Uly alym we us­sat mu­gal­lym

7 Iýun 2022
1951

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler Wa­ta­ny­my­zyň bar­ha ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek­de, döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­ny hal­ka wa­gyz et­mek­de, ýaş­la­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­läp, bi­lim de­re­je­le­ri­ni art­dyr­mak­da ylym-bi­lim iş­gär­le­ri­niň uly hyz­ma­ty bar. Bu ugur­da ýur­du­myz­da gö­rel­de­li zäh­me­ti bi­len ta­nal­ýan us­sat­la­ra hal­ky­myz uly sar­pa goý­ýar. Şeý­le aja­ýyp adam­la­ryň bi­ri, giň­den ta­nal­ýan kär­de­şi­miz Re­jep Ber­di­ýe­wi ýat­lap, onuň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi ba­ra­da oky­jy­la­ra gür­rüň ber­me­gi ma­kul bil­dik. Onuň iş­jeň sy­pat­la­ry, çuň­ňur maz­mun­ly yl­my iş­le­ri, okuw-usu­ly gol­lan­ma­la­ry köp­le­re, esa­san-da, ýaş­la­ra gö­rel­de bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Re­jep Ber­di­ýew 1931-nji ýyl­da Bä­her­den et­ra­byn­da daý­han maş­ga­la­da ene­den do­gul­ýar. Ol 1946-njy ýyl­da Bä­her­den şä­her­çe­sin­de or­ta mek­de­bi ta­mam­lap, Aş­ga­bat­da­ky iki ýyl­lyk mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­na oku­wa gir­ýär we ony 1948-nji ýyl­da üs­tün­lik­li ta­mam­la­ýar. Şol ýyl hem Bä­her­de­niň 1-nji or­ta mek­de­bin­de türk­men di­li we ede­bi­ýat mu­gal­ly­my bo­lup işe baş­la­ýar. Ýaş mu­gal­lym soň bi­li­mi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ga­ýy­ba­na bö­lü­mi­ne oku­wa gi­rip, onuň do­ly kur­su­ny 1951-nji ýyl­da ta­mam­la­ýar. Taý­ýar­lyk­ly mu­gal­lym bo­la­ny üçin, ol Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­ne ibe­ril­ýär. R.Ber­di­ýew bir ýyl­dan soňra, şol wagtky Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Dil we ede­bi­ýat ins­ti­tu­ty­nyň as­pi­ran­tu­ra bö­lü­mi­ne oku­wa gir­ýär. Ýaş as­pi­rant rus aly­my, pro­fes­sor N.A.Bas­ka­ko­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da «Hä­zir­ki za­man türk­men di­lin­de goş­ma söz­ler» di­ýen te­ma­dan kan­di­dat­lyk dis­ser­ta­si­ýa­sy­ny taý­ýar­lap, ony 1955-nji ýyl­da üs­tün­lik­li go­ra­ýar we fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty di­ýen alym­lyk de­re­jä my­na­syp bol­ýar.

Aman­mu­ham­met NUR­MU­HAM­ME­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň baş yl­my iş­gä­ri, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.
Beýleki habarlar