Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde duran wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly hem aýgytly gadam urmaga borçly edýär. Munuň özi bolsa ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar.
Milli Liderimiz ýokary taýýarlykly, öz işine durky-düýrmegi bilen berlen kämil hünärmenleri ýetişdirmek babatdaky tagallalaryň gerimini mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyna ýygy-ýygydan ünsi çekýär. Hormatly Prezidentimiz fewral aýynyň 11-ine geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Şu günki günde döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlarymyz ähli ugurda ýüki öz üstüne alýar. Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly we çalt özgerýän häzirki zamananyň ýokary talaplaryna mynasyp hötde gelip bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar» diýip, eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljeginiň, beýik ösüşleriniň ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna baglydygyny belledi. Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Ylym umumadamzat jemgyýetiniň ösüşinde ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Ylym, medeniýet, sungat dürli taraplardan çäklendirilmeýän ösüş hasaplanýar. Ýurdumyzyň dünýäniň köp döwletleri bilen ýola goýan syýasy-ykdysady gatnaşyklary ylym dünýäsine-de gönüden-göni degişli bolup durýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ähli ugurdaky düýpli we durnukly ösüşiniň aýratyn bir görkezijisi hökmünde eziz Diýarymyzyň intellektual, ylmy-tehniki we tehnologik mümkinçilikleri baýlaşdyrylýar. Bu ugurda daşary ýurtlar bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işeňňirleşdirmekde, dünýäniň abraýly ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyndan aragatnaşygy ýola goýmakda derwaýys işler alnyp barylýar.