Ylym äleminde giň ýol

6 Maý 2022
1948

Öňde bir akyldar kişi kowum-puşduna: «Eger-de ýaşaýyş-durmuş aladaňyz bary-ýogy bir ýyllyk bolsa, bugdaý ekiň, eger ol 5 — 10 ýyllyk bolsa miweli, ir-iýmişli baglary ýetişdiriň. Aladaňyz has uzagyny — ýaşaýyş-durmuş ýörelgäňiziň dowamat-dowam bolmagyny nazarlaýan bolsa, onda özüňize mynasyp nesli kemala getiriň. Oňa hat-sowat, ylym-bilim hem edep-terbiýe beriň» diýip wesýet edipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem halkymyzyň milli ýörelgelerine ygrarlylyk bilen, ýaş nesliň kämil ylym-bilimli, döwrebap düşünjeli hem giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmegi ugrundaky tagallalar üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa üstümizdäki «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginiň deslapky saýlama tapgyrlarynyň ýokary guramaçylykda geçirilendiginiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Döwlet derejesindäki bäsleşigiň düzgünleri, onuň ýaş alymlary ýüze çykarmakdaky ähmiýeti we beýleki aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat KERIÝEWE öz sowallarymyz bilen ýüz tutduk.

— Ýazpolat, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Söhbetdeşligimiziň başynda bäsleşigiň maksady, ýaş alymlara we olaryň ylmy işlerine bildirilýän talaplar, şeýle hem onuň şu ýylky geçirilişiniň aýratynlyklary dogrusynda durup geçäýeliň!

Söhbetdeş bolan Aýsenem GURBANOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar