Ylym üstünlikleriň açarydyr

27 Fewral 2022
2390

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (TYA) Himiýa institutynyň işgärleri ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetragidratyny almagyň usulyny işläp düzdüler. Bu organiki däl birleşme senagat önümçiliginde, hususan-da, sowadyş ulgamyny — sowadyjy diňleri we suw bilen üpjün edýän geçirijileri poslamadan goraýan reagent hökmünde giňden ulanylýar. Kalsiý nitraty oba hojalygynda azot dökünleri hökmünde ulanylyp bilner. Daşary ýurtly alyjylarda şu maksatlar üçin her ýyl diňe Gyýanly polimer zawodyndan ýüz tonnadan gowrak kalsiý nitratyny satyn alýarlar.

Beýleki habarlar