Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ylym bir güneşdir

Baýlyk, güýç hem-de ylym... Eger-de siziň öňüňizde şu üçüsini goýup, birini saýla diýseler, haýsysyny saýlardyňyz? Göz öňüne getirýän, arzuw edýän zatlaryňyzy gazanmak — satyn almak üçin derhal baýlyga ýapyşarmydyňyz ýa-da «Güýjüm bolmasa, onça baýlygy göterip bilmerin. Güýjüm ýetse, has köp zat gazanaryn» diýip, güýje topulardyňyz? Ýa-da ikirjiňlenmän, belki-de, köp pikir edeniňizden soňra ylmy saýlardyňyz? Onda men size gadym döwürlerden bäri ähli halklaryň arasynda giňden ýaýran bir hekaýaty gürrüň bereýin.

Döredijilik duşuşygy

9-njy iýunda Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler zalynda ussat halypalaryň, ýaşlaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu duşuşykda halypalar we zehinli ýaşlar çykyş etdiler. Ylymlar güni mynasybetli geçirilen bu duşuşykda ussat halypamyz, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gyzyldan gymmatly halypa-şägirtlik maslahatlary, öwütleri has-da täsirli boldy.  

Bilimli nesil — döwletiň kuwwaty

12-nji iýun — Ylymlar güni «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy. Milli bilim ulgamyny mundan beýläk kämilleşdirmek işlerine-de bu maksatnamada uly orun berlendir. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çagalar baglaryndan başlap, bilim ulgamynyň ähli edaralary — umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri döwrüň ösen innowasion tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Şunda ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň häzirki zaman usuly bolan bakalawr we magistr görnüşleriniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine ornaşdyrylýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da kämilleşmeginde, hünärleriň ýöriteleşdirilen ugurlarynyň düýpli özleşdirilmeginde aýratyn orun eýeleýär.

Ömre ganat, döwre zynat

Bilşimiz ýaly, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmekde ylym ulgamyna aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda jemgyýetiň ösüşine gönüden-göni itergi berýän ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym — häzirki eýýamyň ösüş guraly hökmünde döredijilikli işiň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň baş maksady hem milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesli umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, ýaşlary ylmy işlere işjeň çekmek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim özgertmeleri bilen örän gysga wagtyň içinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümleri ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ylmy esasda işlenilip düzülen we uzak möhletli Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňyn netijelerini görkezýär.

12-nji iýun — Ylymlar güni

YLYM — ÖSÜŞIŇ BINÝADY Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Dünýädäki ähli gazanylan ösüşleriň binýadynda ylmyň durandygy mälimdir. Ylmyň ösmegi döwrüň öňe gitmegini şertlendirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz tarapyndan ylmyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ösüşiniň ygtybarly binýady ylym-bilim bolup durýar.

Ylymlar gününe

Bir okana bar... Ylym dünýäsiniň üsti bilen şöhratly taryhy, buýsançly şu güni, nurana geljegi bilmek we öwrenmek bolýar. Bu sözlerden çen tutup aýdanymyzda, mukaddes muzeý ojaklarynda toplanylan, öwrenilýän taryhy gymmatlyklar her bir raýat üçin ylym hem akyl emlägi bolup hyzmat edýär. Sebäbi her bir gymmatlykda ynsan akyly, zehini, paýhasy, tükeniksiz hem irginsiz zähmeti jemlenýär.

Ylym — Watan kuwwaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Ýurdumyzda möhüm wakalar bolup geçýär, şeýle hem ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerilip, toý-baýramlarymyz giňden bellenilýär. Ine, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň iýun aýynda hem köpsanly baýramlaryň hatarynda Ylymlar güni uly dabaralara beslenip toýlanar. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän bu şanly baýram Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde 2007-nji ýylda esaslandyryldy. Şol döwürde alym Arkadagymyzyň başyny başlan ylmy-tehniki özgertmeleri milli ylym ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminiň kämilleşdirilmegine hem-de ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenmegine, ýokary derejeli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň taýýarlanmagyna, amatly zähmet hem-de iş şertleriniň döredilmegine itergi berdi.

