmyň we bilimiň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýandygyny nygtad

Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmekde ylmy esaslar

Ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşi häzirki zaman innowasiýasyna we bazar ykdysadyýetine daýanmak bilen, kabul edilen döwlet maksatnamalaryndaky öňe sürülýän ugurlaryň esasynda kesgitlenilýär. Munda nebitgaz pudagy barada aýdylanda, esasy maksatlaryň hataryna nebit we gaz känleriniň geologik ýaýraýyş kanunalaýyklygyna esaslanyp, olaryň täze ýataklaryny gözläp tapmak we barlag-agtaryşlaryny geçirmek, senagat gorlary bilen üpjün etmek, özleşdirmäge girizmek, uglewodorodlary (nebit we tebigy gaz) we olar bilen ugurdaş çykýan peýdaly maddalary talap edilýän mukdarynda we hilinde gazyp çykarmak, olary gaýtadan işlemek, içerki hem-de daşarky bazarlara ýerlemek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak işlerini amala aşyrmakda maliýeleşdirmegi we innowasion çemeleşmeleri, degişli guramaçylyk gurluşyny we kanunçylygyny kämilleşdirmek, hünärmenleriň kär derejesini artdyrmak, taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak hem-de beýleki meseleler degişli bolup, oňyn çözülmeginiň üpjün edilmeginden ybaratdyr.

Nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Guýulary düýpli abatlamak işleri boýunça: guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek üçin himiki serişdeleri we düzümleri almak boýunça institutyň guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynda ylmy-barlag işleri doly ýerine ýetirildi. Alym-hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Nebit we gaz guýularynda gatlak suwlaryny izolirlemegiň usuly» atly oýlap tapyşa Türkmenistanyň çäklendirilen patenti alyndy. Hödürlenilýän usul bolan alýuminiý gossipolýatynyň çökündisi bilen gatlak suwuny çäklendirmek işlerini geçirmek üçin zerur hasaplanylan tehnologik işleriň meýilnamasy düzüldi we 2020-nji ýylyň dowamynda Goturdepe nebitgaz käniniň 2 sany guýusynda önümçilik-synag işleri geçirildi. Geçirilen synag işlerinde netijelilik gazanylandygy göz öňünde tutulyp, ony önümçilikde giňişleýin ulanmak teklip edildi.

Zehinli ýaşlar ýüze çykarylýar

Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan biziň institutymyzda häzirki günlerde talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda medeni hepdelikler dowam edýär. Gyzykly we täsirli çäräniň maksady zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakdan, olarda medeni we milli mirasymyza söýgi döretmekden ybaratdyr. Ýokary okuw mekdebimiziň talyplaryna bäsleşikde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezmäge giň mümkinçilik döredilýär. Olar çykyşlarynda özleriniň hünärleri boýunça durmuşda gabat gelýän wakalary gysgajyk sahnalaryň üsti bilen janlandyrýarlar. Çykyşlaryň daşary ýurt dillerinde alnyp barylmagy bolsa geljekki bilim işgärleriniň kämilleşmegine uly ýardam berýär. Bu babatda fizika hem-de türkmen dili we edebiýaty hünärleriniň talyplarynyň çykyşlary ýatdagalyjy boldy.

Özüňi synap gör!

Pikirlenişiňizi ösdüriň! Kitaphanada iki tekjede 19 kitap bar. Täze kitaplar getirilýär we her tekjä öň näçe kitap duran bolsa ýene şonça kitap goýýarlar.

Ylym — kämilligiň binýady

Häzirki döwürde ylym esasy ugurlaryň biri bolup, oňa ösüşleriň binýady hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ylym-bilimli kämil hünärmenleri ýetişdirmek bu günki günüň esasy wezipesidir. Ýaş hünärmenleriň ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ösüşiň täze mümkinçiliklerini kemala getirýär. Şoňa görä-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ylym-bilime uly üns berilýär, ýaş hünärmenleriň ylymly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde Diýarymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda bu ugurlarda düýpli işler ýola goýulýar. Ýokary okuw we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde okadylýan derslerde innowasiýa, sanly bilim ugurlarynyň girizilmegi, umumybilim berýän orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim-terbiýe alýan ýaş nesillerde döwrebap tehnikadan we tehnologiýalardan peýdalanmak başarnyklaryny kemala getirmegiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň innowasiýalar ýurduna öwrülýändigini aýtmaga doly esas döredýär.

Ynsanyýetiň baş baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň baý döredijilikli durmuşynyň gülläp ösýän taryhy zamany özüniň kämil derejesine ýeten ylym-bilim, medeniýet ulgamy bilen has-da pugtalanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň özgerýän we ösýän döwründe kitaphana gaznalaryny gorap saklamagy üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga bolan höwesini artdyrmak, ýaşlaryň ylym-bilim derejesini ýokarlandyrmak şu günki günde esasy talaplaryň birine öwrüldi. Ylym-bilimiň ösýän döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, halk döredijilik eserlerimizi toplamak hem-de ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň yzygiderli döredijilik bilen meşgullanyp, halkymyza ajaýyp kitaplary peşgeş bermegi diýseň buýsandyryjydyr. Pähim-paýhasa ýugrulan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda bolsa milli Liderimiz «Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär» diýip, kitaba adamzadyň medeni-ruhy baýlygy hökmünde çuňňur ylmy kesgitleme berýär.

Garabil kaliý duzlarynyň ýatagy

Kaliý duzy — mineral serişdeleriň metal däl toparyna degişli. Ol kaliý dökünleriniň önümçiligi üçin himiýa senagatynda çig mal bolup hyzmat edýär. Bu ýeňil ereýän duz himiki gelip çykyşly çökündi dag jynslary bolup durýar. Olar suwda ýeňil ereýän kaliý we kaliý-magniý minerallary görnüşinde emele gelýär. Kaliý duzlarynyň ýataklary Türkmenistandan başga-da Kanadada, Russiýada, Belarusda, Germaniýada, Braziliýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ysraýylda we Iordaniýada bellidir. Bu ýurtlarda kaliý duzlarynyň baha berlen millionlarça tonna deň bolan gorlary bar.

Geologiýanyň esaslary

Ýurdumyzyň çäginiň geologiýasyny öwrenmek ugrunda alnyp barylýan işleri tizleşdirmek, mineral çig mal serişdeleriň, ilki bilen hem, ýangyç-energetika gorlaryň anyklanan sanyny artdyrmak, geljegine uly umyt baglanylýan çäklerde hem-de deňiz şelflerinde nebitiň we gazyň ýataklaryny ýüze çykarmak, ýerasty suwlaryň gözleg we barlag işlerini depginli alyp barmak geologiýanyň ilkinji meseleleriniň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklary gazyp almaklygyň we olary sarp etmekligiň möçberiniň hemişe artýanlygy bilen baglylykda, gorlary rejeli özleşdirmek we peýdalanmak ýaly meseleleriň ähmiýeti hem örän wajyp bolup durýar. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň känlerini özleşdirmek ugurda işleýän hünärmenlerden gazylyp alynýan magdanlaryň gözlegi we barlagy, mineralogiýa, petrografiýa, umumy we dinamiki geologiýa ýaly geologiýanyň esaslaryny düýpli bilmekligi talap edýän, ýagny olaryň dag-ekspluatasion işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usulda alnyp barylmagy netijesinde bu meseleleriň çözgütlerini tapmak bolar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bizde myhmançylykda

«7/24.tm», № 11 (94), 14.03.2022. «AT AGYNAN ÝERDE TOÝ BOLAR»

Ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Düýn Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça yglan edilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Milli bilim institutynda onlaýn usulda guralan bäsleşige Aşgabat şäheri hem-de welaýatlar boýunça ýeňiji bolan mekdep okuwçylary öz taýýarlan işleri bilen gatnaşdylar. Üç tapgyrda geçirilen bäsleşigiň maksady okuwçylary robot tehnikasy bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, olaryň döredijilik başarnyklaryny, bäsleşige ukyplylyk endiklerini ösdürmekden, ylmy işler bilen meşgullanmaga çekmekden we wajyp meseleleri çözmegiň täze usullaryny ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Jemleýji tapgyra mekdep okuwçylary ylmy-gözleg, taslama, täzeçillik we oýlap tapyjylyk hem-de tehniki döredijilikde konstruktorçylyk, modelirleme we maket taýýarlamak boýunça başarnyklaryny açyp görkezýän, sanly tehnologiýalara esaslanýan işleriniň 60-dan gowragy bilen gatnaşdylar. Hödürlenen işler wajyplygy, meseläniň öwreniliş derejesi, maksady we wezipeleri, ylmy täzeçilligi, amaly gymmatlygy, durmuşda ýa-da önümçilikde ulanmak mümkinçiligi, hiliniň we beýan edilişiniň görkezijileri boýunça bahalandyryldy.

Beýik ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde duran wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly hem aýgytly gadam urmaga borçly edýär. Munuň özi bolsa ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Milli Liderimiz ýokary taýýarlykly, öz işine durky-düýrmegi bilen berlen kämil hünärmenleri ýetişdirmek babatdaky tagallalaryň gerimini mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyna ýygy-ýygydan ünsi çekýär. Hormatly Prezidentimiz fewral aýynyň 11-ine geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Şu günki günde döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlarymyz ähli ugurda ýüki öz üstüne alýar. Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly we çalt özgerýän häzirki zamananyň ýokary talaplaryna mynasyp hötde gelip bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar» diýip, eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljeginiň, beýik ösüşleriniň ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna baglydygyny belledi. Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Ylym umumadamzat jemgyýetiniň ösüşinde ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Ylym, medeniýet, sungat dürli taraplardan çäklendirilmeýän ösüş hasaplanýar. Ýurdumyzyň dünýäniň köp döwle

Kitap — ylmyň açary

Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan güneşli Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler kalplary buýsanja besleýär. Ajaýyp zamanamyzda ynsanyň köňül nagşy, medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa hasam artýar. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalarynyň netijesinde ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim derejesini, dünýägaraýşyny giňeltmek, kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen kitaphanalaryň kitap gaznasy baýlaşýar. Şoňa görä-de, kitaphanalar halkymyzyň maddy we ruhy durmuşyny açyp görkezýän aýna hökmünde ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülýär. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda elektron kitaphanalaryň döredilmegi, internet ulgamynyň elýeterli bolmagy netijesinde dünýä ylmynyň gazananlary, halkymyzyň pähim-paýhasy, asyrlar boýy döreden ruhy gymmatlyklary, genji-hazynasy bilen tanyşmaga täze mümkinçilikler emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegine şert döredýär.

Ylym üstünlikleriň açarydyr

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (TYA) Himiýa institutynyň işgärleri ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetragidratyny almagyň usulyny işläp düzdüler. Bu organiki däl birleşme senagat önümçiliginde, hususan-da, sowadyş ulgamyny — sowadyjy diňleri we suw bilen üpjün edýän geçirijileri poslamadan goraýan reagent hökmünde giňden ulanylýar. Kalsiý nitraty oba hojalygynda azot dökünleri hökmünde ulanylyp bilner. Daşary ýurtly alyjylarda şu maksatlar üçin her ýyl diňe Gyýanly polimer zawodyndan ýüz tonnadan gowrak kalsiý nitratyny satyn alýarlar.

Türkmenistanda azyk senagatynda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek boldy. Hünärmenler şeýle hem bu serişdäni «Berzeňňi» mineral suwuna goşmagy meýilleşdirýärler. Bu iş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döwletimiziň durmuş ugurly strategiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu strategiýa ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygyna, türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga, saglygy goraýyş ulgamynda halkara ölçegleri üpjün etmäge, epidemiologik gözegçiligi güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Çuň guýular üçin gazlift klapany

Bilermenleriň tassyklamaklaryna görä, gyzylreňk çökündiniň aşagynda köp mukdarda uglewodorod serişdeleri bar. Onuň şeýledigini Uzynada käninde 6500 — 7000 metr çuňluga gazylan birnäçe guýular doly subut etdi. Olardan gaz we kondensat öz akymyna çüwdürim görnüşinde çykýar. Wagtyň geçmegi bilen gatlaklaryň güýji peselip, önümiň çüwdürilip çykmagy kesilýär. Häzirki döwürde ulanylýan mehaniki usullary görkezilen çuňlukda gazylan guýularda ulanmak mümkin däl. Geljekde ýüze çykjak şeýle kynçylygy çözmekligiň aladasy şu günlerden edilýär. Guýular çüwdürim kadasy bilen işlemek döwrüni geçirensoň, mehaniki usul ulanylyp başlanýar. Olara gazlift usuly, ştangaly nasos, çuňluga goýberilýän elektrik hereketlendirijili dürli görnüşli nasoslar degişlidir. Bu usullaryň ulanyş çäkleri 4000 metr çuňlukdan geçmeýär. Ştangaly nasosyň ulanyş çuňlugy 2500 metr, guýynyň içindäki önüme çümdürilýän nasoslary 4000 metr çuňluga çenli ulanýarlar. Gazlift usulynyň ulanyş çägi 3500 metr töweregidir. Şeýle çäklendirmeleriň sebäpleri her usul üçin aýratyndyr. Ştangaly nasoslaryň göterijisi bolup durýan uzyn ştanga uly agram düşüp ýolunýar, guýynyň gyşarmasy her 10 metr çuňlukda 1o burçdan artyk bolmaly däl. Şeýle göni guýyny gazmak örän kyn. Elektrik hereketlendirijili çuňluk nasoslaryň kabelleri 3500 metr çuňlukdan aşak goýberilende, gysga wagtda hatardan çykýar, sebäbi onuň örtüginiň düzümine guýy ön

Ylym — paýhasyň, ösüşleriň açary

Dünýäde ylym we tehnika örän tizlik bilen ösýär. Bilim, ylym babatynda gazanylýan üstünlikler halklaryň, ýurtlaryň dostana hem-de birek-birege ynanyşmak arkaly ýeten belent derejeleriniň aýdyň görkezijileridir. Türkmenistanda bilim ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň we halklaryň birek-birege hormat goýmagyna esaslanýar. Umumadamzat we milli gymmatlyklar esasynda şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ýurdumyzda ykdysady, durmuş, kanunçylyk şertleri yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bilim bermegiň usullaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyny belleýär. Milli Liderimiz täze tehnologiýalary döretmekde, önümçiligi ösdürmekde hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ylymda, bilimde, sportda öňdebaryjy ösüşi gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýjüni raýatynyň aň-bilim derejesiniň ösüşinde görýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň we mugallymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäriniň gerekli maglumatlary alyp, peýdalanyp bilmegi üçin internet ulgamynyň giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zehinli, ukyply ýaşlar tejribeli alym-professorlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak mümkinçiliklerini durmuşa geçirip, bilimli, ylymly nesli kemala getirmek maksady bilen ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap şer

Bilgirjä sowal

— Bilgirje, näme üçin uçarlar, köplenç, ak reňkde bolýarlar? — Synlaýan bolsaňyz, uçarlaryň, esasan, ak reňkde bolýandygyna üns berensiňiz. Uçarlaryň ak reňkde bolmagynyň birnäçe sebäpleri bardyr.

Ylym hazynasy

Ajaýyp zamanamyzyň bedew badynyň syry Gahryman Arkadagymyz tarapyndan amala aşyrylýan işleriň her biriniň halkymyzyň geljeginiň bagtyýarlygyna gönükdirilýändigindedir. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösüşleriň täze menzillerine ýetirer. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy. Bu jümlede aýdyň geljegimiziň her bir pursatynyň galkynyşlara beslenjekdiginiň beýany bar.