Uly alym we us­sat mu­gal­lym

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler Wa­ta­ny­my­zyň bar­ha ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek­de, döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­ny hal­ka wa­gyz et­mek­de, ýaş­la­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­läp, bi­lim de­re­je­le­ri­ni art­dyr­mak­da ylym-bi­lim iş­gär­le­ri­niň uly hyz­ma­ty bar. Bu ugur­da ýur­du­myz­da gö­rel­de­li zäh­me­ti bi­len ta­nal­ýan us­sat­la­ra hal­ky­myz uly sar­pa goý­ýar. Şeý­le aja­ýyp adam­la­ryň bi­ri, giň­den ta­nal­ýan kär­de­şi­miz Re­jep Ber­di­ýe­wi ýat­lap, onuň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi ba­ra­da oky­jy­la­ra gür­rüň ber­me­gi ma­kul bil­dik. Onuň iş­jeň sy­pat­la­ry, çuň­ňur maz­mun­ly yl­my iş­le­ri, okuw-usu­ly gol­lan­ma­la­ry köp­le­re, esa­san-da, ýaş­la­ra gö­rel­de bo­lup hyz­mat ed­ýär. Re­jep Ber­di­ýew 1931-nji ýyl­da Bä­her­den et­ra­byn­da daý­han maş­ga­la­da ene­den do­gul­ýar. Ol 1946-njy ýyl­da Bä­her­den şä­her­çe­sin­de or­ta mek­de­bi ta­mam­lap, Aş­ga­bat­da­ky iki ýyl­lyk mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­na oku­wa gir­ýär we ony 1948-nji ýyl­da üs­tün­lik­li ta­mam­la­ýar. Şol ýyl hem Bä­her­de­niň 1-nji or­ta mek­de­bin­de türk­men di­li we ede­bi­ýa

Ylym — ösüşiň hereketlendiriji güýji

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy adamzadyň ýaşaýşynda ylymly-bilimli bolmagyň ähmiýetini belläp, «Nesihatym uly ile ylymdyr» diýmek bilen, halkymyza bu ugurdan öz paýyny almagy nesihat edipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana akyldarymyzyň paýhas siňen setirlerini ýörelge edinýän halkymyz ylma jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek — bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň alymlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýýan belent wezipeleridir.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da ýokary depgine eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşini üpjün etmek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda ata Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça maksada okgunly işleriň alnyp barylmagy örän buýsandyryjydyr. Häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli kämil hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilmegi bolsa, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini innowasion esasda ösdürmekde, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda ähmiýetlidir. Şonuň üçinem ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklaryny gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ajaýyp zamanamyzda ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary derejä laýyk bolmagyny we netijede, dünýä derejesindäki ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün edýär.

Wodorod energetikasy barada

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem energetika diplomatiýasydyr. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» işlenip düzüldi we tassyklanyldy. Bu taslamanyň esasy maksady pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek baradaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekden, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan we pugtalandyrmakdan zerur bolan çäreleri amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça milli strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam bermek, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda ösýän we eksporta gönükdirilen wodorod energetika pudagyny döretmek zerur bolup durýar. Bu «Ýol kartasynyň» üstünlikli durmuşa geçirlmegi ýurtda düýpgöter täze we geljegi uly bolan pudagyň döremegine goşant goşar. Hususan-da, soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi netijesinde, geljekde dünýä bazarynda energiýa serişdelerine bolan i

Halkara bäsleşikde gazanylan üstünlik

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iňlis dili hünäriniň I ýyl talyby Begenç Salamatow Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan iňlis dili dersi boýunça geçirilen I halkara internet olimpiadasynda üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. Halkara bilim bäsleşigine dünýäniň 17 döwletinden 600-den gowrak talyp gatnaşdy. Daşary ýurtly mugallymlardyr talyp ýaşlar wideoaragatnaşyk arkaly bu çärä goşuldylar.

Umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy

Adam­zat dur­mu­şyn­da ga­za­ny­lan äh­li üs­tün­lik­ler we ýe­ňiş­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler ylym-bi­li­miň, ösen aňy­ýe­tiň mi­we­le­ri­dir. Hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň türk­men nus­ga­sy tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­ne has ynam­ly go­şu­lyş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, onuň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­si döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de mil­li ylym ul­ga­my özün­de uly müm­kin­çi­lik­le­ri jem­le­ýär. Dün­ýä yl­myn­da ga­za­ny­lan iň tä­ze teh­ni­ka­lar, teh­no­lo­gi­ýa­lar önüm­çi­li­ge, bi­li­me güýç­li dep­gin­de or­naş­dy­ryl­ýar. Yl­my ös­dür­mek, onuň hi­li­ni tä­ze, has ýo­ka­ry sep­git­le­re çy­kar­mak ýur­duň teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek­de, hal­kyň me­de­ni de­re­je­si­ni hem-de mad­dy üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.Ýur­du­myz­da ýaş­la­ra ylym-bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek­de ze­rur bo­lan äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da «Bi­lim ha­kyn­da», «Yl­my iş­gä­riň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da», «Yl­my eda­ra­lar ha­kyn­da», «Döw­let yl­my-teh­ni­ki sy­ýa­sat ha­kyn­da», «Yl­my-teh­no­lo­gi­ýa park­la­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi ýur­du­myz­da yl­myň yg­ty­bar­ly hu­k

Ýaş alymlar geňeşi ylma höwesjeň ýaşlaryň merkezi

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, maksada okgunly we kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri babatynda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ylaýta-da, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň döwrebap derejede bilim alyp, Türkmenistanyň dürli pudaklarynda geljekde netijeli zähmet çekjek ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şeýle hem, talyplaryň arasyndan ylma höwesjeň, zehinli, başarjaň ýaşlary saýlap almak hem-de olary ylma atarmak, oýlap-tapyşlara ugrukdyrmak üçin ýurdumyzyň ylym ojaklary, ýokary okuw mekdepleri we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan toplumlaýyn çemeleşilýär. Şol mynasybetli, 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi döredildi. Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleri we ylmy institutlary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem halypa-şägirtlik mekdebini ýola goýmak maksady bilen jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilen Ýaş alymlar geňeşi hereket edýär. Meýilnamalarda göz öňünde tutulyşy ýaly, Ýaş alymlar geňeşi tarapyndan institutyň ylmy gurnaklarynyň işiniň kämilleşdirilmegine ýardam bermek, zehinli talyp ýaşlary ylmy-barlag, ylmy taslama we ylmy-döredijilik işlerine çekmek, yl

Seýisçiligiň ylmy beýany

Döwür bilen deň gadam basýan ylmyň we tejribäniň gazanan netijelerini beýan edýän gyzykly maglumatlar kitaplarda jemlenendir. Ýakynda şeýle kitaplaryň ikisi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýardam bermeginde çap edildi. «Aty saýlamagyň düzgünleri», «Ahalteke atlaryna çylşyrymly tilsimleri öwretmegiň sungaty» atly ylmy-amaly gollanma bolan bu ylmy kitaplaryň awtorlary Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew hem-de S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Myrat Rejepgulyýewdir. «Aty saýlamagyň düzgünleri» atly ylmy-amaly gollanmada atlaryň daşky beden gurluşy, olaryň kuwwatlylygy, ýyndamlygy ýaly fiziki häsiýetleri, olary saýlap-seçmek babatda maglumatlar berilýär. Gollanma ahalteke atlaryny seçgi-tohumçylyk işlerinde saýlap almakda, şeýle hem atçylyk we weterinar lukmançylygy hünärleriniň talyplary, atçylyk hünärmenleri, zoologlar we zootehnikler üçin peýdaly bolar.

Sanly ulgamda daş asyry

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda dürli ugurlarda nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary... ýaly täze innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglanyşykly döwrebap täze usullaryň gerimi, olaryň durmuşymyza ýetirýän oňaýly täsiri uly ähmiýete eýedir. Bilimde, ylymda we medeniýetde hem olaryň häzirki zaman ösüşine saldamly goşandy bardyr. Şu nukdaýnazardan, taryh ylmynda, aýratyn-da, arheologiýada sanly ulgam arkaly degişli informasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Şunda dürli hili tapyndylaryň maglumat toplumyny döretmek wajyp meseledir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň daş tapyndylarynyň maglumat binýadyny döretmek hem olary sanly ulgama ornaşdyrmak meselesi ýola goýulýar we ençeme arheologik nusgalaryň esasynda sanly ulgam arkaly işi taýýarlamaga girişildi. Meselem, daş tapyndylaryň görnüşi hakynda sanly maglumat toplumyny döretmek, onda öwrenilýän suratly zerur maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Tapyndynyň görnüşine görä, dürli alamatly arheologik maglumatlar, şol sanda onuň ulanylyş taýdan dürli adalgalary bar. Haýsy welaýatyň, etrabyň ýa-da ýadygärligiň çäginde tapylandygy barada geografiki maglumaty — meýdan arheologiýanyň maglumatlaryny: tapyndynyň ýerüsti ýa-da ýerastydygyny bellemek we ol zadyň ilki nirede görlendigini ýazmak möhümdir.

Ylym bagtyň açarydyr

 «7-24.tm», № 20 (103), 16.05.2022  Ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýar. Ylym öwrenmek, bilimiňi baýlaşdyryp, Watan üçin bähbitli açyşlary etmek, milli ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşmak, hünäriňi kämilleşdirmek sogaply iş hasaplanylýar. Geçmişini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan merdana türkmen halky «Ylym – akylyň ýarysy», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize – guwanç» ýaly halk nakyllaryny, atalar sözüni döredip, gadymy döwürlerden bäri ylymdyr bilime aýratyn uly üns beripdirler. Ylym-bilim adamzat aňyny, jemgyýeti öňe alyp barýan güýçdür, şamçyragdyr.

Ylym — kämilligiň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň il-ýurt bähbitli ýol-ýörelgelerini doly kemala getirmekde, ony milli aňyýetiň mazmunyna ornaşdyrmakda we halkyň ruhy ýaşaýşyna oňyn täsir etmekde ylym-bilimiň örän uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär we ýaş hünärmenler kemala gelýär. Bu günki ýaşlara gadymdan gelýän milli ýörelgelerimiz ylmy esasda öwredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly türkmen jemgyýetiniň durmuşyna ýalkym çaýýar. Taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda, ata-babalarymyzyň ösen medeniýetleri döredendiklerine, ylym-bilimiň ösmegine goşant goşandyklaryna, döredijilikli ýaşamagy başarandyklaryna aýdyň göz ýetirýärsiň. Ruhy tämiz, kalby päk, ahlagy arassa, dünýägaraýşy giň, süýji dilli, halallygy hemişe özüne ýaran edinen ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň ýurtda amala aşyrýan beýik işleriniň özenini düzýär. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde kämil terbiýäniň, kämil bilimiň binýady dilden, sözleýiş medeniýetinden başlanýar. Sebäbi ynsan gözelligi şirin dilden, kalby päklikden gözbaş alýar. Ýaşlarda ene dilimize söýgi döretmek, olaryň köp dil bilmeklerini üpjün etmek häzirki döwrümiziň möhüm wezipesidir. Şeýle hem ýaşlara häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny öwretmegiň ähmiýeti uludyr. Bu tehnologiýalar ýaşlaryň kämil hünä

Belent üstünlikleriň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, ylym, bilim ulgamlaryny ýokary derejelere götermekde, täze tehnologiýalary we innowasiýalary önümçilige ornaşdyrmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylmy-tehniki ulgamynyň ýagdaýynyň seljerilmesi ylmy barlaglaryň derejesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň, olaryň netijelerini ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylmagyny üpjün etmegiň, Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan ugurlaryny aýdyňlaşdyrmagyň hem-de döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny görkezýär.

Ylym äleminde giň ýol

Öňde bir akyldar kişi kowum-puşduna: «Eger-de ýaşaýyş-durmuş aladaňyz bary-ýogy bir ýyllyk bolsa, bugdaý ekiň, eger ol 5 — 10 ýyllyk bolsa miweli, ir-iýmişli baglary ýetişdiriň. Aladaňyz has uzagyny — ýaşaýyş-durmuş ýörelgäňiziň dowamat-dowam bolmagyny nazarlaýan bolsa, onda özüňize mynasyp nesli kemala getiriň. Oňa hat-sowat, ylym-bilim hem edep-terbiýe beriň» diýip wesýet edipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem halkymyzyň milli ýörelgelerine ygrarlylyk bilen, ýaş nesliň kämil ylym-bilimli, döwrebap düşünjeli hem giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmegi ugrundaky tagallalar üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa üstümizdäki «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginiň deslapky saýlama tapgyrlarynyň ýokary guramaçylykda geçirilendiginiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Döwlet derejesindäki bäsleşigiň düzgünleri, onuň ýaş alymlary ýüze çykarmakdaky ähmiýeti we beýleki aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat KERIÝEWE öz sowallarymyz bilen ýüz tutduk. — Ýazpolat, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunç